Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamyndaky möhüm Kararnamany kabul etdi
BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Baş edarasyndan şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi barada hoş habar geldi. Bu ýörite Kararnamanyň esasy wezipesi dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdyr.