"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Akrap ýeli çalanda

Milli senenamamyzda 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýän akrap döwri barada ata-babalarymyz örän köp aýtgylary galdyrypdyrlar. Olaryň ählisinde-de bu döwürde howanyň çalt üýtgäp durýandygy barada aýdylýar. Akrap döwri başlanan badyna howa, bir görseň-ä, ýazyň güni ýaly maýyldyr, sähel salymdan görseňem, howanyň ýüzi gamaşyp, tozanly ýel göz açdyrman durandyr. Käte iniňi tikenekledýän sowuk şemaly-da bardyr. Bu ýagdaý «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýen aýtgyny ýadyňa salýar. Käbir ýyllarda akrapda howanyň birden sowap, garyň ýagýan wagtlary-da bolýar. Şonuň üçin bu döwürde daýhan-da, maldar-da hüşgärligi elden berenok. Ýygnap ýetişmedik gök we bakja ekinleriniň meýdandaky hasylyny çalt ýygnamagyň aladasy bilen bolýar. Ekinleriň käbiriniň hasylynyň üstüne pena bolsun diýlip, ot-çöp basylyp goýulýan wagtlary-da bolýar. Mysal üçin, kädini şeýdip goýaga-da, gijiräk ýolsaň, onuň tagamy örän süýjeýär. Muňa ata-babalarymyz «Akrabyň ýeli çalan» diýipdirler. Keminäniň: «Akrap ýeli geçer bu ýektaý dondan» diýip ýazyşy ýaly, akrabyň soňy gyşyň başlanýan döwrüne gabat gelensoň, aýazly günlere-de ýazyp gidiberýär. Şonuň üçin-de, «Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly» diýlipdir. Şeýle diýmek bilen, ata-babalarymyz tebigatyň iň bir gazaply döwri bolan gyş paslyna irgözinden taýýarlyk görmegi ündäpdirler. Şoňa görä-de, pasyl çalşygynyň döwri bolan durnu

Güýzüň göwher şelpesi

(Oýlanma) Güýzüň göwher şelpeleri Günüň tylla tygyna aýratyn öwşün atyp, dideleriňi dokundyrýar. Ene tebigat zerbaplygy süňňüne siňdiren gül-gunçalary ýanýodalarda, aýmançalarda ýerläp, daş-töwerege güýzüň gülýakalaryny, hünjülerini we ysyrgalaryny dakyp çykypdyr, sary ýapraklary bolsa topraga düşäp çykypdyr. Gülleriň ysy, günleriň mazmuny bu güýze has üýtgeşikligi, syrlylygy bagyş edýär. Hon-ha, durnalar ýola şaýlanypdyr. Pessaýja gykuwlaýan durna asmandan zaryn owaz bilen gülkeşde deýin owadan Diýardan az möhletligem bolsa aýra düşýänini ýaňzydýar. Gülleriň reňki zer çaýylan ýaly. Güýz gülleri enaýy yranyşyp we çawuş çakyp otyrlar. Olar baglara ýaraşyk berip, ýürekleri gozgalaňa salýar. Salkym-salkym üzümler hoşasyndan bal döküp, bulduraşyp durlar. Güýzän asal üzümleriň dady dahanlara lezzet, desterhanyň başyna üýşenlere hezzet bolup hödürlenýär. Hawa, «Güýzüň berekedi — ýazyň hereketine bagly» diýleni. Ene toprak eçilibilenini eçilipdir, birneme giç ýetişýän ekinler pellerde rysk bolup çogsa, güýzän hasyly ýygyp tükederli däl. Bu, elbetde, ryskdan-bereketden alamatdyr. Hawa, güýze teşne köňlüme buýsanara, ylham alara delil kän indi. Güýzde doglanymdanmy, nämemi, bu paslyň ylhamyma has ýazylganlyk berýändigimi duýýaryn. Her bir zatda ýazmaga delil, joşmaga sebäp tapamsoň, seýilbaglarda, seýilgählerde, Botanika bagynda häli-şindi gezim etmek endigim bar. Güýz gelse, şol

