"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek berkarar döwletimizde alnyp barylýan ähli işleriň özenini düzýär. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiz öz aýdyň beýanyny tapýar. Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň saglygynyň, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine ägirt uly işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki birnäçe ugurdaş döwlet maksatnamalary bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Türkmenistana we onuň saglygy goraýyş edaralaryna dürli ýyllarda gowşurylan halkara derejeli güwänamalar muny aýdyň tassyklaýar.

Saglyk — durmuşyň görki, ömrüň örki

ýa-da Awazadaky «Awaza» barada kelam agyz Göwünler deňzi küýseýär

Gün şöhlesiniň täsiri

— Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başarmaly, sebäbi diş we süňk dokumalaryna zerur bolan D witaminiň işlenip çykmagyna täsir edýär. Gezelençlere ir säherde, sagat 06:00-dan 09:00-a çenli, agşamlyk bolsa 18:00-dan soň çykmaly. — Kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­lyk

Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, di­kelt­mek hem be­jer­mek ug­run­da taý­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň sa­ýa­syn­da be­ýik iş­ler giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­men hal­ky he­mi­şe yn­san sag­ly­gy­na, sag­dyn dur­mu­şa uly üns be­rip ge­lip­dir. «Sag­ly­gym — baý­ly­gym», «Sag­ly­gyň gad­ryny bil­gil has­sa bol­maz­dan bu­run» di­ýen pä­him­ler hem mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da «Adam döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň iň gym­mat­ly ha­zy­na­sy­dyr» diý­lip yk­rar edi­len Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam­la­ryň sag­ly­gy, bag­ty­ýar dur­mu­şy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da «Il sag­ly­gy — ýurt baý­ly­gy» di­ýen pä­him­den ugur al­nyp, jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da we ola­ry ýok et­mek­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gy­ny dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dür­mek­de ta­la­ba­la­ýyk iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Bu ugur­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ça­ga­lar­da köp

Sag­ly­gym bar — baý­ly­gym bar

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Sag­lyk yn­sa­nyň ze­min ýa­şaý­şy­nyň äh­li üs­tün­lik­le­ri­niň göz­ba­şy­dyr. Ýö­ne ýer­den ata-ba­ba­la­ry­myz: «Sag­ly­gym — baş baý­ly­gym» ýa-da «Baý­ly­gyň sa­ka­sy — sag­lyk» diý­män­dir. El­bet­de, ke­sel­le­me­ýän adam bol­maz, esa­sy me­se­le her bir der­diň der­ma­ny­nyň bol­ma­gyn­da­dyr. Gün­do­gar dün­ýä­sin­de nyg­ta­ly­şy ýa­ly, sag­ly­gyň ga­dy­ry­ny has­sa bol­maz­dan öňin­çä bil­me­giň ze­rur. Mu­nuň üçin adam öz sag­ly­gy ba­ra­da gün­de­lik ala­da edip gez­me­li, yn­sa­nyň sag­ly­gy­nyň onuň uzak ömür sür­mek­li­gi­niň ke­pi­li bo­lup dur­ýan­dy­gy­na dü­şün­me­li. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy şu ba­bat­da şeý­le aýd­ýar: «Jan sag­ly­gyň bol­maz hiç de­ňi-ta­ýy, ag­şam ýa­typ, er­tir şük­rün kyl ýag­şy».

Saglygy goraýyş ulgamy: döwrebap ösüşler, buýsandyryjy sepgitler

Häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň lukmançylyk merkezleri bilen ykjam hyzmatdaşlyk ýola goýlup, bu ulgamda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalardyr şypahanalar, bejeriş-dynç alyş öýleri gurulýar, dünýä lukmançylygynda gazanylýan tejribeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda döwrebap saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Häzir bu ulgamda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmek, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak, şeýle hem saglygy goraýyş edaralary üçin öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly, raýatlaryň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar.

