Bag — zeminiň görki

7 Noýabr 2021
1911

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu şanly ýylda geçirilen mejlisindäki çykyşynda ata-babalarymyzdan bag ekmek, bagy-bossanlygy döretmek bilen bagly miras galan däp-dessurlarymyz barada söz açdy hem-de häzirki wagtda bu ýörelgelere eýerilýändigini, her ýyl ýurdumyzda millionlarça bag nahallaryny ekmegiň asylly däbe öwrülendigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda 25 million düýp miweli, saýaly, pürli baglar hem-de üzüm ekilen bolsa, bu ýyl Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ilkinji gezek 30 million nahal oturtmak göz öňünde tutulýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerilip, her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi ählimizi begendirýär. Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça şeýle asylly işlere jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri bolup işjeň gatnaşmagymyz tebigata, daşky gurşawa bolan söýgimiziň artmagyna getirýär.

Ogulgerek KÖŞEKOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bölüm müdiri.