Gezen — derýa

«Garrygala myhman barsaň, // Gujagyny geren daglar» — diýýän bagşynyň hoş owazy her sapar göwün guşumy al-asmana uçuryp goýberende, biygtyýar gözlerimi ýumup, Hasar dagyna, Soňudaga, Gerkez obasyna gaýybana syýahat ederdim. Emma bu sapar welin, hyýalymdaky şol keremli ýerlere baryp görmek miýesser etdi. Gadymy Gerkez obasynyň çetinden dagy etekläp gidýän Sumbar derýasy birgeňsi şildiräp, özüne maýyl ediji aýdym bolup, saz bolup, şygyr bolup döredijilik hyjuwy bilen akyp ýatyr. Onuň täsin owazyna diň salyp, ylhamyňa hyjuw berýän gudratyna uçradym. Men bu gözel mekana ýetmek üçin ak mermere beslenen Aşgabat hem Arkadag şäherleriniň üsti bilen ganat baglap uçup geldim. Ýolugra gadymy Nohur obasynyň täsinliklerini synlap, ir-iýmişlerinden dadyp, lezzet aldym. Ussat tebigatyň nepislik bilen döreden bu künjeginiň dag ýoly bilen göni Gerkez obasyna gelenimde, bu obanyň her daban ýeri maňa juda eziz göründi. Gele-gelmäne Sumbar derýasy bilen didarlaşmaga howlukdym. Onuň buz ýaly durnagöz suwundan goşawujymy dolduryp içmäge hyýallanan çagym edil golaýjagymdan bir ýerden:

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi — barlygyň gymmatly baýlyklary

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp genetik gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek, ylmy taýdan öwrenmek, geljekki nesillere ýetirmek şu günki günüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şunda Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça bellenen çärelerem ünsden düşmeli däldir. Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň umumy eýeleýän 49,12 million gektar meýdanynyň 38,5 million gektaryny Garagum tutýar. Ol Türkmenistanyň düzlük çäkleriniň köp bölegini eýelemek bilen, ir wagtlardaky derýa akymlarynyň çökündileriniň hasabyna dörän çäge-çöllüge degişlidir. Çöl meýdanlary täsin ekologik ulgam bolup, onuň biodürlüligi köp sanly ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerini öz içine alýar.

Bötendagyň tokaýy

ýa-da sapardan soňky ýazgylar Öňräk redaksiýanyň tabşyrygy boýunça Sarygamyş kölüni etekläp oturan Bötendag obasyna döredijilik saparyna ugradym. Nalajyň gyryndan ötüp, günbatarlygyna tutduryp barýan ýol bilen gidip oturyşyma, «Köllük» diýilýän zeý suw akabasyny kesip geçenimizden ümürsin tokaýlyklar başlandy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5... +10 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14... +19 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Dereleri barly daglar

Magtymguly etrabynda ýerleşýän Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Goraghananyň çäklerinde ýerleşdirilen surat gapanlarynyň kömegi bilen seýrek duş gelýän ýyrtyjy haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerine, iýmitlenişine, köpelişine gözegçilik edilýär. Häzirki wagtda goraghananyň işgärleri tarapyndan ýabany haýwanlaryň gyş paslyndan abat çykyp bilmekleri üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýörite meýdanlardaky ammarlarda arpa saklanylýar. Şeýle hem ýazlyk otlaryň, ýorunjalaryň bedeleri, ýandak küdeleri ýygnalyp, ot-iým gorlary döredilýär. Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, arça, dagdan, kerkaw, badam, pisse, endap ýaly ösümlikleriň tohumlary ýygnalyp, ýörite nahalhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Soňra bag nahallary oturdylyp, goraghananyň çägindäki tokaýlyklar giňeldilýär. Türkmenistanda diňe Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň günorta eňňitlerinde tebigy görnüşde gabat gelýän, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen türkmen selmelegine duşmak bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu ösümligiňem tohumlary ýygnalyp, şitil edilip, ösmäge ukyply bolan meýdanlarda ekilýär. — Biz — ylmy işgärler elmydama täze zatlaryň gözleginde gezýäris. Işgärlerimiz tarapyndan ýyrtyjy haýwanlaryň aýak yzlary yzarlanyp, ýaşaýan ýerleri anyklanýar, şol ýerlerde surat gapanlary gurulýar. Ýakynda goraghanamyzyň Çendir böleginde üç çagaly alajagaplaň hasaba

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +18... +23 gradus maýyl bolar.

