Döwrebap söwda merkezi halkyň hyzmatynda

19 Mart 2024
1361

Aşgabat şäheriniň gözelligine gözellik goşýan ýene-de bir ajaýyp söwda merkezi 17-nji martda açylyp ulanmaga berildi. Paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlup ulanmaga berlen bu ajaýyp bina — işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi binagärligiň ajaýyp keşbini özünde jemleýär. Bu täze toplum işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý hem-de bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän merkezine öwrüler we bu ýerde täze iş orunlarynyň ýüzlerçesi dörediler. Birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik keşbinde ýerine ýetirilen desga şäheriň bu künjeginde özboluşly sazlaşygy kemala getirýär. Söwda merkeziniň dükanlary ýokary hilli harytlar bilen doldurylyp, bu ýere gelenleriň islegini doly kanagatlandyrýar.

Merkezi binanyň gapdalynda umumy binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşýan işewürlik merkezi gurlupdyr. Umumy meýdany 25 müň inedördül metrden gowrak bolan 12 gatly täze işewürlik toplumynda binagärligiň häzirki zaman gazananlary we däp bolan milli usullary sazlaşykly utgaşýar. Binanyň agşamky görnüşi dürli yşyklandyryjylar bilen aýratyn gözel görnüşe eýe bolup, görenleriň göwünlerini galkyndyrýar. Söwda merkeziniň töweregindäki ýaşyl zolaklar gözel keşpli bu binany has-da owadan görkezýär. Merkeziň ikinji gatyndan onunjy gatyna çenli aralykda ýerleşdirilen iş otaglary häzirki zaman tehnologik enjamlar bilen üpjün edilipdir. Işewürlik duşuşyklaryny we dürli çäreleri geçirmek üçin hem bu ýerde ähli şertler döredilipdir. Iň aşaky we birinji gatda dükanlar, on birinji we on ikinji gatlarda, degişlilikde, tehniki hyzmat ediş bölümi we döwrebap restoran ýerleşdirilipdir. 330 we 146 orunlyk açyk asmanyň astyndaky we ýerasty awtoduralgalar, 400 orunlyk köp gatly duralga ilata gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary hödürleýär.

Altyn SARYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».