ANNA BABAJANYŇ GÜRRÜŇLERI
Sungat diýlen düýpsüz ummany boýlan, il-halkyna şirin aýdym-sazlary bilen hyzmat eden, gül Watanymyzy, gözel durmuşy öz aýdymlarynda wasp eden saýrak dilli bagşylaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Anna Babajanowdyr. Bu mähriban adam bilen, şeýle hem onuň egindeşleri — Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ata Orazow, bagşy Amandurdy Güjükow bilen maňa 1997-1998-nji ýyllarda Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň ýanyndaky bagşylar öýünde bile işleşmek nesip etdi. Bagşylar öýümiz gelim-gidimliň, saz-söhbetiň ojagydy. Ýaşuly halypalar aýdym-saza höwesek ýaşlara bagşyçylygyň inçe tilsimlerini öwredýärdiler.