Miwesi datly daragt

Tebigaty, daşky gurşawy gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyzda tebigatyň we daşky gurşawyň goraglylygy kanun esasynda kepillendirilendir. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda obalardyr şäherçeler, şäherler bagy-bossanlyga bürelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ählumumy durnukly ösüşiň möhüm bölegidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara işjeň goşulýar. Ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen wajyp meseleleri çözmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlarynyň dünýäde goldanylyp, ýurdumyzda giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bizi diýseň buýsandyrýar.

Täsin ukyply guş

Hüwüleriň örän ýumşak perleri bar. Olaryň ganat kakyşy-da, ýelekleriniň çygşyldysy-da eşidilmeýär. Bu guşlar gijelerine awa çykýarlar. Gijäniň tümlüginde gymyldysyz ýatan syçany-da görüp bilýärler. Olaryň eşitgirligi-de örän güýçlüdir. Hüwüler boýunlaryny bir öwrüme çenli aýlamagy başarýarlar, özi-de göwresini gymyldatman diňe bir tarapa aýlaýarlar. Ullakan tegelek gözlerini gyrpman, töwerege dykgatly nazaryny dikýän hüwüler gadymy greklerde pähim-paýhasyň nyşany hökmünde şöhratlanypdyr. Ýurdumyzda giňden ýaýran, peýdaly hem-de goraga mätäç bu guşlar ähli ýerde: tokaýlarda, sähralarda, çölde, düzlüklerde we daglarda ýaşaýarlar. Daglaryň iň belent ýerlerinde-de, aşaky guşaklygynda-da, dag eteklerinde-de, depeliklerde-de mesgen tutýarlar. Köplenç derýalaryň boýlarynda, howdanlaryň töwereklerinde bolýarlar. Sebäbi şol ýerlerde olara iýmit gory ýeterlik bolýar. Towşanlardan başlap, syçan görnüşli gemrijiler, kirpiler we beýleki mör-möjek iýijiler bilen iýmitlenýärler.

Owadan hem peýdaly

Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň owadanlygy bilen görenleriň nazaryny özüne çekýän görnüşleriniň biri-de ýemşendir. Bu ösümlik örän berk bolup, uzak ýaşamaga ukyply agaçlaryň biridir. Dört metre golaý boýy bolýan ýemşeniň ýapraklary hatar-hatar, iki tarapy-da tüýjümekdir. Ýemşeniň gyzyl reňkli miwesi süýji tagamly bolup, ol sentýabrda bişip ýetişýär. Miwesini ýapraklary dökülip başlandan soň ýygsaň has-da tagamly bolýar. Gyşda sowuga çydamly, tomsuna gurak howa durnukly bolan ýemşen agajy örän peýdalydyr. Ol giňişlik meýdanda gowy ösýär. Bu agajyň her düýbünde 50 kilograma çenli miwesi bolýar. Onuň miwesini kada laýyk kakatsaň, dermanlyk häsiýetini 8 ýyla çenli ýitirmeýär. Terje miwesinden mürepbe, şire suwuny taýýarlap bolýar.

Suw gadyryny balyk biler

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Aýrylyp» atly şygrynda «Suw gadyryny balyk biler» diýip aýdýar. Balygyň ömri suw bilen bagly. Balyklar ýaşaýan suw giňişligi bilen baglylykda süýji suwda ýaşaýan, göçýän, şeýle hem şor suwda ýaşamaga uýgunlaşan toparlara bölünýärler. Gojaman Hazar deňzinde hem kepir, çapak, garabalyk, takgaz, kefal, külke, şeýle hem doky, bekre, tirana ýaly gymmatly balyklaryň ençeme görnüşi bar. Söp balygy bekre balygynyň bir görnüşidir. Ol bekre balyklarynyň beýleki görnüşlerinden aşaky dodagynyň tutuşlaýyndygy, murtlarynyň seçeklidigi bilen tapawutlanýar. Uzynlygy 220 santimetre, agramy 80 kilograma çenli ýetýänleri hem bolýar. Olar Hazar deňziniň türkmen kenarynda çuňlugy 10 metrden ýokary bolan ýerlerde ýaşaýarlar. Bu balyklar köpelmek üçin derýalara geçýärler. Ýaz-tomus döwründe suwuň derejesi 15-20 gradusa ýetende, köpelýän söp balyklarynyň önümliligi 280 müňden 576 müň işbile çenlidir. Otuz ýyldan gowrak wagta çenli ýaşap bilýän söp balygy düýbünden ýitip barýan görnüş bolup, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Dünýäde iň uly kaktus

