"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

Işewürligi, kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak arkaly, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipelerdir. Olaryň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistana hususy we daşary ýurt maýa goýumlarynyň goýulmagyny mundan beýläk-de höweslendirmek üçin maýa goýumlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Munuň üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Bu ýerden sargyt edip gördüňizmi?!

Eger şeýle bolmasa, sargap görüň! Milli hem döwrebap, hamyrly we gyzgyn, mangal we tiz tagamlaryň, şeýle-de daşary ýurt aşhanalarynyň naharlarynyň tagamlaryny hem-ä amatly bahadan, hemem tiz wagtyň içinde dadyp görmek size bagly. Sargytlaryňyz ýanyna myhman paý hem goşulyp, sanlyja minutyň dowamynda diýen ýeriňizde peýda bolýar. Biziň gürrüňimiz Gaýgysyz Agabaýew tarapyndan 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda esaslandyrylan halkymyza jemgyýetçilik iýmitini taýýar görnüşde hödürläp gelýän «Gaýgysyz market» hakynda. Tagamlaryň dürli görnüşlerini sargyt esasynda degişli salga eltip bermek hyzmatyny göwnejaý ýola goýan işewürleriň daş ýarýan dogumynyň hemem eli süýji aşpezleriň tagam taýýarlamakdaky ussatlygynyň gürrüňi indi gum içine-de aýlanyberipdir. Ýogsa näme, ussat aşpezleriň bişiren tagamyndan dadyp görmek isleýänler indi gumuň, çölüň içinden sargyt edip bilýän bolsa, hut şeýle bolaýmalam.

«Hurma» kafe

Beýlekileriňkä meňzemeýän täsin dizaýny bilen köpleriň ünsüni çekmegi başaran bu kafe barada siz eýýäm eşiden bolmagyňyz mümkin. Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Hurma» kafesinde müşderiler üçin gerek bolan hyzmatlaryň ählisi jemlenendir. Tejribeli ofisiantlar, internet hyzmaty, iň esasy hem, awtoduralganyň bolmagy bu ýere gelmek üçin amatly şertleriň esasylarydyr. Müşderileriň söýgüsini gazanmagy başaran bu kafeniň tagamnamasynda dürli görnüşli owadan bezelen ertirlikleriň, çorbalaryň, mangallaryň, pizzalaryň, hamyrly naharlaryň, garnirleriň, işdäaçarlaryň, desertleriň, pideleriň, köz dönerleriniň hem-de olar bilen bir hatarda çaý, kofe, freş, limonad, kokteýl ýaly içgileriň köp görnüşleri taýýarlanylýar. Isleg bildirilen tagamlar ussat aşpezler tarapyndan döredijilikli, owadan, gözegelüwli görnüşde taýýarlanylyp äberilýär.

«Markow» kofe

Ylmy tehnologiýanyň döwri hasaplanylýan üstümizdäki asyrda kofe bilen bagly gürrüňleriň juda köp bolmagy jemgyýetiň arasynda hoşboý ysly, özboluşly bu tagama bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen bagly bolup biler. Bu önüme bolan islegiň netijesinde soňky ýyllar kofe önümçiligi barha pajarlaýar. Dünýäde iň uly kofe öndürijileri diýlende, Braziliýa, Indoneziýa, Efiopiýa, Wýetnam ýaly birnäçe ýurtlar hakynda eşidendiris, ýöne biziň bu gezekki gürrüňimiz olar barada bolman, Merkezi Aziýada iň iri kofe öndürijisi hökmünde tanalýan «Toýly» hojalyk jemgyýetiniň «Markow» haryt nyşanly kofeleri hakyndadyr. 1990-njy ýylda esaslandyrylan «Toýly» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde 2019-njy ýylda açylan «Markow» haryt nyşanly köp görnüşli, ýokary hilli kofe önümçiligini amala aşyrýan bu kärha­nada häzirki wagtda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda iň iri kofe önümçiligi bilen meşgullanýan bu hojalyk jemgyýetinde 1/3 kofesiniň nusgawy, kapuçino, mokka, latte we hoz tagamly ýaly kofe önümleriniň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Önümçilikde Indoneziýadan, Malaýziýadan, Awstraliýadan, Türkiýeden we Wýetnamdan getirilýän tebigy kofe däneleri ulanylýar. Sarp edijiler tarapyndan köp isleg bildirilýän bişen kofe dänesini öndürmek üçin bolsa önümçilikde Indoneziýa, Efiopiýa, Keniýa, Braziliýa, Wýetnam ýaly ýurtlardan saýlanan kofe däneleriniň dürli görnüşlerinden peýdalanylýar.

