Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýy, şan-şöhraty dünýä dolýar. Bu bolsa biziň her birimizi çäksiz buýsandyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin parahatçylyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi durnukly ösüşiň hatyrasyna meseleleri çözmegiň ygtybarly ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar.
Eziz Diýarymyz dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda tagalla edýär. Türkmen halky dostluk we ynanyşmak arkaly ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň has ygtybarly bolýandygyna berk ynanyp, ol ýörelgä pugta eýerýär. BMG hem-de onuň düzümine girýän edaralar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine döwletimizde türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar häzirki döwrüň iň bir wajyp meseleleriniň giň toparyny gurşap alýar. Şonuň bilen birlikde ol başlangyçlar döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu bolsa halkara jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar.