Tebigatyň gurluşy şeýle. Janly zatlaryň hemmesi wagtyň geçmegi bilen gojalýar. Ornuny indiki nesillere berýär. Agaçlar, baglar hem dünýäniň özboluşly bir barlygy. Olar ýaşaýyş üçin iň zerur bolan zady — arassa howany üpjün edýärler.
Şonuň üçin hem bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar». Şahyr müň keren mamla. Hut şonuň üçin hem dünýä döwletleriniň köpüsinde, şol sanda biziň ýurdumyzda-da iň hormatly myhmanlara agaç nahallaryny oturtdyrmak mertebe hasaplanylýar. 6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi.