"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Älem sazlaşygynyň nepis nusgasy

Türkmeniň halyçylyk sungaty gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol halkymyzyň gelip çykyşy, ösüş taryhy we ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşykly öwüşginleri özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň ýiti zehininden, ýadawsyz zähmetinden kemala gelen nepis halylarymyz bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Halyçylyk sungaty halkymyzyň dünýägaraýşyny, geçmiş taryhyny, häzirki döwrüne buýsanjyny we nurana geljek baradaky ajaýyp arzuwyny özünde jemleýär. Sünnälik bilen dokalýan haly gölleriniň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň esasy bezegine öwrülmeginde çuňňur many bar. Ol türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini alamatlandyrmak bilen, bu nyşanlar ajaýyplyga gyzyklanmalary äşgär edýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Türkmen halysynyň milli muzeýinde gadymy hem häzirki zaman halylarynyň mynasyp orun almagy daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylary, jahankeşdeleri haýran galdyrýar. Türkmen halylaryny öwrenen rus alymy S.Dudin nepis milli sungatymyzyň ajaýyp nusgalarynyň jahanda iň gadymy haly eserleri bolup durýandygyny bellemek bilen, olaryň meşhur pars halylaryndan has irki döwürde peýda bolandygy we türkmen halyçylygynyň öz ýoly bilen kämilleşendigi baradaky pikiri öňe sürýär.

Göllerinde Gün dogar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen halkynyň taryhyna zynat berýän milli gymmatlyklarymyz mukaddeslik derejesinde sarpalanýar. Türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen, gözelligi we nepisligi bilen meşhurlyk gazanan milli halyçylyk sungatymyz hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen milli sungatymyzdyr. Haly — halkymyzyň milli buýsanjy. Ol iňňän çeperçilik we ussatlyk bilen döredilýär. Haly ata-babalarymyzyň ruhy ahwalyndan, belent ylmy aň-düşünjesinden, pelsepewi garaýyşlaryndan kemala gelen gymmatly mirasymyzdyr. Halylar öýlerimiziň, toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen bilelikde halkymyzyň taryhyny dünýä ýaýýan sungatdyr. Şol sebäpli hem ýurdumyzyň ähli künjeginde halyçylyk sungatyna aýratyn üns berilýär.

Zer gadyryny zergär biler

Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyza aýawly garamak, senetçiligi ösdürmek we ýaşlara öwretmek hakynda ýadawsyz alada edýär. Şonuň netijesinde beýleki ugurlar bilen birlikde zergärçilik hem ösüşlere eýe bolýar. Ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamyndan döreden gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek we bu kesbe ýaşlary giňden çekmek maksady bilen ýerlerde anyk işleri alyp barýarys. Şonda zergärçilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň iş tejribelerini ýaýradýarys. Inçe senedi özüniň ykbal işine öwrenleriň biri-de Ogulnur Öräýewadyr. Etrabymyzyň Hojainebeg geňeşliginiň Täze ýol obasynda ýaşaýan bu zenan indi köp ýyldan bäri zergärçilik bilen meşgullanýar. Ol öz kärini çagalaryna we obanyň beýleki ýaşlaryna yhlas bilen öwredýär. Biz hem inçe senede gulluk edýän şeýle adamlary giňden goldaýarys. Şonuň netijesinde senetçilik ýoluny ýöredýänleriň sany barha artýar.

«Magtymguly» diýip, adym tutsalar»

Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasy, däp-dessurlary, taryhy we edebiýaty bilmek watansöýüjilik, ýurduňa we halkyňa wepalylyk ýaly mukaddes duýgularyň kemala gelmeginiň esasy çeşmesi bolup durýar. Türkmen halkynyň şahyrana edebiýatyny Magtymgulusyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Söz mülküniň şasy hasaplanylýan Magtymgulynyň döredijiligi halkymyzda terbiýe mekdebi, akyl-paýhas terezisi hasaplanylýar. Üstünden ençe asyrlaryň geçendigine garamazdan, çyn göwheriň has ýiti lowurdaýşy ýaly, akyldaryň şygyrlary biziň günlerimizde-de gymmatyny ýitirmän, paýhas dürlerini seçmegini dowam edýär. Şol dürdäne eserleriň geljekde-de ähmiýetini ýitirmejekdigine şübhe ýokdur. Ykbaly çylşyrymly döwre gabat gelendigi bilen baglanyşykly Pyragynyň şygyrlarynda biziň häzirki döwürde eýe bolan asudalyk, erkinlik, döwletlilik ýaly bahasyz baýlyklarymyzyň gadyr-gymmaty has ýiti duýulýar. Ol türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmeginde ägirt uly goşant goşan danadyr. «Türkmen ilim, eý adamzat!//Azat il, güzer gözlär men» diýen setirler şahyryň öz iliniň erkana ýaşaýşyny arzuwlandygyndan habar berýär. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, şahyryň şygyrlaryndaky döwletlilik ýörelgesi pederi Döwletmämmet

Hyýalyny Hindistana baglan Pyragy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýagşylygy ündeýän taglymatlary häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk we dostluk barada ajaýyp şygarlar bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 17-nji maýda açylyp ulanmaga berlen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy muny aýdyň subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowamat-dowama besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini has çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly: «Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr».