Baş baýlygyň sarpasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ulgamyň beýleki ugurlary bilen birlikde, ýürek-damar kesellerini bejermek we öňüni almak babatda-da uly işler amala aşyrylýar. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana ýurdumyzyň kesel bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-anyklaýyş, maslahat beriş we okuw-usulyýet merkezi hökmünde bellidir. Merkezde ýürek-damar keselleriniň, aýratyn-da, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, ýüregiň işemiýa keseliniň, kardiomiopatiýalaryň sepgit aýratynlyklaryny öwrenmek hem-de öňüni alyş, bejeriş usullaryny işläp düzmek; ýüregiň işemiýa keseliniň dürli kliniki geçişlerinde gabat gelýän ýürek ritminiň bozulmalarynyň çylşyrymly görnüşlerini bejermegiň toplumlaýyn çärelerini işläp düzmek; ýürek ritminiň dürli bozulmalarynyň hirurgik bejeriş usullaryny işläp düzmek we amaly saglygy goraýyşa ornaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça ylmy-amaly işler ýerine ýetirilýär.

Sagdyn jemgyýetiň binýady

Jemgyýetiň abadançylygyny, döwletiň gülläp ösüşini üpjün etmekde bedenterbiýä we sporta wajyp orun degişlidir. Dünýä derejesinde bu ugurlary ösdürmek, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Berkarar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm şertleriň biri hökmünde garalýar. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýip belleýä

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde

«Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr» diýen ýörelgeden ugur alýan ýurdumyzda ilat arasynda keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, olaryň öňüni almak, arassaçylyk-gigiýena kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmak babatda hem uly işler ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň berilmegi bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Alnyp barylýan işlere ISO 9001 standartynyň ornaşdyrylmagy merkeziň hünärmenleriniň öz işlerini ýokary derejede ýola goýýandygyny, zerur hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini tassyklaýar.

Baş baýlygyň goragynda

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzüldi we netijeli durmuşa ornaşdyryldy. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, halkymyz ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilip, ilatyň saglygyny berkitmek, ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak babatynda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen bejeriş hyzmatlaryny etmek maksady bilen, ýurdumyzda birnäçe halkara derejeli saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýat merkezlerinde iň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan anyklaýyş we bejeriş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi.

Ruhubelentligiň mekany

Ynsan saglygy ähli ösüşleriň we üstünlikleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde keselleriň öňüni alyş işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli kanunlar hem-de maksatnamalar kabul edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri esasynda saglygy goraýyş ulgamynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde sanly ulgam arkaly tejribe alyşmak, näsaglara degişli maslahatlary bermek ýola goýuldy. Bu bolsa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini halkymyza ak ýürekden hyzmat etmäge, has netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Raýatlarymyzyň saglygy — döwletimiziň baş aladasy

Şöhratly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň geçen alty aýynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirildi. Bular barada Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem aýratyn durlup geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda nusgalyk işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Dogry iýmitlenmek

Sagdyn ýaşaýşyň üpjün bolmagynda dogry iýmitlenmek wajypdyr. Ekologiýa taýdan arassa tebigy önümlerden kadaly iýmitlenmek adamlaryň saglygyny we ýokary işjeňligini saklamak üçin, çagalaryň bolsa sagdyn ösmegine hem-de kämilleşmegine zerur bolan şertdir. Elbetde, sagdyn ösmek we ýaşaýyş üçin bedene zerur mukdarda beloklar, ýaglar, uglewodlar hem-de mineral duzlar möhümdir. Nädogry iýmitlenmek ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamynyň,  keselleriniň, madda çalşygynyň bozulmalaryna getirýän keselleriň döremegine sebäp bolýar. Nahar bişirilende arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Azyk önümlerini gowy ýuwmaly. Bularyň hemmesi biologik hapalaýjy maddalaryň, mikroblaryň adam bedenine düşmezligini üpjün edýär.

Suwda seresaplyk

Deňze girip, suwa düşmek irden sagat 6:00-dan — 9:00, öýlän sagat 18:00-dan — 21:00 aralygy peýdaly hasaplanýar. Suwda bolmagyň dowamlylygy 30 minutdan geçmeli däldir. Gyzyp durkaň dessine suwa girmekden saklanmaly, dynç alyp, bedeniň temperaturasynyň kadaly ýagdaýyna gelmegine garaşmaly. Günüň ýiti şöhlesiniň astynda uzak wagtlap suwda bolmak ýa-da kenar ýakasynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Günortanyň yssysynda deňze girmek maslahat berilmeýär. Gün şöhlesiniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde Gün urmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda, ilki bilen, näsagy kölegä geçirip kellesini gapdala öwürmeli, köýnegiň ýokarky iliklerini ýazdyrmaly, başyna sowuk ýapgy goýmaly, suw içirmeli. Haýal etmän, «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly. Deňze girilende rugsat berilýän çäklerden daşlaşmaly däl, bu bolsa garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda siziň peýdaňyzadyr.

