Täsin ukyply guş

9 Oktýabr 2024
441

Hüwüleriň örän ýumşak perleri bar. Olaryň ganat kakyşy-da, ýelekleriniň çygşyldysy-da eşidilmeýär. Bu guşlar gijelerine awa çykýarlar. Gijäniň tümlüginde gymyldysyz ýatan syçany-da görüp bilýärler. Olaryň eşitgirligi-de örän güýçlüdir. Hüwüler boýunlaryny bir öwrüme çenli aýlamagy başarýarlar, özi-de göwresini gymyldatman diňe bir tarapa aýlaýarlar. Ullakan tegelek gözlerini gyrpman, töwerege dykgatly nazaryny dikýän hüwüler gadymy greklerde pähim-paýhasyň nyşany hökmünde şöhratlanypdyr.

Ýurdumyzda giňden ýaýran, peýdaly hem-de goraga mätäç bu guşlar ähli ýerde: tokaýlarda, sähralarda, çölde, düzlüklerde we daglarda ýaşaýarlar. Daglaryň iň belent ýerlerinde-de, aşaky guşaklygynda-da, dag eteklerinde-de, depeliklerde-de mesgen tutýarlar. Köplenç derýalaryň boýlarynda, howdanlaryň töwereklerinde bolýarlar. Sebäbi şol ýerlerde olara iýmit gory ýeterlik bolýar. Towşanlardan başlap, syçan görnüşli gemrijiler, kirpiler we beýleki mör-möjek iýijiler bilen iýmitlenýärler.

Hanmeňli HOJAMÄMMEDOWA,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.