"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bag — ýaşaýşyň görki

«Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýän agaçlar Ýer ýüzünde ýaşaýşyň kadaly dowam etmeginiň möhüm şertidir. Şu hakykata pugta göz ýetiren merdana pederlerimiz bag ekmegi iň sogaply işleriň hatarynda goýupdyrlar. «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr» diýen ýaly ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimize eýerip, hormatly Prezidentimiz ekologiýa abadançylygyny emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegini aýratyn üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda giň gerimde döredilýän tokaý zolaklary, bag-bakjaly seýilgähler, bagy-bossanlyklar amatly mikroklimaty döredýär, daşky gurşawy arassa saklamaga ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, her ýyl ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleri geçirilip, ýurdumyzda köp mukdarda miweli we saýaly agaçlaryň nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna yzygiderli ideg edilýär. Şeýle hem sähra ýerlerinde sazak, selin, daglyk ýerlerinde arça, derýa boýlarynda bolsa dürli baglaryň emeli tokaý zolaklary döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizde zähmetsöýerligi terbiýelemekde, bereketli topragymyza, onuň tebigy baýlyklaryna söýgülerini artdyrmakda bag ekmek işi örän uly ähmiýete eýedir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 13-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 55 — 75 %.

«Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär...»

Tebigatyň gurluşy şeýle. Janly zatlaryň hemmesi wagtyň geçmegi bilen gojalýar. Ornuny indiki nesillere berýär. Agaçlar, baglar hem dünýäniň özboluşly bir barlygy. Olar ýaşaýyş üçin iň zerur bolan zady — arassa howany üpjün edýärler. Şonuň üçin hem bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar». Şahyr müň keren mamla. Hut şonuň üçin hem dünýä döwletleriniň köpüsinde, şol sanda biziň ýurdumyzda-da iň hormatly myhmanlara agaç nahallaryny oturtdyrmak mertebe hasaplanylýar. 6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär (Ýaş žurnalistiň sözi)

Dünýä kitabynda onuň ady bar. Gara Seýitliýewiň bu iki setirini, megerem, bilmeýän ýok bolsa gerek. Kerim Gurbannepesowyň: «Asman diýseň, ýyldyz düşýär ýadyňa» diýşi ýaly, bag ekmek diýilse gönüden-göni şol iki setir ýadyňa düşýär. Hawa, 6-njy noýabrda talyp deň-duşlarymyz bilen ählihalk bag ekmek dabarasyna barýan wagtymyz hem şol iki setir dilimize sena bolupdy... Sözümiziň başyny şahyrlardan başlamagymyz ýöne ýere däl. Çünki şol günki ählihalk bag ekmek dabarasy halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň eteginde täze bina edilýän ýadygärliginiň töwereginde boldy. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini bu ýerde geçirmekligi hormatly Prezidentimiziň hut özi teklip edipdi. Bu hem milli Liderimiziň dana şahyrymyza goýýan uly sarpasyndan nyşan.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 11-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65 %.

Abadançylygyň möhüm şerti

Ekologiýa arassalygy Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki wagtda tutuş dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu gün dünýäniň geosyýasy we geoykdysady şertleri ykdysady durnuklylygyň, energetiki ösüşiň, ekologiýa ulgamynyň abadançylygynyň, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerlikli we öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň dogry usullaryny işläp düzmegi talap edýär. Sagdynlyk we bagtyýarlyk, arassa suw we sanitar hyzmatlary, elýeterli we arassa energiýa, durnukly şäherler we jemgyýetler, arassa howa, suwdaky durmuş, gury ýerdäki durmuş ýaly ugurlar ekologiýa bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Baky Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýän we özgerýän döwründe ýurdumyzyň ekologiýa deňagramlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz 5-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ekologiýa we howa meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini esasy ugur edinýändigini aýratyn belläp geçdi. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) gatnaşma

