"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyk — durnukly ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýy, şan-şöhraty dünýä dolýar. Bu bolsa biziň her birimizi çäksiz buýsandyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin parahatçylyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi durnukly ösüşiň hatyrasyna meseleleri çözmegiň ygtybarly ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar. Eziz Diýarymyz dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda tagalla edýär. Türkmen halky dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly bolýandygyna berk ynanyp, ol ýörelgä pugta eýerýär. BMG hem-de onuň düzümine girýän edaralar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine döwletimizde türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar häzirki döwrüň iň bir wajyp meseleleriniň giň toparyny gurşap alýar. Şonuň bilen birlikde ol başlangyçlar döwrüň

Bitaraplyk — parahatçylygyň täze pelsepesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen rowaçlanýan gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk türkmenistanlylaryň her birini buýsandyrýar. Türkmen döwletiniň ösüşlerine, özgerişlerine badalga berýän, il-ulsumyzyň abadan durmuşda, bolelinlikde ýaşamagyny gazanýan milli Liderimiziň umumadamzat bähbitlerinden, parahatçylyk söýüjilikden we ösüşlerden gözbaş alýan oňyn başlangyçlary halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkidýär. Türkmen halkynyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde alysdaky dostlar we ýakyn goňşular bilen hoşmeýilli gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha ösdürilýär. Türkmenistanyň Garaşsyz bolan gününden bäri geçen taryhy ýoly we alyp baran daşary syýasaty onuň Bitaraplyk ýoluna ýuwaş-ýuwaşdan hem-de oýlanyşykly gelendigini görkezýär. Munuň özi özakymlaýyn däl-de, akylly-başly gelişdir. Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň esaslary öz wagtynda çuňňur işlenilip geçildi. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Birleşen Milletler Guramasy biziň ýurdumyzda, şeýle-de tutuş sebitde hakyky ýagdaýy öwrenmek maksady bilen jikme-jik seljerme işlerini geçirdi. Bularyň hemmesi dünýä jemgyýetçiliginiň biziň Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmegi üçin anyk şertleri döretdi». Bu şertle

Durnukly ösüşiň netijeli ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamynyň hem ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Milli Liderimiz bu ulgamyň öňünde durýan wezipelere yzygiderli ünsi çekýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň: «Medeniýet ulgamynyň wezipesi jemgyýetiň ruhy we döredijilik baýlygyny artdyrmakdan ybaratdyr» diýip nygtamagynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olaryň çözgüdiniň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy. Şonda medeniýet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Binalaryň görkanadyr, eziz Diýar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda depginli işler durmuşa geçirilip, ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Maksada okgunly geçirilýän taryhy ähmiýetli işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriň gözbaşynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladalary, taýsyz tagallalary, öz halkyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni hem aýdyň ertiri hakyndaky alada. Parahatçylygyň hem asudalygyň mekany hökmünde at-owazasy jahana dolan ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli möhüm başlangyçlar rowaç tapýar. Bagtyýarlygyň gujagynda ýaşaýan mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny ajaýyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýar. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütüni bolan Garaşsyzlygyň şanly senesi uly buýsanja beslenýär. Ol döwletiň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny alamatlandyrýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy has-da şöhratlandyrýan möhüm ähmiýetli wakadyr. Beýik döwrüň döredijilikli işlerinden ruhlanýan halkymyzyň nurana ertirleri aýdyň maksatlardan doly.

Türkmenistan — BMG gatnaşyklary

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmak baradaky haýyşy 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Baş Assambleýanyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy we ilkinji günlerden başlap, bu iri halkara düzüm bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna gabat gelen ýylymyzyň 2-nji martynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 29 ýyl doldy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

Dünýä nusgalyk parahatçylyk

Täze taryhy eýýamda döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri ösüşe giň ýol açýar. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatda oňyn başlangyçlary hem dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary tarapyndan goldanylýar. Milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) sammitinde eden çykyşy uly gyzyklanma döretdi.