Kaktuslaryň müňlerçe görnüşi bolup, geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde olaryň dünýäde iň uly görnüşiniň saguarodygy anyklanyldy. Saguaro kaktusy Meksika bilen ABŞ-nyň Arizona ştatynyň çäginde ýerleşýän Sonora çölünde ösýär. Bu kaktus 150 ýyl ýaşap, beýikligi 18-20 metre çenli uzaýar. Kaktusyň tapawutly aýratynlygy, onuň otuz ýyldan soňra «bat alyp» ösmegidir. Ömrüniň ilkinji onýyllygynda kaktus islendik çöl agajynyň ýanynda ösüp, onuň kölegesinde gyzgyn Günüň howrundan, epgekden goranýar. Agajyň köküniň çägäniň çuňluklaryna ýaýran ýerindäki nemden peýdalanýar we ýyllaryň dowamynda suw goruny toplaýar. Şeýle-de çöle seýrek bolsa-da, ýagyş ýagan mahaly saguaro suwy özüne siňdirip, ençeme tonna agrama ýetýär. Ýagny kaktusyň agramy 10 tonna ýetip, onuň 2 tonnasy suwdur.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +21... +26 gradus aralygynda maýyl bolar.

Güller dünýäsine syýahat

Hindistanda baýramçylyklar, toýlar, doglan günler gül bezeglerisiz geçirilmeýär. Mysal üçin, hindi toýlarynda gelniň we ýigidiň töweregine gül bezegi goýulmasa ýa-da gül ýapraklary ýuwulmasa, däpleriň doly ýerine ýetirilmeýändigini görkezýär. Bu gün okyjylary Hindistanyň meşhur ajaýyp gülleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrmak isleýäris. Lotos hindileriň milli güli hasaplanýar. Ynanja görä, hindiler bu täsin güle suwuň mukaddes güli hökmünde garaýarlar. Şeýle-de bu güle Hytaýda, Ýaponiýada, Müsürde, Şri-Lankada duş gelmek bolýar. Lotosyň hindi lukmançylygynda ulanylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Onuň düzüminde ýüzüň ýygyrdyny aýyrýan ýag bar. Lotos gülüni suwuň ýüzüni, howuzlary bezemek üçin ulanýarlar. Bu gül iýul-awgust aýlarynda gülläp başlaýar.

Seýrek duşýan gymmat bahaly daşlar

Grandidýerit. Käbir seýrek duş gelýän gymmat bahaly daşlaryň atlaryny ýatda saklamak kyn. Köp minerallaryň ady ony açyş edenler bilen baglylykda atlandyrylýar. Gürrüňini edýän daşymyz hem şeýle minerallaryň biri. Bu mineral ilkinji gezek 1902-nji ýylda Madagaskary öwrenen fransuz gözlegçisi we tebigaty öwreniji Alfred Grandidýer tarapyndan tapyldy. 1911-nji ýylda Jeýms Duaýt Dan daşyň beýanyny «Mineralogiýa ulgamynyň» altynjy neşirine goşdy. Käbir çeşmelere görä, grandidýeritleri diňe Madagaskarda däl, eýsem, ABŞ-dan, Täze Zelandiýadan, Norwegiýadan, Italiýadan we Şri-Lankadan hem tapyp bolýar. Grandidýerit owadan ýaşyl, gök, mawy reňklerde bolup, trihroizm häsiýetli mineraldyr. Bu daş ak reňkde hem öwüsýär. Mineralyň näderejede seýrek duş gelýändigi aşakdaky maglumatlardan hem mälim bolsa gerek. Häzirki wagtda bary-ýogy sekiz daş hakyky grandidýer hasaplanýar. Mineral şaý-sepleriň daşy hasaplansa-da, ony şaý-seplerden tapmak mümkin däl diýen ýaly. Iň arassa ýüzli grandidýerite başda bir seýrek duş gelýän mineral, ýagny serendibit diýlip ýalňyşyldy. Hakykat ýüze çykarylandan soň, aslynda, Şri-Lankadan gelen bu daş 2000-nji ýylda Şweýsariýanyň gymmat bahaly minerallara ökde hünärmeni, professor Gübelin tarapyndan satyn alyndy.

