"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli dessurlar

Haly, palas dokamak, keçe basmak türkmen halkynda, esasan, gelin-gyzlaryň senetçiligi hasaplanýar. Asyrlaryň çuňluklaryna uzaýan haly, palas, keçe senetçiligi bilen bagly köp sanly dessurlar hem döräpdir. Haly, palas kesilende, bu işi ilki iň sylagly halyçy başlapdyr. Soňra bu dabara gatnaşyjylaryň hersi bir garyş ýaly ýerini kesip, syndyny yzyndaka geçiripdir. Haly eýesi haly kesilip bolansoň, onuň erşinden iki-üç tary alyp, haly kesmäge gatnaşanlaryň başyna daňyp çykypdyr.

Şygyr äleminiň soltany

Asyrlar, heňňamlar özüniň dürli wakalary bilen taryha ýazylýar. XVIII asyr hem türkmen halkynyň ykbalynda çylşyrymly döwür bolup, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldary dünýä berdi. Magtymguly Pyragy halky agzybirlige, bir bitewi döwlet bolmaga çagyrypdyr. Onuň her bir şygrynda watansöýüjiligiň kämil nusgalary şöhlelenipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragy bu gün umumadamzat şahyryna öwrülip, dünýä paýhas nuruny saçýar. Alymlaryň nygtaýşy ýaly, Magtymguly arap edebiýatyndaky aruz şygyr düzüliş gurluşy bilen türki edebiýatyndaky goşuk galyply goşgy düzüliş aýratynlygyny birleşdirdi. Netijede, edebiýatda täzeçe görnüş we halka ýakyn dilli şygyrlar döredi. Bu hem edebiýatyň uly hadysasy hökmünde taryha girdi. Magtymguly Gündogaryň edebi däplerini, ýordumlaryny türkmen edebiýatynyň edebi däpleri, ýordumlary bilen utgaşdyryp, täze keşpleri döretmegi başaran ussatdyr. Ol Gündogaryň iň gowy däplerini halkymyzyň ruhuna, ýörelgelerine, medeniýetine, ruhy-ahlak kadalaryna laýyklykda ösdüripdir, baýlaşdyrypdyr. Şeýlelik-de, Magtymguly öz döredijiliginde öňe sürýän garaýyşlary arkaly ömrüni adamzadyň kämilleşmegine, hemmetaraplaýyn ösmegine, öňünde goýan beýik maksatlaryna ýetmäge bagyşla

Dograma

Türkmen naharlarynyň içinde dograma taýsyz tagam hasap edilýär. Dogramanyň taýýarlanylyşy dürli aýratynlyga eýe. Dograma taýýarlamak üçin, ilkinji nobatda, petir çörek bişirilýär. Soňra gazana suw guýup, güýçli otda goýulýar hem-de guýlan suw reňkine geler ýaly pomidor atylýar. Ondan soňra oňa elin soýlan goýnuň täze eti atylyp, et bişip süňkden sypar derejesine ýetýänçä gaýnadylýar. Şu ýagdaýda gazanyň agaçdan edilen galyň gapagynyň bolmagy zerurdyr. Çünki gapak bugy ýaýratman özünde saklap, etiň tagamynyň has-da süýjemegine täsir edýär.

Medeni gymmatlyklarymyzyň sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň ruhy taýdan galkynmagyna, milli medeniýetimiziň, taryhymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagyna hem-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen tutumly işleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzy buýsandyrýar. Şeýle işleriň çäklerinde beýik akyldarlarymyzyň, alymlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň çuň mazmunly kitaplary yzygiderli neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilip durulýar. Ýakynda beýik söz ussady Pyraga goýulýan uly hormat-sarpanyň nyşany hökmünde taryha girjek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli akyldaryň asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy munuň subutnamasy bolup durýar.  Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, ösdürmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde halkyň kalbyna deňelýän medeniýetimiz uly ösüşlere beslenýär. Milli medeniýet medeni gymmatlyklarymyzdan, ynsanperwer däp-dessurlarymyzdan, ýörelgelerimizden, adatlarymyzdan gözbaş alýar. Şonuň üçinem türkmen medeniýeti we sungaty özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Şöhratly ahalteke bedewleri

