Bu ýerden sargyt edip gördüňizmi?!

1 Aprel 2024
1010

Eger şeýle bolmasa, sargap görüň! Milli hem döwrebap, hamyrly we gyzgyn, mangal we tiz tagamlaryň, şeýle-de daşary ýurt aşhanalarynyň naharlarynyň tagamlaryny hem-ä amatly bahadan, hemem tiz wagtyň içinde dadyp görmek size bagly. Sargytlaryňyz ýanyna myhman paý hem goşulyp, sanlyja minutyň dowamynda diýen ýeriňizde peýda bolýar.

Biziň gürrüňimiz Gaýgysyz Agabaýew tarapyndan 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda esaslandyrylan halkymyza jemgyýetçilik iýmitini taýýar görnüşde hödürläp gelýän «Gaýgysyz market» hakynda. Tagamlaryň dürli görnüşlerini sargyt esasynda degişli salga eltip bermek hyzmatyny göwnejaý ýola goýan işewürleriň daş ýarýan dogumynyň hemem eli süýji aşpezleriň tagam taýýarlamakdaky ussatlygynyň gürrüňi indi gum içine-de aýlanyberipdir. Ýogsa näme, ussat aşpezleriň bişiren tagamyndan dadyp görmek isleýänler indi gumuň, çölüň içinden sargyt edip bilýän bolsa, hut şeýle bolaýmalam.

Bägül BERDIÝEWA,
«Biznes reklama».