Milletiň milli mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürýän, äleme meşhur halylary dokaýan halyçylarymyza döwletimiz tarapyndan uly hormat goýulýar. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk günlerinde halyçylyk sungatymyzyň baý öwüşginleriniň çuň manysyny açýan halkara maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegi, ýurdumyzyň ussat halyçylaryna hormatly atlaryň dakylyp, döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy Arkadagly eýýamymyzyň asylly däbine öwrüldi.

Pyragyly golýazmalar

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli gymmatlyklarymyz baradaky aladalarynyň netijesinde dünýäniň belli-belli medeni ojaklaryndan ylym, edebiýat ägirtleriniň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň eserlerini agtaryp tapmak işlerine uly üns berilýär. Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasyndan we maglumat merkezinden Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Meşrebiň, Misginiň we beýleki türkmen şahyrlarynyň goşgularyny öz içine alýan golýazmanyň tapylmagy ruhy gymmatlyklarymyzyň entek-entekler tapyljakdygy baradaky pikiri döredýär. Neşirýat, çaphana bolmasa-da, Magtymgulynyň şygyrlarynyň asyrlaryň içinden geçip gelmegi üçin belli-belli şahsyýetleriň siňdiren yhlasy ýatlanylmaga mynasypdyr. XIX asyrda Magtymgulynyň kitaplary Daşkentde, Kazanda, Buharada, Samarkantda, Bakuwda neşir edilipdir. Olaryň arasynda XIX asyryň başynda Magtymgulynyň 200-den gowrak goşguly golýazmasyny Başgyrdystana, türkolog Ahmet Zaki Welidä iberen asly kokantly Aşyraly Zahyrow hem bar. Orenburgda çap edilýän “Şura” žurnalynyň 1913-nji ýyldaky birnäçe sanynda A.Z.Welidiniň A.Zahyrowyň iberen golýazmasyna we Magtymgulynyň 1912-nji ýylda Abdyrahman Nyýazy tarapyndan Astrahanda neşir edilen kitaby hakdaky makalasy çap edilýär. Nyýazynyň 1912-nji ýylda arap ýazuwynda çap eden “Magtymguly diwanyna” şahyryň 45 goşgusy girizilipdir.

Watan hakyndaky müdimi owaz

Durdy bagşynyň «Ak ýüzli Maralym» atly belli aýdymy döreden sazanda-şahyrdygyny köpler bilýändirler. Bu aýdym başdan-aýak çeküwli bolup, hemme bagşa şeýle kyn aýdymlary aýtmak başardyp hem durmaýar. Şony nazarda tutup hem, käbir aýdymlara aýdym-sazdan gowy baş çykarýan adamlar «Bagşy saýlaýan aýdym» diýýärler. Durdy bagşynyň bu goşgusynyň her bendi bäş setirden we on dört bogundan ybaratdyr. Türkmen edebiýatynyň goşgy düzüliş aýratynlygyndan azda-kände habarly adamlar bilýändirler, Magtymguly Pyragynyň enesi ýogalanda ýazan «Kaýda sen?» atly goşgusy hem şol galypda ýazylandyr. Dostmämmet, Durdy şahyr XIX asyr türkmen edebiýatyna, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ondan öňki asyra degişli. Taryhy birleşdirýän uly wakalaryň ähmiýeti bolsa bimöçberdir. Magtymguly Pyragynyň fenomen şahsyýeti barasynda şony aýtmak bolar. Dünýä taryhyna irki ekerançylyk medeniýetini ornaşdyran Änewiň ekerançylygy hem taryha täzelik getiren hadysadyr. Iki sany taryhy ähmiýetli uly hadysa Watanymyzyň şöhratly sahypasydyr, halkymyzyň ebedi hakydasydyr, dünýäniň medeniýet äleminde bolsa lowurdaýan ýyldyzlardyr. Köpetdagyň eteginde dörän gadymy medeniýet, Etrek hem-de Sumbar derýalarynyň boýunda dünýä inen beýik mukaddeslik — bular halkymyzyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir, dünýä medeniýetiniň gymmatlygydyr. Edebiýat hem taryhy öwrenmegiň bir çeşmesidir. Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem XVIII—XIX asyrlar