Häzirki wagtda ahalteke bedewlerini ylmy taýdan öwrenmek giň gerime eýe bolýar. Ahalteke atlary daşky görnüşi boýunça ýatdan çykmajak täsir döredýär. Bu atlar özboluşly syn-sypaty, tohum arassalygy, ýyndamlygy we owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Ahalteke atlary oýnaklap duran alma gözlüdir, maňlaýy giňdir, keýerjekläp duran gamyşgulaklydyr. Ahalteke atlarynyň döş kapasasynyň göwrümi uly, arkasy, bili uzyn bolýar. Sagrysy uzyndan ýapgyt. Olarda üns berilmeli syna agzalarynyň biride aýaklarydyr. Ahalteke atlaryna süňki inçeden uzyn aýaklylyk häsiýetlidir.

Türkmen silkme telpekleri

Ýurdumyzda başy silkme telpekli ýaşululary, ýaş ýigitleri göreniňde milliligimize bolan buýsanjyň has-da artýar. Telpekler senetçi halkymyzyň maldarçylykdan alýan iň arzyly önümleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda onuň asyl durky üýtgedilmän, şu günlere çenli saklanyp gelipdir. Halkymyzyň telpege bolan garaýşy hem-de hormaty juda uludyr. Muňa onuň bilen baglanyşykly dörän dürli däp-dessurlar, düşünjeler, nakyllardyr atalar sözi anyk mysal bolup biler. Telpek uly adamlar bilen bir hatarda çagalara hem geýdirilipdir. Telpek çagalary sowukdan, yssydan goramakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Telpekçi ussalaryň maňlaý derini siňdirip, tokludyr guzularyň derisinden taýýarlaýan, buýralary seçelenip duran silkme telpeklerini tikmek irginsizligi, zähmetsöýerligi talap edýär. Olar maşgalasyna wepaly, dogumly we gaýratly türkmen ýigitlerini has-da nazarkerde görkezýär. Atalarymyz telpekleri diňe bir başgap hökmünde görmän, eýsem, erkek kişileriň mertebesi, at-abraýy bilen baglanyşdyrypdyrlar.

Kürtekçe, kirlik

Maşgalada çaga dünýä inenden ene-mamalarymyz oňa geýdirjek eşiklerini ýagşy arzuw bilen tikipdirler. Bäbek kyrk çileden çykandan soň, 3 – 4 ýaşaýança oňa kürtekçe, kirlik geýdiripdirler. Kürtekçe – çagalaryň egnine geýýän eşigi bolup, ol dikligine dürli görnüşli mata bölejiklerden gurnalyp, işliklenip tikilýär.

Türkmen halylarynyň aýratynlygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Gödek süýüm ýogyn, gödek, buýralylygy ýok diýen ýalydyr. Ol 3 gatlakdan — teňňejikler, gabak we merkezi gatlakdan ybarat bolup, merkezi gatlak süýümiň bütin uzynlygyna gidýär (garaköli goýunlaryň ýüňi şuňa degişlidir).

Milli senedimiz — kämil sungatymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda milli mirasymyzyň beýleki ugurlary bilen birlikde keçeçilik sungatymyzyň gadymy nusgalaryny dikeltmek, kämilleşdirmek, bu ajaýyp sungatyň usullaryny geljekki nesillere geçirmek hem-de ony giňden wagyz etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Etrabymyzda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Milli senedimiz — kämil sungatymyz» atly dabaraly çäre geçirildi. Bu tutumly çärä etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri we ussat halyçy, keçeçi gelin-gyzlar gatnaşdylar. Ýatda galyjy çärede täsin gülleri arkaly geçmiş bilen şu güni, nesilleri baglanyşdyrýan ajaýyp keçeleriň sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar çäräniň dowamynda eli çeper Şeker Şukurowanyň keçe taýýarlaýşyna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Çärä gatnaşyjylar keçe güllenilende gadymdan gelýän milli däplerimize eýerip, şadyýan aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, degişmeleri, dürli rowaýatlary aýtdylar. Ylaýta-da, etrabymyzdaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi Aýlar Weliýewanyň keçeçilik sungatynyň taryhy barada aýdyp beren rowaýaty hemmelerde uly täsir galdyrdy.