«Erkin miweçilik»: uly üstünliklerden täze sepgitlere

Eziz Diýarymyzyň telekeçileri soňky ýyllarda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda hem uly işjeňlik görkezýärler. Olaryň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda miweleriň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýan «Erkin miweçilik» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri hem bu hakykata aýdyň mysaldyr. 2015-nji ýylda bu hususy kärhana daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak maksady bilen, üzümi, miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin Mary welaýatynyň çäginden 300 gektar ýer bölegi uzakmöhletleýin kärendesine berilýär. Işjanly işewürleriň yhlasy esasynda köpden bäri ulanylman ýatan ýerler özleşdirilip başlanýar. 2017-nji ýylda telekeçiler ekin ýerleriniň 40 gektaryna daşary ýurtdan getirilen almadyr garaly nahallaryny, 40 gektaryna bolsa ýerli hem-de daşary ýurt üzümlerini, galan bölegine bolsa gawun, garpyz we gök-bakja ekinlerini ekdiler.

Polşada özbek dokma önümleriniň dükany hyzmat edip başlady

Warşawa şäherinde ýerleşýän «EACC» söwda merkezinde Özbegistan Respublikasynyň «Bonito Jeans» dokma kompaniýasynyň «Mod Kids» brendiniň söwda dükany açyldy. Söwda dükanynyň açylyş dabarasyna Özbegistanyň Polşadaky ilçisi Amirsaid Azamhujaýew hem-de iki ýurduň dokma senagaty pudagynda iş alyp barýan hünärmenler gatnaşdylar.

Telekeçilige — giň ýol!

Ýurdumyzyň altyn gaznasy Dogrusy, telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllarynda peýda bolup, indi ol müňlerçe işdeşlerimiziň kesp-kärine öwrüldi. Hakyky, telekeçi üçin bu kär ýeňil kär däl. Onuň aladasam, hysyrdysam ýetik bolup, ol hemişe ýöredýän işiniň telekesini etmeli bolýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ugurdygyny guwanç bilen ýatlamaga haklydyrys. Ýaňy--ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy bellenilip geçildi. Şol günler täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi guwanjymyzy goşalandyrdy.

Ezber elli tikinçiler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatda edýän bimöçber tagallalaryna öndürijilikli zähmet bilen jogap berýän hususy düzümleriň biri-de Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän, 2021-nji ýylda esaslandyrylan «Dowamly özgeriş» tikinçilik kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada ezber elli tikinçi gelin-gyzlaryň 40-dan gowragy zähmet çekmek bilen, esasan, çagalardyr ýetginjekler, uly adamlar üçin döwrebap nusgadaky penjekdir jalbarlary, beýleki dürli egin-eşikleri taýýarlaýarlar. Berdimyrat Ýediýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu önümçilik düzüminiň agzybir tikinçileri pasyllara görä önüm öndürmek bilen, müşderileriň ösen islegini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Olar häzirki wagtda ýaz we tomus möwsümi üçin egin-eşikleri taýýarlap başladylar. Şunda tikinçileriň tikýän eşikleriniň hiline, biçüwine aýratyn üns berýändiklerini bellemeli. Bu ýerde zähmet çekýänleriň agramly böleginiň ýaşlar bolmagy täzeçe işlemäge, bazarda geçginli harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär.

«YONEKEY» mobil goşundysynda mugt dükan açmak mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň ähli künjegindäki adamlar üçin Hytaýdan dürli görnüşli harytlary iň arzan bahalardan sargyt etmäge mümkinçilik berýän «Yonekey» ykjam goşundysynda täze hyzmat işläp başlady. Indi islendik telekeçi «Yonekey» ykjam goşundysynda öz onlaýn dükanyny açyp, satýan harytlaryny ýerleşdirip biler. 150 müňden gowrak ulanyjysy bolan «YONEKEY» platformasy söwdany artdyrmaga ýardam etjek bu hyzmatdan peýdalanmaga çagyrýar.