Çowdur nagyşlary

Türkmeniň çowdur taýpasyna degişli nagyşlary, esasan, başgaplar bolan tahýalarda, çagalaryň geýýän topbularynda görmek bolýar. «Börük» ýa-da «topby» diýlip atlandyrylýan çagalaryň gulakjynyna «goçbuýnuz» nagşynyň ýarty görnüşi keşdelenip, tolkun (egrem) alaja nagşy bilen aralary bölünip edilýär. Olar, esasan, el işiniň ilme görnüşini ulanypdyrlar. Topbularyň bu görnüşi öň 5 — 9 ýaşyndaky çagalara geýdirilende alaja edilip, düwmejikler dakylypdyr. Häzirki görnüşinde-de şeýle etseň has owadan, göze gelüwli görünýär. Çowdur nagyşlary keşdelenende, töweregine jähek salnanda, esasan, ýaşyl reňkli sapaklar köp ulanylypdyr. Topbynyň maňlaý tarapy 3,5 sm edip çykarylyp, gulaklyklarynyň üçburç görnüşinde alynmagynyň sebäbi çagalaryň gulaklaryny sowukdan goramak üçindir. Topbulara, tahýalara her dürli çowdur nagyşlary, alaja, mekany, guşgözi, okgözi we ş.m nagyşlar tikilipdir. Oguz hanyň agtygy Çowduryň tagmasyna çalym edýän nagyşlara gelin-gyzlaryň beýleki el işlerinde hem duş gelmek bolýar.

Halk pähimleriniň durmuşy ähmiýeti

Halkymyzda pähim-parasada ýugrulan birnäçe nakyllardyr atalar sözleri bar. Olaryň her biriniň aňyrsynda durmuş hakykaty durýar. Ata-babalarymyzyň «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýen halk pähiminde awçylyk bilen durmuş hakykatynyň durandygyny gürrüň berýärler. Halkymyzyň awçylyk bilen bagly döreden birnäçe ýörelgeleri hem durmuşyň ýazylmadyk kanunlary ýaly adata öwrülip gidipdir. Awa çykylanda, islendik haýwany awlanyňda ony kowup awlamak halallyk hasaplanypdyr. Awçynyň öňünden dogry gelen janawara degilmändir. Dogry öňüne çykan haýwany atmak oňlanylmandyr. Şonuň üçin hem «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýlipdir. Bu pähim durmuş hakykaty bilen birlikde, adamlaryň dogruçyllyk häsiýetini ösdürmekde hem ähmiýetli bolupdyr. Halk pähimleriniň şeýle giň many-mazmuny olaryň durmuşy ähmiýetiniň uludygyny aýdyň görkezýär.

Lagly-göwher dakynyp...

Ata-babalarymyz durmuşda her bir zadyň takyk hasabyny yzygiderli ýöredipdirler. Ölçeg birlikleri we olar baradaky anyk maglumatlar durmuşda zerur hasaplanypdyr. Şol maglumatlaryň kömegi bilen islendik zadyň hümmetini, gymmatyny, möçberini, agramyny we beýleki sypatlaryny kesgitläpdirler. Irki zamanlarda pederlerimiziň ulanan dirhem, dinar, apbasy, gyran, tümen... ýaly, pul birliklerini aňladýan teňňeler diňe bir harytlary alyş-çalyş etmekde peýdalanylman, eýsem, gyz-gelinleriň bezeg şaýy görnüşinde-de uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Munuň şeýledigine nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Seýdiniň goşgularyny, hususan-da, Keminäniň:

Ak öýde un eläliň!

Türkmen halky Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eşretli döwrana ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki bagtly ýaşaýşy görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Her günümiz toý, her günümiz baýram! Her bir baýram döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilip gelinýär. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle toýlaryň dabaralary dag aşýar. Toýlarymyzyň, baýramlarymyzyň dabarasy neneň uludan tutulmasyn?! Bu Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halky has eşretli döwranda ýaşatmak üçin edýän taýsyz aladalarynyň netijesi. Toý-baýramlarda bolsa türkmeniň bereketli desterhany giňden ýazylýar. Şol dürli naz-nygmatlaryň arasynda bereketli topragymyzdan bolluk bilen ýygnalan ak bugdaýdan taýýarlanylýan dürli azyk önümleri agdyklyk edýär. Türkmen gallaçylary ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerine eýerip, uly iliň soltany bolan gallanyň bolçulygyny döredýärler.