Haý­wan­la­ry­myň kys­sa­sy (Ýat­la­ma- oçerk­ler)

Aleksandr DÝUMA,fransuz ýazyjysy (Do­wa­my. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Sähralarymyzyň täsin wekili

Dünýäniň köp ýerlerinde duşýan bu haýwan özüniň üýtgeşik daşky keşbi, ýagny, syh-syh, ala, uzyn tikenleri bilen tapawutlanýar. Oklukirpiler gemrijiler maşgalasyna degişli bolup, olaryň bedenleriniň uzynlygy 1 metre, agramy bolsa 27 kilograma çenli ýetýär. Olaryň tikenleriniň reňki ala bolup, uzynlygy 40 santimetre, ini bolsa 7 millimetre golaýdyr. Guýrugyndaky ak tikenleri biraz gysga bolsalar-da, beýlekilerden gaty we ýogynrakdyr. Oklukirpiler ujy ýiti tikenlerini duşmanlaryndan goranmakda ezberlik bilen ulanýarlar. Çaga döwrümizde oklukirpiler özüne howp salýanlara iňňesini atýarmyş, şol sebäpli onuň golaýyna baryp bolmaýarmyş diýen gürrüňleri eşiderdik. Ýöne ulalanymyzda bu haýwanlaryň iňňelerini atmasalar-da, olary duşmanlaryndan goranmakda peýdalanýandygyny ylmy edebiýatlardan öwrendik. Oklukirpiler gorananlarynda, duşmanyna tarap arkasyny öwürýärler we gaçmak bilen bolýarlar. Şonda oklukirpiniň kastyna çykanlar hem onuň yzyna eýermeli bolýarlar. Oklukirpiler duşmanyň yzyndan ýetip, has golaýlanyny duýanda bolsa, iňňelerini hüžžerdip, sakga durýarlar. Şonda awa kellesi gyzan duşmany badyny saklap bilmän, onuň ýiti iňňeleriniň awusyny datmaly bolýar. Güýçli agyry olary awyndan daşlaşmaga mejbur edýär. Oklukirpileriň döwlen iňňeleriniň ornuna täzeleriniň çykýandygyny, özi-de olaryň ömrüniň dowamynda iňňeleriniň müňlerçesini täzeleýändigini hünärmenler belleýärler.

Teneçirler — peýdaly jandarlar

Eýsem, biz uzyn bedenli, ýyldyrawuk, goşa ganatly bu möjejik barada nämeleri bilýäris? Ylmy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, teneçirler ýer ýüzünde mundan 300 million ýyl ozal peýda bolupdyrlar. Özleri-de ilkinji bolup asmana göterilen jandarlar hasaplanylýarlar. Olar dik ýokarlygyna, şeýle-de öňe we yza uçup bilýärler. Teneçirleriň kellesiniň aglaba bölegini olaryň gözleri tutýar. Muňa garamazdan, olaryň garaňkylykda görüşleri pesdir. Olar maýdajyk mör-möjekleri, çybynlary uçup barýarkalar awlaýarlar. Özleri-de sagatda 30 kilometr tizlikde uçup bilýärler.

Içýanlar

Içýanlar möý şekilliler synpyna degişli jandarlardyr. Bedeniniň uzynlygy 1 santimetrden 18 santimetre ýetýär. Türkmenistanda içýanlaryň 4 görnüşi ýaşaýar, olardan gara we sary içýanlar ýygy duş gelýärler. Içýanlar gury ýerde ýaşaýarlar. Olar Ýer togalagynyň yssy ýerlerini saýlaýarlar. Olar diňe bir taýýar gaçybatalgalarda gizlenmän, eýsem, özlerine hin hem gazyp bilýärler. Gizlin ýerleriň örän köpsanlysyny gözläp tapýarlar. Öz gaçybatalgasyny terk eden içýan yzyna dolanmaýar we täze gizlin ýer gözleýär. Şonuň üçin gündizine gizlener ýaly onuň çadyra, aýakgaba we beýleki gizlin ýerlere aralaşmagy mümkindir.