Baş baýlygyň sarpasy

20 Iýul 2024
542

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ulgamyň beýleki ugurlary bilen birlikde, ýürek-damar kesellerini bejermek we öňüni almak babatda-da uly işler amala aşyrylýar.

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana ýurdumyzyň kesel bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-anyklaýyş, maslahat beriş we okuw-usulyýet merkezi hökmünde bellidir. Merkezde ýürek-damar keselleriniň, aýratyn-da, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, ýüregiň işemiýa keseliniň, kardiomiopatiýalaryň sepgit aýratynlyklaryny öwrenmek hem-de öňüni alyş, bejeriş usullaryny işläp düzmek; ýüregiň işemiýa keseliniň dürli kliniki geçişlerinde gabat gelýän ýürek ritminiň bozulmalarynyň çylşyrymly görnüşlerini bejermegiň toplumlaýyn çärelerini işläp düzmek; ýürek ritminiň dürli bozulmalarynyň hirurgik bejeriş usullaryny işläp düzmek we amaly saglygy goraýyşa ornaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça ylmy-amaly işler ýerine ýetirilýär.

Ýazmyrat GARAJAÝEW,
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň direktory.