Ezber elli tikinçiler

26 Mart 2024
1055

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatda edýän bimöçber tagallalaryna öndürijilikli zähmet bilen jogap berýän hususy düzümleriň biri-de Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän, 2021-nji ýylda esaslandyrylan «Dowamly özgeriş» tikinçilik kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada ezber elli tikinçi gelin-gyzlaryň 40-dan gowragy zähmet çekmek bilen, esasan, çagalardyr ýetginjekler, uly adamlar üçin döwrebap nusgadaky penjekdir jalbarlary, beýleki dürli egin-eşikleri taýýarlaýarlar.

Berdimyrat Ýediýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu önümçilik düzüminiň agzybir tikinçileri pasyllara görä önüm öndürmek bilen, müşderileriň ösen islegini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Olar häzirki wagtda ýaz we tomus möwsümi üçin egin-eşikleri taýýarlap başladylar. Şunda tikinçileriň tikýän eşikleriniň hiline, biçüwine aýratyn üns berýändiklerini bellemeli. Bu ýerde zähmet çekýänleriň agramly böleginiň ýaşlar bolmagy täzeçe işlemäge, bazarda geçginli harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).