Şöhratly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň geçen alty aýynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirildi. Bular barada Ministrler Kabinetiniň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem aýratyn durlup geçildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleri bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda nusgalyk işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.