Bogursak

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde «bogursak», beýleki sebitlerde «pişme» ady bilen belli bolan süýji tagamly, ýagda bişirilýän dörtburç şekilli nygmatyň özboluşly taryhy bar. Rowaýata görä, oguz nesillerinden bolan Bugra han ýörişleriniň birinde aşpezine bugdaý unundan bir üýtgeşik tagam taýýarlamagy buýrupdyr. Aşpez derhal hamyr edip, romb görnüşinde kesip, ony ýagda bişirýär. Bu tagam hana şeýle bir ýarapdyr welin, ony gaýta-gaýta taýýarlamagy buýrupdyr.

Beýiklige sarpa

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleri bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlendigini bellemek wajypdyr. Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna bina edilen medeni-seýilgäh toplumynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde açylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Sebäbi Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Pyragynyň şygyrlarynda halky üçin arzuwlan gymmatlyklarydyr.

Haly — türkmeniň baýlygy

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, haly dokamak sungatynyň gadymy ýörelgelerini we gymmatlyklaryny aýawly gorap saklamak hem-de artdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary derejesine çykaryldy. Biziň gadymdan gözbaş alýan haly dokamak senedimiz köpasyrlyk tejribä esaslanýar. Bu gün bolsa ol eksport ugurly bähbitli işewürlige öwrülýär. Türkmen halylaryna bolan isleg tutuş dünýäde ýokarydyr. Bu ähli döwürde-de şeýle bolupdyr. Häzirki döwürde dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ajaýyp sungatyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak barada uly alada edilip, halyçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Halyçy gelin-gyzlaryň netijeli işlemekleri we oňat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Magtymguly — köňlümiň aýdymy

Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» kitabyndan: «Türkmeniň halysy onuň köňlüniň aýdymydyr. Bu aýdym bolsa bir günüň ýa bir döwrüň, asyryň aýdymy bolman, ol heňňamlaryň sedasyny gursagyna guýandyr». Halyçy zenan Merjen Berdiýewanyň döwletli maşgalasyna baranymyzda, ol diwaryň ýüzünde gerilgi duran Magtymguly Pyragynyň haly portretini sypap durşuna:  — Magtymguly atamyz baradaky gürrüňleri çagalygymdan uly gyzyklanma bilen diňlärdim. Onuň nurana keşbine aşykdym, ol keşbi haly çitimlerine geçiresim gelýärdi. Magtymguly köňlümiň aýdymyna öwrülipdi — diýdi.

«Milli mirasym — halym»

Düýn şeýle at bilen Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol Milli Liderimiziň Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary mynasybetli guraldy. Oňa halyçylar we bu şäherde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran nobatdaky iş saparynda şäheriň ýaşaýjylarynyň halyçylyk kärhanasyny gurmak baradaky ýüztutmalarynyň oňyn başlangyçdygyny, hormatly Prezidentimiziň ony makullan ýagdaýynda bu şäherde gurulmagynyň maksadalaýykdygyny aýtdy. Aýdym-saza beslenen maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy.

Halk döredijiligi — egsilmez hazyna

Halk döredijiliginiň jümmüşinde egsilmez hazyna ýatyr. Milli lybaslarda, şaý-sepler bilen bezelen gyzlarymyzyň halk döredijiliginden ýerine ýetirýän läleleri, hüwdüleri, monjugatdy oýunlary, küştdepdi tans sungaty, hymmyllary, «Çapak», «Haý öleň», «Şykga-şykga bilezik» ýaly gazallary, ýerine ýetirýän tanslary gönüden-göni saglyga täsir edýän hereketlere beslenendir. Toýlarda ýerine ýetirilýän hereketli pursatlaryň biri bolan «Gelne baş salmak» däbinde gelin-gyzlarymyzyň gyz tarapy, gaýyn tarap bolup güýç synanyşmaklary özboluşly hem-de gyzykly.