«Arkaç» — milliligiň we döwrebaplygyň birleşýän ýeri

17-nji martda döwrebap binägärlik keşbi bilen paýtagtymyzyň görküne görk goşýan durmuş maksatly ýene bir täze bina açyldy. Işewürlik merkezli, ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi ýakyn wagtda işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Milli we döwrebap dizaýny özünde jemleýän bu ajaýyp binada ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi. Täze açylan binada işe başlanlaryň aglabasynyň ýaşlardan ybarat bolmagy guwandyryjydyr. mumy meýdany 4,7 gektara barabar bolan «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär. «Ussat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Olardan başga-da, bu ýerde oýun meýdançalary, kino zallary, çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäklerinde

Aman NURALYÝEW, «Türkmen berk-metal» hususy kärhanasynyň marketing bölüminiň hünärmeni:

Baş maksat – ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek

Halkymyzyň giňden ýazylan saçaklaryny bezemekde süýji hem-de köke önümleri örän ähmiýetlidir. Birek-biregiň doglan günlerini, şatlykly senelerini şol datly önümler bilen gutlamak has-da ýakymly. Ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna, dükanlaryna aýlananyňda, ýokary hilli süýji önümleriniň ençemesiniň öndürilip, alyjylara hödürlenýändigine oňat göz ýetirýärsiň. Munuň şeýledigine «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýeti hem aýdyň mysal bolup biler. Işe başlanyna kän ýyl bolmadyk hem bolsa özüniň tagamly kökeleridir waflileri bilen bu hojalyk jemgyýeti halkymyzyň uly isleglerine mynasyp boldy. Söwda merkezlerine baranymyzda, «Kilwanyň» önümlerine ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Bu bolsa olaryň gysga wagtyň içinde tutanýerli zähmeti bilen halkymyzyň söýgüsini gazanandygyndan habar berýär. Sarp edijilere hödürlenýän bu harytlar özleriniň datlylygy, bäsdeşlige ukyplylygy, gelşikli gaplara gaplanmagy bilen özüne çekýär. Bu ýerde ilkibaşda diňe «Seýrana», «Altyn däne», «Pasyllar» atly şekerli kökeler öndürilip başlanam bolsa, häzirki wagtda önümleriň görnüşleriniň sany 100-e golaýlady. Olardan «Wasp» karamel huruşly şokolad örtülen petir kökesi, «Mardop» zefir huruşly şokolad örtülen petir kökesi, «Kesp» huruşly şekerli kökesi, «Rende» huruşly şekerli kökesi öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, beýleki önümlere hem müşderiler

«Müşderileriň üstünligi — biziň üstünligimiz»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir güni uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda diňe bir dürli önümçilik desgalaryny, bilim ojaklaryny, edara-kärhanalary daşary ýurtlaryň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak işlerine däl, eýsem, tehnologiýa önümçiligini öz ýurdumyzda ýola goýmaga hem aýratyn üns berilýär. Şeýle işlere mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasydyr. Bizem bu kärhananyň esaslandyryjysy Hanmämmet Mollakow bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamagyň we tehnologiýalary öndürmegiň mümkinçiliklerine nazar aýladyk. — Söhbetdeşligimiziň başynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň esaslandyrylyşy we ilkinji üstünlikleri barada gürrüň beräýseňiz!

Telekeçileriň giň gerimli sergisi hususy pudagyň köpugurly mümkinçiliklerini görkezdi

17 — 19-njy martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük sergi guraldy. Onuň çäklerinde maslahat hem geçirildi. Bu çäreler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlandy. Bu ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň 230-dan gowragy öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň arasynda sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar. Sergide ähli pudaklaryň bölümlerinde diýen ýaly görkezilýän «täze önüm», «importyň ornuny tutýan önümçilik» ýa-da «innowasion tehnologiýa» ýaly aýratynlyklara laýyk gelýän köp sanly önümler hem bu ugurda gazanylan üstünlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär. Diwarlyklarda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, hünär taýýarlygynyň dürli ugurlary boýunça okuw taslamalaryny amala aşyrýan Telekeçiler mekdebi, «Bäsdeş» söwda öýi, «Birleşme gurluşyk» birleşigi, ýurdumyzdaky ilkinji hususy neşir bolan «Rysgal» gazeti barada maglumatlar ýerleşdirilipdir.

