Jemgyýetiň abadançylygyny, döwletiň gülläp ösüşini üpjün etmekde bedenterbiýä we sporta wajyp orun degişlidir. Dünýä derejesinde bu ugurlary ösdürmek, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Berkarar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm şertleriň biri hökmünde garalýar. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýip belleýär. Bu jümlelerde ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketiniň öňünde durýan esasy wezipeler beýan edilýär.