Bagym bar — barym bar

Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatynda ekologiýa meselelerine uly üns berlip, bu ulgamda eziz Watanymyzyň täsin tebigatyny goramaga, baýlyklaryny aýawly peýdalanmagy üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ekologiýa abadançylygynyň baş ugurlarynyň biri bolan bagy-bossanlygy döretmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda her ýyl millionlarça agaç nahallary oturdylýar. Şäherleriň, obalaryň töwerekleri, binalar toplumlarynyň, desgalaryň ýanlary owadan bag-bakjalar, seýilgähler, güller bilen özboluşly sazlaşyp, adamlaryň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýän gözel görnüşi döredýär. Dag etekleriniň, dereleriň, ýaýlalaryň, sähralyklaryň hem tokaý zolagyna öwrülmegi oňyn tebigy şertleri emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda durmuş gurşawyny ekologiýa taýdan gowulandyrmak, şäher, şäherýaka we oba ýerlerinde ýaşyl zolaklary kemala getirmek boýunça bag ekmek işlerine uly üns gönükdirýär. Köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli geçirilýän bu çäreleriň netijesinde eziz Watanymyzyň giň çäklerinde adam eli bilen döredilen, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän tokaý zolaklary peýda boldy, olardaky baglaryň sany onlarça milliona ýetdi. Her bir şäheriň, şäherçäniň, obanyň daş-töwereginde tokaý zolaklary döredildi.

Ekologiýa medeniýeti — sagdynlygyň kepili

Bilşimiz ýaly, Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, adamyň tebigata ýetirýän täsirini kadalaşdyrmak üçin uly mümkinçiliklere ýol açyldy. Tebigy baýlyklarymyzy maksadalaýyk we halk bähbitleri üçin peýdalanmakda edilýän işler nusga alarlyk başlangyçdyr. Daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Milli Liderimiziň ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge hyzmat edýär.

Bag ekmek — asylly ýörelge

Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy 6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.

Tebigat gözel — Watan gözel (Ýaş žurnalistiň sözi)

Bag ekmek däbe öwrülen gowulyklarymyzyň biri bolup, durmuşymyza ornaşdy. Ýurdumyzda bu asylly däbe bir adam ýaly bolup eýerýärler. Tebigatymyzy Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, çyn ýürekden söýmek, onuň baýlyklarynyň üstüni ýetirmek watançylyk hereketine öwrüldi. 6-njy noýabrda ýurdumyzda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhy bu sogaply işe aýratyn bir joşgun berdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Sogaply iş kalplara nur ýagdyrýar

Şenbe güni ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik çäresine işjeň gatnaşdylar. Bu çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda daragtlaryň 30 million düýbüni ekmek boýunça geçirilýän watançylyk hereketiniň buýsançly beýanyna öwrüldi. Bag ekişlik çäresine Dänew etrabynyň Seýdi şäherinden Farap etrabyna barýan awtomobil ýolunyň ugrunda, Amyderýanyň üstünden gurlan Seýdi — Farap köprüsine golaý ýerleşen meýdanda badalga berildi. Bag ekişligiň geçirilen meýdanynyň gabadynda «Bagbanlaryň ýazlagy» diýlip atlandyrylan ilatly ýer hem ýerleşýär. Edil şu ýerde 3-4 gektar çemesi meýdanda täze bag döredi.

Adamzat ýaşaýşynyň gönezligi

Ýurdumyzda ekologiýa syýasaty halkyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak arkaly ekologiýa taýdan arassa önümçiligi döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Milli tebigaty goraýyş strategiýasy ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda we ekologiýa babatda wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Aslynda, «ekologiýa» düşünjesi örän giň bolup, ol adamyň we onuň daşky gurşawynyň özara baglanyşygyny öz içine alýar. Ekologiýa ýagdaýy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň iýmitleniş ýagdaýyny gowulandyrmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagyny gazanmak, suw we tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr.