Hemişelik Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň kämil beýany

Soňky çärýek asyryň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebitde derwaýys meseleleri çözmekde, döwletler bilen halklaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde oňyn netijesini görkezdi. Merkezi Aziýada asudalygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy berkarar etmek babatda halkara tagallalara goşulyşmak bilen, konstruktiw gepleşikleri ýola goýmaga gönükdirilen parahatçylygy goraýyş mümkinçilikleriniň Türkmenistan tarapyndan işjeň durmuşa geçirilmegi netijesinde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy düzgünleridir ýörelgeleri berk berjaý edilýär. Milli Liderimiz Durnukly ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ýörelgesiniň Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasynyň özenini emele getirýändigini nygtaýar. Halkara hukuk kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek, harby çaknyşyklaryň islendik görnüşine gatnaşmazlyk we daşary syýasatyň öňdengörüjiligi netijesinde, parahatçylygy berkitmek özygtyýarly türkmen diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň diňe käbirleridir. Bu diplomatiýa, şol bir wagtyň özünde, daşary döwletler bilen bilelikdäki ykdysady we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek bilen, özara bähbitlere hormat goýmak esasynda, milli ykdysadyýetiň ösmegine-de goldaw berýär.

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

6. Bitaraplyk — goňşyň öýündäki asudalyk Hoşniýetli goňşuçylyk Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Halkymyzyň heňňam aşyp gelen «Öý alma, goňşy al», «Kyýamat güni goňşudan», «Alysdaky garyndaşdan, ýakyndaky goňşy ýagşy», «Keçäňi satsaň, goňşyňa sat, myhman baraňda bir burçunda ýene özüň oturarsyň». diýen ýaly nakyllarydyr atalar sözleri, edil, şol durşuna diýen ýaly, goňşy owgan halkynda hem gaýtalanýar. Aýdylyşy ýaly, goňşy satyn alynmaýar, ol ykbalyň peşgeşidir. Gündogarda «Öz öýüňdäki asudalyk goňşyň öýündäki asudalykdan başlanýar» diýen pähim ýörgünli. Owgan halkynda bolsa «Zerur wagty dost kömegi — baharyň açylan güli» diýen nakyl bar. Diýmek, goňşular elmydama arkalaşykda, özara oňşuklylykda, birek-birege kömek berip ýaşamaly.

Ösüşiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu beýik we buýsançly döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň netijesinde barha beýgelýär. Ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça halkara tagallalara saldamly goşant goşýar. Munuň özi halkara gatnaşyklaryň häzirki şertlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Syýasy nukdaýnazardan, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dürli meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar. Şeýle hem baky Bitarap Türkmenistanyň häzirki zaman şertlerinde parahatçylyk döredijilik tejribesiniň zerurdygyny görkezýär. Häzirki wagtda halkara gatnaşyklaryny oňyn ugr

Milli ýörelgelere ygrarlylyk

Milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmek ugrundaky asylly işleri ýyldan-ýyla ajaýyp ýeňişler, joşgunly zähmet üstünlikleri bilen sazlaşýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumlaryň ählisiniň hem milli ýörelgelerimizden we däp-dessurlarymyzdan gözbaş almagy bolsa buýsançly hakykatdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem hormatly Prezidentimiziň tutuş dünýäde umumadamzat bähbitli aladalarynyň we durnukly ösüşi pugtalandyrmakdaky tagallalarynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Parahatçylygy gorap saklamak we ynanyşmagy goldamak ata-baba dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimizdir. Bu düşünjeler milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň hem esasy özenini düzmek bilen, dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagynyň we özara ynanyşmagyň goldanylmagynyň iş ýüzünde berjaý edilmegine ýardam edýär. Bu ugra eýerýän syýasatymyz ýyllar geçdigiçe öz ornuny has-da berkitmek bilen ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny-da ep-esli artdyrdy.

Hoş habaryň ganaty bar

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky möhüm Kararnamany kabul etdi BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Baş edarasyndan şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi barada hoş habar geldi. Bu ýörite Kararnamanyň esasy wezipesi dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdyr.

Türkmen başlangyjy dünýä ýol salýar

Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň ulag boýunça Kararnamasy kabul edildi Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu günki gün Türkmenistan Diýarymyz BMG-niň mertebeli münberinden dünýä ýüzüne özüniň hemmetaraplaýyn bähbitli başlangyçlaryny öňe sürýär. Ýurdumyzyň şeýle başlangyçlaram dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň «Ýagşyny älem arzuwlar» diýşi ýaly, dünýäniň ýüzi hemişe ýagşa sarydyr.

