Bagym bar — barym bar

9 Noýabr 2021
2010

Garaşsyz Türkmenistanyň syýasatynda ekologiýa meselelerine uly üns berlip, bu ulgamda eziz Watanymyzyň täsin tebigatyny goramaga, baýlyklaryny aýawly peýdalanmagy üpjün etmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ekologiýa abadançylygynyň baş ugurlarynyň biri bolan bagy-bossanlygy döretmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda her ýyl millionlarça agaç nahallary oturdylýar.

Şäherleriň, obalaryň töwerekleri, binalar toplumlarynyň, desgalaryň ýanlary owadan bag-bakjalar, seýilgähler, güller bilen özboluşly sazlaşyp, adamlaryň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýän gözel görnüşi döredýär. Dag etekleriniň, dereleriň, ýaýlalaryň, sähralyklaryň hem tokaý zolagyna öwrülmegi oňyn tebigy şertleri emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda durmuş gurşawyny ekologiýa taýdan gowulandyrmak, şäher, şäherýaka we oba ýerlerinde ýaşyl zolaklary kemala getirmek boýunça bag ekmek işlerine uly üns gönükdirýär. Köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli geçirilýän bu çäreleriň netijesinde eziz Watanymyzyň giň çäklerinde adam eli bilen döredilen, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän tokaý zolaklary peýda boldy, olardaky baglaryň sany onlarça milliona ýetdi. Her bir şäheriň, şäherçäniň, obanyň daş-töwereginde tokaý zolaklary döredildi.

Dagdan SERDAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.