Sazlaşykly gözellikleriň mekany

Bagtyýar zamanada beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän gür bagly seýilgählerdir ýaşyl zolaklar, paýtagtymyzyň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen bir hatarda, arassa ekologiýa gurşawyny we adamlaryň sagdyn ýaşamaklaryny üpjün edýän zerurlyk bolup durýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy noýabrynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda we paýtagtymyzda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi eziz Diýarymyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýaşyl zolaklaryň täze tapgyrlarynyň döredilmeginde örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan bu çäräniň Watanymyzy, mähriban paýtagtymyzy gür baglyga büremäge gönükdirilendigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 30 million düýbi oturdylýar. Şolaryň 10 millionynyň ak mermerli paýtagtymyzda ekilýändigi hem aýratyn guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr, en

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 8—14-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+lo-dan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +8...+10o-dan +15...+17o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-7-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2o sowukdan +2...+4o aralygynda maýyl, gündizlerine +7...+9o-dan +14...+16o aralygynda maýyl bolar.

Sogaply işiň başynda

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi adamlaryň saglygyny goramak, dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilmeli işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlygy ösdürmek baradaky maksatnama — munuň özi ähli adamzady tolgundyrýan howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek ugrunda bütindünýä işine saldamly goşantdyr.

“Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy...”

AHALDA Gadymy Ahal ýaýlasynyň bagtyýar ilatynyň eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga we gülzarlyga öwürmek babatdaky asylly işlere işjeň goşulýandygy nobatdaky zähmet baýramçylygynda hem aýdyňlygy bilen äşgär boldy. Güýzki bag ekmek möwsümine badalga bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary uly hyjuw we çäksiz höwes bilen gatnaşdylar.

Bag — zeminiň görki

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu şanly ýylda geçirilen mejlisindäki çykyşynda ata-babalarymyzdan bag ekmek, bagy-bossanlygy döretmek bilen bagly miras galan däp-dessurlarymyz barada söz açdy hem-de häzirki wagtda bu ýörelgelere eýerilýändigini, her ýyl ýurdumyzda millionlarça bag nahallaryny ekmegiň asylly däbe öwrülendigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda 25 million düýp miweli, saýaly, pürli baglar hem-de üzüm ekilen bolsa, bu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ilkinji gezek 30 million nahal oturtmak göz öňünde tutulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerilip, her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi ählimizi begendirýär. Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça şeýle asylly işlere jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri bolup işjeň gatnaşmagymyz tebigata, daşky gurşawa bolan söýgimiziň artmagyna getirýär.

Bir nahal ekseň, ýaşyň baky

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada nusgalyk işler amala aşyrylýar. Her ýylda ýurdumyzda ýaz we güýz möwsüminde agaç nahallarynyň ekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny nesillere geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde «Milli tokaý maksatnamasynyň» çäklerinde ýaşyl zolaklary hem-de tokaý zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Kämil nesle tämiz tebigat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek­de uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň, şä­her­çe­le­riň hem-de oba­la­ryň tö­we­rek­le­rin­de to­kaý zo­lak­la­ry dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da her ýyl ýaz­ky we güýz­ki möw­süm­ler­de mil­lion­lar­ça bag na­hal­la­ry­ny oturt­mak in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Bu asyl­ly dä­biň ýyl­sa­ýyn bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy bol­sa gü­neş­li Di­ýa­ry­my­zyň te­bi­ga­ty­ny go­ra­mak­ly­ga, bio­dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak­ly­ga we kö­pelt­mek­li­ge, bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň tä­miz ho­wa­dan dem al­mak­la­ry­ny üp­jün et­mek­li­ge döw­let de­re­je­sin­de uly üns be­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. 6-njy no­ýabr­da go­ja­man Kö­pet­da­gyň gö­zel kün­je­gin­de güýz­ki möw­süm­de äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy bo­lup geç­di. Bu çä­rä hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň gat­na­şyp ak pa­ta ber­me­gi ýurdumyzda geçirilýän bag ek­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň ru­hu­be­lent­li­gi­ni has-da be­len­de gö­ter­di. Şeý­le-de äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­na Mej­li­siň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, Hö­kü­met ag­za­la­ry, ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­dyr ta­lyp ýaş­la­ry hem-de