Lebaply telekeçileriň täze sepgitleri

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň maslahaty bolup geçdi, şeýle hem olaryň öndürýän önümleriniň sergisi guraldy. Biziň welaýatymyzyň telekeçileriniň uly topary hem maslahata gatnaşdy we sergide öz önümlerini görkezdi. Bu möhüm wakalar mynasybetli birleşmäniň welaýat bölüminiň başlygy Şöwket Kerimberdiýew bize şeýle gürrüň berdi: — Maslahatyň geçýän günlerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini beýan edýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdylyşy ýaly, bu gün döwletimiziň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr. Olar döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportuny yzygiderli artdyrmak arkaly halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Telekeçilige — giň ýol

Täze kärhanalar işe girizildi Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde döwlete dahylsyz çygyr bolan hususyýetçiligiň saldamly goşandy ýylsaýyn artdyrylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza hususyýetçileriň il-gün bähbitli tagallalary ýerine düşýär. Döredilenine 16 ýyl dolan birleşmä agza telekeçileriň Garaşsyz döwletimiziň ösüş-özgerişleriniň rowaçlanmagyna goşantlary guwandyrýar.

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny açyp görkezýär. Sergiler merkeziniň giň zalynda joşgunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Sergä gatnaşyjylarydyr myhmanlary döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Telekeçilige döwlet goldawynyň miweleri

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde iş alyp barýan hususy düzümleriň 230-dan gowragyny bir ýere jemläp, üç gün dowam eden sergi öz işini tamamlady. Bu waka bilen baglanyşykly geçirilen maslahat hususy pudakda geçen döwrüň dowamynda gazanylan üstünliklere ser salyp, geljekde öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy. Özara tejribe hem pikir alyşmagyň, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň amatly meýdançasyna öwrülen serginiň dowamynda telekeçilerimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň giň toplumlary, olaryň önümçiliginde ornaşdyrylýan täze innowasion usullar bilen tanyşdyrdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň diwarlyklaryna hem giň orun berlipdir. Şolaryň hatarynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde bina edilen hem-de gurluşygy dowam edýän binalaryňdyr desgalaryň şekil taslamalaryny synlanyňda, döwrebap şäherlerimiziň barha gözelleşýän keşbine buýsanjyň artýar. «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynyň «Gerim» haryt nyşany bilen öndürýän, elektrik energiýasynyň geçirilmeginde ulanylýan izolirlenen gurnama kabelleriniň we dürli ululykdaky simleriň önümçiligindäki üstünlikleri-

Döwrebap söwda merkezi halkyň hyzmatynda

Aşgabat şäheriniň gözelligine gözellik goşýan ýene-de bir ajaýyp söwda merkezi 17-nji martda açylyp ulanmaga berildi. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlup ulanmaga berlen bu ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi binagärligiň ajaýyp keşbini özünde jemleýär. Bu täze toplum işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý hem-de bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän merkezine öwrüler we bu ýerde täze iş orunlarynyň ýüzlerçesi dörediler. Birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik keşbinde ýerine ýetirilen desga şäheriň bu künjeginde özboluşly sazlaşygy kemala getirýär. Söwda merkeziniň dükanlary ýokary hilli harytlar bilen doldurylyp, bu ýere gelenleriň islegini doly kanagatlandyrýar. Merkezi binanyň gapdalynda umumy binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşýan işewürlik merkezi gurlupdyr. Umumy meýdany 25 müň inedördül metrden gowrak bolan 12 gatly täze işewürlik toplumynda binagärligiň häzirki zaman gazananlary we däp bolan milli usullary sazlaşykly utgaşýar. Binanyň agşamky görnüşi dürli yşyklandyryjylar bilen aýratyn gözel görnüşe eýe bolup, görenleriň göwünlerini galkyndyrýar. Söwda merkeziniň töweregindäki ýaşyl zolaklar gözel keşpli bu binany has-da owadan görkezýär. Merkeziň ikinji gatyndan onunjy gatyna çenli aralykda ýerleşdirilen iş otaglary häzirki zaman tehnologik enjamlar

Döwrebap desgalar halkyň hyzmatynda

Milli ykdysadyýetiň düzüminde paýy barha artyp, daşary ýurtlardan getirilýän we eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde, ilata ýokary derejeli hyzmatlary ýola goýmakda uly tejribe toplan işewür düzümleriň 29 müňden gowragyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy özboluşly baýramçylyk ruhuna beslendi. 17-nji martda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda dabaraly ýagdaýda açylan işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi ak mermerli Aşgabadyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üstüni ýetirýär. Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän döwrebap toplum birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Söwda merkeziniň köp sanly dükanlaryndaky haryt bolçulygyny synlap, soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da ýokarlanandygyna, telekeçilik düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejelere ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Dükanlardan başga-da, toplumyň düzüminde oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar