Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmak baradaky haýyşy 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Baş Assambleýanyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy we ilkinji günlerden başlap, bu iri halkara düzüm bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna gabat gelen ýylymyzyň 2-nji martynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 29 ýyl doldy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.