Türkmen halylarynyň aýratynlygy

Türkmen halk amaly sungaty baý we köpdürlüdir. Olar halydyr haly önümleriniň dürli görnüşlerinden başga-da, keçe nagyşlaryny, bejerme donlary, tahýalary we başgaplary, zergärçilik önümlerini aýal-gyzlaryň bezeg şaýlaryny, at esbaplaryny, keteniden tikilen önümleri we şuňa meňzeşleri öz içine alýar. Olarda halkyň ýaşaýşy we durmuş gurluşy öz beýanyny tapypdyr. Halk amaly sungatynyň dürli görnüşleriniň içinde has baýlaşany we öseni halyçylyk senedidir. Ol irki döwürlerden bäri dünýä meşhur bolmak bilen, şöhratyny häzire çenli saklap gelýär. Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köpasyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada ilkinji ýatlamany baryp XIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo galdyryp gidipdir. Ol öz kitabynyň XXI babynda: «Bu ýerde, bilýäňizmi, dünýäde iň nepis we owadan halylar dokalýar, şonuň ýaly-da bijaý gowy, gymmatbaha gyzyl hem başga reňkli matalar dokalýar, başga-da köp zatlar öndürilýär» diýip ýazýar. Eger-de Marko Polonyň döwründe halylar türkmen ilinde nepislik we owadanlyk babatynda şeýle derejä ýeten bolsa, onda haly önümçiliginiň taryhyň has irki döwürlerde kök urandygyny çaklamak kyn däl bolsa gerek. Çünki haly halkyň jümmüşinden çykan ady näbelli ussat zenanlaryň köp nesliniň döredijilik zähmetiniň önümidir.

Şöhratly taryhyň beýany

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan aja­ýyp ýy­ly­my­zyň her bir gü­ni ýat­dan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka­la­ra, zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne we uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ed­ýän ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz be­ýik ösüş­le­re eýe bol­ýar. Şol ösüş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy hem eziz ýur­du­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki at-ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy ruhy şamçyragdyr

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Häzirki wagtda bu şanly senä taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döredijiliginiň üsti bilen beýan edipdir.

«Depderler içinde bir kitap gördüm...»

Kitap — bilimleriň çeşmesi, akyl-paýhasyň gözbaşy, döredijiligiň badalgasy hasaplanýar. Muňa biz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem göz ýetirip bilýäris. Ussat şahyryň hormat goýan Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzlarynyň biri Abdyrahman Jamy hiç wagt garramaýan, hemişe juwan, hemişe ynsan gullugyna wepaly, umumadamzat genji-hazynasy bolan kitap barada şeýle ýazypdyr: Kitapdyr ynsanyň baky hemrasy,

Arminiý Wamberi — Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenen syýahatçy alym

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Arminiý Wamberiniň Magtymguly we onuň edebi mirasyny öwrenmekdäki bitiren hyzmatlary türkmen alymlary tarapyndan hem ykrar edilýär. Hususan-da, türkmen alymy Aly Nuryýewiň belleýşi ýaly, Arminiý Wamberi 1863-nji ýylda Reşit Efendi ady bilen Osman türkmenleriniň derwüşi sypatyna girip, Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana syýahat edende, türkmenleriň ene diline, folkloryna, edebiýatyna degişli köp maglumatlary toplapdyr. Ol Magtymgulynyň 260 sahypalyk golýazmasyny tapypdyr we 1870-nji ýylda «German gündogar jemgyýeti» žurnalynda «Türkmen dili we Magtymgulynyň diwanlary» atly makalasyny çap etdiripdir, diýip Aly Nuryýew ýazýar. Türkmen alymynyň bellemegine görä, Arminiý Wamberi 1879-njy ýylda Leýpsig şäherinde Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyny çap etdirýär hem-de şondan soň Magtymgulynyň goşgulary Ýewropanyň beýleki dillerine terjime edilip başlanýar.

Şahyryň arzuwlan zamanasy

Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleri dünýä üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Çünki beýik akyldar, filosof, Gündogaryň pähim-paýhasyny öňe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr durmuşyň ähli temalary bilen birlikde, Watan we watançylyk duýgularyny has hem täsirli teswirleýär. Söz ussadynyň Watana bolan beýik söýgüsi onuň adyny dünýä edebiýatynda ebedileşdirdi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Dana Pyragynyň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun aldy. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolup durýar.

Milli gymmatlyklar — mertebämiz

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylyna gabat gelmegi milli mirasymyzyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar. Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyr» diýlip bellenilýär. Diýmek, medeni mirasymyzy sarpalamak hem-de maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň geljekki nesillere üýtgewsiz ýetirilmegi ugrundaky işlere goşant goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Terbiýe mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda içgin öwrenilýär. Ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetik taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Özüniň ajaýyp döredijiligi bilen dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bolsa türkmen halkynyň milli şahyry, guwanjy, buýsanjy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda nygtaýşy ýaly, ol «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty». Gahryman Arkadagymyz ady äleme dolan ussadyň sözleriniň we pelsepewi pikirleriniň diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna girendigini nygtaýar.