Saglygyň gadyryny bilgin

■ Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen kadaly we sagdyn iýmitlenmeli. ■ Witaminlere baý bolan önümleri iýmeli.

Görk agyzdan

Edil arassaçylyk, hereketjeňlik ýaly kadaly we dogry iýmitlenmek hem ynsan saglygynyň girewidir. Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolmak bilen, ynsanyň doly bahaly ýaşaýşyny üpjün edýär, ýokanç we ýokanç däl keselleriň birnäçesiniň öňüni alýar. Sagdyn iýmitlenmek — bu iýmit önümleriniň biodürlüliligi, iýmitlenmegiň tertibi, kabul edilýän iýmitiň mukdary, iýmit önümleriniň gözegçiligi ýaly görkezijileri öz içine alýar. Howanyň yssy günlerinde adam bedenindäki himiki madda alyş-çalşygynyň çaltlaşýandygyny, bedeniň energiýany az sarp edýändigini göz öňünde tutup, ýagly hem-de siňmesi agyr iýmit önümlerinden saklanmaly. Gündelik iýmitiňize ýokumlara, minerallara, mikroelementlere baý miweleri, ir-iýmişleri, gök-bakja we süýt önümlerini goşmaklyk maslahat berilýär.

Saglyk — ynsanyň iň uly gymmatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy barha ösdürilýär. Beýik başlangyçlaryň rowaçlanmagy bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ata Watanymyzyň bu ugurda halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, has-da berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, maksatnamalaýyn özara netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Täze taryhy eýýamda ynsanyň baş baýlygy hasaplanylýan saglygy goraýyş syýasaty işlenilip düzülen hem-de kabul edilen hukuk namalarynyň netijesinde üstünlikli amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler

Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy

Sagdyn ýaşaýşyň esasy ýörelgeleriniň biri hem dogry we kadaly iýmitlenmekdir. Bu babatda gaýtadan işlenilýän azyk önümlerinden daşgary, tebigy hem ter önümlerden iýmitlenmek maksadalaýykdyr. Maglumatlara görä, häzirki wagtda Ýer ýüzündäki adamlaryň aglabasy düzüminde ýokumy ýokary derejede bolan ýagly, şekerli, duzly önümleri aşa köp iýýän bolsa, şol bir wagtyň özünde gök önümleri, miwedir ir-iýmişleriň örän az mukdaryny kabul edýärler. Bu bolsa bedeniň kesellerden goranmak ýaly mümkinçiliklerini çäklendirip biler. Hut şonuň üçin kadaly iýmitlenmegiň ýörelgelerine esaslanmalydyrys. Sagdyn iýmitlenmegiň ýörelgeleri:

Il saglygy — ýurt baýlygy

Yssy günler hüşgär bolmaly Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde uly tagallalar edilýär. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň il-gün bähbitli işlerde özüniň beýanyny tapýandygyny subut edýär. Şol bir wagtda her birimiz saglygymyzy goramakda özümiz aladalanmalydyrys.

Hoşboý ysly ösümlik

Ynsan saglygy üçin peýdaly gök otlaryň biri narpyzdyr. Dodakgüllüler maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik yzgarly, ýagty we mes topragy halaýar. Narpyzdan taýýarlanylýan işdäaçarlara, dürli sowuk içgilere tomus paslynda has köp isleg bildirilýär. Aýratynam, narpyzly çaýyň kellagyryny aýyrmakda, rahat uklamakda peýdasy örän uludyr. Gadym döwürlerde narpyzy ömri uzaldýan ösümlik hökmünde hem peýdalanypdyrlar. Bu ösümlikdäki peýdaly serişdeleriň sazlaşygy adam bedeniniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, köp keselleriň öňüni almaga ýardam edýär.