Gender deňligi — demokratik ösüşiň güwäsi

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan iri sebit we halkara ähmiýetli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we halkara çäreleriniň başga-da birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny has-da belende göterer. Şeýle hem Türkmenistanyň sebitde gender deňligini üpjün etmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mynasyp goşandy bolar. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, şahsy hukuklary kanun esasynda berkidilýär. Adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek her bir raýat jemgyýetini gurýan ýurduň esasy hukuk ýörelgesidir. Her bir adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň, azatlyklarynyň güwäsiniň hakyky ulgamyny döretmek hukuk döwletini gurmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny konstitusion esasda pugtalandyrmakda anyk işler durmuşa geçirilýär.

Parahatçylygyň belent nusgasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda parahatçylyk ýörelgeleri dabaralandyrylýar, berkarar döwletimiziň abraýy, şan-şöhraty has-da belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilige, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasaty, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işleri, özgertmeleri netijesinde Watanymyz durnukly ösýär. Halklaryň dostlukly gatnaşyklaryna täze ýollary açýan, asyrlaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk söýüjilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi dabaralandyrýan daşary syýasatymyz bütin dünýäde goldanylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda iki gezek ykrar edilmegi dünýäde uly taryhy wakadyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk syýasaty parahatçylyk söýüjilik, açyklyk, deňhukuklylyk, hoşniýetlilik, merdana halkymyzyň bütin taryhynyň dowamynda kemala gelen, islendik meseläni gepleşikler arkaly çözmäge bolan taýýarlyk ýaly milli aýratynlyklarymyzyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýär.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Ata Watanymyz Garaşsyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipelere esaslanmak bilen, sebitde hoşniýetli goňşuçylygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar hem-de oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň birnäçe döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Şeýle hem dünýä ýurtlary bilen medeni, söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygider ösdürýär. Munuň özi ählumumy ösüşi, abadançylygy üpjün edip, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrýar.

Parahatçylyk we ynanyşmak — umumadamzat bähbitli ýörelge

Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji ykrar edilen hemişelik Bitarap döwletdir. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna diýseň jogapkärli garaýar we parahatçylyk ýörelgelerine uly ähmiýet berýär. Şeýlelikde, Türkmenistan parahatçylygy, hoşniýetliligi, ynanyşmagy dünýä ýaýýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty taryhy we geografiki aýratynlygyny, gadymdan gelýän dünýägaraýyş gymmatlyklaryny, hoşniýetliligi, açyklygy, parahatçylyk söýüjiligi, geçirimliligi, agzybirligi jemleýän, türkmen halkynyň milli ruhuna laýyk gelýän pelsepe bolup durýar. Halkymyzyň şeýle asylly we ynsanperwer häsiýetleri ýurdumyzyň ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, sebitleýin we ägirt uly möçberlerdäki ösüşiň meýillerini hem şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, watançylygy, ynsanperwerligi, adalatlylygy we halklaryň dostlugyny wasp edýän bu belent ýörelgeler beýik ösüşleriň esasyny düzýär. Ýurdumyz diňe bir içeri syýasatymyzda däl, eýsem, daşary syýasatymyzda hem asylly ýörelgelere eýerip, halklaryň ýakynlaşmagyny, parahatçylygy we özara düşünişmegini döwletara hyzmatdaşlygynyň binýady hasaplaýar. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi milletimiziň esasy aýratynlygy bolup, ýaşaýşymyzyň özboluşly kadasyna öwrülýär.

Hoşniýetli ýörelgeler we dostlukly ýollar bilen

Türkmen Bitaraplygy — bu bütin dünýäde parahatçylygy goramagyň we berkitmegiň nusga alarlyk ýoly. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň esasy özenini düzýär. Berkarar döwletimiz dünýäde asudalygy pugtalandyrmak hem-de ýüze çykýan düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen aradan aýyrmak ýaly jogapkärli wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, bitaraplyk düşünjesiniň täze mazmunyny ýüze çykardy. Bitaraplyk syýasaty dawaly meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda birek-birege ynanyşmak hem hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan - BMG: parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy Ýokary wezipeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty oňyn netije berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň bu sebitde syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmakda, Owganystanda parahatçylygy we jemgyýetçilik durnuklylygyny üpjün etmekde uly goşandynyň bardygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar AŞGABAT, 8-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.