Gyýra

«Daşoguz habarlary» gazetiniň «Hazynalar horjunyndan» sahypasyny her gezek uly gyzyklanma bilen okaýaryn. Onda milli mirasymyza dahylly berilýän täsirli makalalardyr gyzykly maglumatlar ýaşlarymyzy terbiýelemek bilen birlikde, baý medeni gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Gazetiň şu ýylyň 11-nji aprelindäki sanynda çap edilen «Çypdy» atly makala hem mende uly täsir galdyrdy. Ol çagalyk döwrümde gözümde galan pursatlary hyýalymda janlandyrdy. Kakam pahyr daýhan adamdy. Onuň kendir gabygyndan tanap işişi, keçe gamşyny dokaýşy, gyýra örüşi çagalykdan gözümde galypdyr.

Alnyndan ak Gün dogan bedewimiz

Aňrybaş gözelligi, ýyndamlygy, çydamlylygy, düşbüligi bilen dünýäni haýrana goýan ahalteke bedewleriniň şöhratly hem-de gadymy taryhy bar. Bu ajaýyp atlar hakda ilkinji maglumatlar gadymy taryhçylar, jahankeşdeler tarapyndan ýazylyp galdyrylypdyr. Taryhyň atasy hasaplanylýan Gerodot olara «behişdi bedewler» diýip örän ýokary baha beripdir. Bu taýsyz atlaryň asyl mekanynyň bolsa Köpetdagyň etegidigi-de taryhy hakykatdyr. «Oguznamada» ak atly Oguzhanyň günbatara ýörişiniň Asgard şäherinden başlanandygy beýan edilipdir. Asgard bolsa häzirki gözel paýtagtymyz Aşgabadyň töwereginde ýerleşipdir. Bu sebitde ýetişdirilen atlar ýyndamlygy we owadanlygy, uzak ýola çydamlylygy bilen tapawutlanypdyr. Sebäbi bu ýerde ýaramly howa ýagdaýy bolup, durnagöz çeşmeleriň tenekar suwy hem-de ýapgytlarda we jülgelerde peýdaly otlaryň köpdügi tohum atlaryň ösdürilip ýetişdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şeýle bedewleriň hil sypatlaryny gowulandyrmak bilen bolsa tejribeli atşynaslardyr seýisler meşgullanypdyrlar. Oguzhan döwründe eýýäm ýörite atşynaslar, seýisler, ýonaçylar peýda bolupdyr. Atlar üçin eýer, üzeňňi, jylaw, gorag serişdeleri ýasalypdyr. Söweş atlarynyň kelleleri, boýunlary, döşleri gymmatbaha metaldan bejerilen gorag serişdeleri bilen örtülipdir. Atlaryň aýaklaryna nal kakmak ýoň bolupdyr. Olar uzak ýollara çydamly bolupdyrlar.

Şekillerde Pyragynyň waspy bar

Türkmenbaşy etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň surat mugallymy Daýanç Meredow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap agaçdan ýasan eserleri bilen welaýatymyzda guralýan sergilere işjeň gatnaşýar. Şeýle günleriň birinde biz onuň bilen söhbetdeş bolduk. — Daýanç mugallym, söhbedimiziň başynda, ilki bilen, döredijilik ýoluna başlaýşyňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

Zer gadyryny zergär biler

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Halkymyzyň milli mirasynyň, senetçilik sungatynyň görnükli nusgalarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli alnyp barylýan işleri wagyz etmeklige, zergärçilik sungatymyzy dünýä ýaýmaklyga goşant goşýan zergärleriň başarnyklaryny ýüze çykarmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar onuň şertlerine laýyklykda, saýlap alan zergärçilik hünäriniň ähmiýetini, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpany çeper dilde beýan etdiler. Taýýarlan çyzgylary esasynda gülýaka, gupba, ýüzük... ýasamak boýunça ussatlyklaryny görkezdiler. Ýasan şaý-sepleri esasynda sergi guradylar. Zergärçilik sungatyny ösdürmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Edebi miras

Pespällik Biz Magtymguly Pyragyny öwüp beýgeldip bilýärmikäk? Beýle däl bolaýmasa. Men türkmen edebiýatynda özüniň pespälligi bilen Magtymgulyny beýgelden bir şahyry bilýärin. Ol Mämmetweli Kemine. Bu şahyra degişli diýlip aýdylýan rowaýatda ol: «Magtymguly şygryýet meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize onuň diňe hoşasyny çöpläýmek galypdyr» diýip aýdýar. Gör, nähili ajaýyp baha. Aperin, siz ussadyna!