Güýzüň göwher şelpesi

22 Oktýabr 2024
477

(Oýlanma)

Güýzüň göwher şelpeleri Günüň tylla tygyna aýratyn öwşün atyp, dideleriňi dokundyrýar. Ene tebigat zerbaplygy süňňüne siňdiren gül-gunçalary ýanýodalarda, aýmançalarda ýerläp, daş-töwerege güýzüň gülýakalaryny, hünjülerini we ysyrgalaryny dakyp çykypdyr, sary ýapraklary bolsa topraga düşäp çykypdyr. Gülleriň ysy, günleriň mazmuny bu güýze has üýtgeşikligi, syrlylygy bagyş edýär. Hon-ha, durnalar ýola şaýlanypdyr. Pessaýja gykuwlaýan durna asmandan zaryn owaz bilen gülkeşde deýin owadan Diýardan az möhletligem bolsa aýra düşýänini ýaňzydýar. Gülleriň reňki zer çaýylan ýaly. Güýz gülleri enaýy yranyşyp we çawuş çakyp otyrlar. Olar baglara ýaraşyk berip, ýürekleri gozgalaňa salýar. Salkym-salkym üzümler hoşasyndan bal döküp, bulduraşyp durlar. Güýzän asal üzümleriň dady dahanlara lezzet, desterhanyň başyna üýşenlere hezzet bolup hödürlenýär. Hawa, «Güýzüň berekedi — ýazyň hereketine bagly» diýleni. Ene toprak eçilibilenini eçilipdir, birneme giç ýetişýän ekinler pellerde rysk bolup çogsa, güýzän hasyly ýygyp tükederli däl. Bu, elbetde, ryskdan-bereketden alamatdyr. Hawa, güýze teşne köňlüme buýsanara, ylham alara delil kän indi. Güýzde doglanymdanmy, nämemi, bu paslyň ylhamyma has ýazylganlyk berýändigimi duýýaryn. Her bir zatda ýazmaga delil, joşmaga sebäp tapamsoň, seýilbaglarda, seýilgählerde, Botanika bagynda häli-şindi gezim etmek endigim bar. Güýz gelse, şol endigim boýunça sünnäli setirlere özen boljak gözellikleri tapmak, synlamak üçin şol ýerlere ýygy-ýygydan baraýmam bar. Oturgyçda oturyp, durnalary ugradan, sary ýapraklaryň aýdymyny diňlän gezeklerim az däl. Her ýyl ömrümiň bir ýylyny gursagyna salyp gidýänem bolsa, güýz maňa şeýle bir eziz.

Dursun TEKÄÝEWA,
şahyr.