"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglyk — baş baýlyk

— Ýiti, göni düşýän Gün şöhlesinden başgaplary geýmek, saýawanlary ulanmak bilen goranmaly. — Tomus paslynda gezelenje çykylanda kiçi ýaşly çagalar uly adamlaryň gözegçiliginde bolmaly.

Önümleriň terligine ünsli bolalyň!

Ak bazarlarymyz ýylyň ähli paslynda-da güneşli Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän ak-gök önümlerden doly bolýar. Tomus paslynda önüm bolçulygy has-da artýar. Şu günler öý bikeleriniň bakja önümlerinden dürli gaplamalary taýýarlaýan döwrüdir. Şol sebäpli-de önümler gaplanylýan wagtynda onuň düzgünlerini doly we dogry ýerine ýetirmek hökmanydyr. Eger-de arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmese, saglyk üçin howply ýagdaý emele gelip, iýmit zäherlenmesi döräp bilýär. Lukmanlarymyz iýmit zäherlenmesiniň zaýalanan, ýaramaz hilli önümleriň, kesel dörediji mikroblaryň üsti bilen döreýändigini aýdýarlar. Tagamlar taýýarlanylanda ýeterlik derejede gyzgynlyk ulanylmasa, taýýar iýmit önümleri nädogry şertlerde saklanylsa, möhletinden köp wagt duran bolsa, iýmit zäherlenmesine getirip bilýär. Olaryň iň howplulary stafilokokk we botulizm kesel döredijilerinde duş gelýär. Stafilokokk iýmit önümlerine düşende, oňa amatly şertler döräp, endotoksin bölüp çykarýar, şeýle bolsa-da, iýmit önümleriniň ysy, tagamy üýtgemän galyp bilýär. Keseliň alamatlary kellagyry, ýüzüň reňkiniň agaryp, sowuk der basmagy, ýürek bulanma, gaýtarma hem garnyň agyrmagy bilen başlanýar. Bedeniň gyzgynlygynyň 38 — 39 derejä çenli ýokarlanmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Suwda ýüzmegiň saglyga täsiri

Suwda ýüzmek sportuň özboluşly bir görnüşi bolup, ol biziň ýurdumyzda-da giň meşhurlyga eýedir. Onuň aýratynlygy, suw gurşawyndaky fiziki işjeňlige baglylygy bilen tapawutlanýar. Adam bedenine fiziki maşklar we suw gurşawy täsir edýär. Suwuň dykyzlygynyň howanyň dykyzlygyndan ýokary bolandygy üçin, adamyň bedenine agyryly ýagdaýa meňzeş duýgular berip, bu duýga garşy rahat ýagdaýda bolmaga mümkinçilik döredýär. Suwda ýüzülende onuň bedene täsiri deriniň üsti bilen başlanýar. Beden ýuwlup, deri arassalanýar, onuň iýmitlenişi we dem alşy gowulanýar. Suwuň dykyzlygyndan we basyşyndan başga-da, ýylylyk kuwwaty ýüzülýän wagtynda bedene oňat täsir edýär. Ýüregiň işini ýeňilleşdirýär, myşsalary gowşadýar we bogunlaryň işini gowulandyrýar. Suwda ýüzülende adamda köp tarapdan fiziologik üýtgeşmeler bolup geçýär.

Saglygymyz üçin peýdaly maslahatlar

Adam saglygyna peýdaly bolan Gün şöhlesini ýerlikli peýdalanmagy başarmaly. Sebäbi Gün şöhlesi diş we süňk dokumalaryna zerur bolan D witaminiň işlenip çykmagyna täsir edýär. Gezelençler ir säher, sagat 6-dan 9-a çenli, agşamlyk bolsa 18-den soň bolmaly. Gündiz daşaryk çykylanda kelläňe başgap geýmeli, ýaglyk daňmaly ýa-da saýawanly gezmeli.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde

Bagtyýar ýaşaýşyň kepili Şanly ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenýän ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ilatyň saglyk abadançylygy üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda gowy netijeler gazanyldy. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Netijede, ilatyň saglyk ýagdaýy gowulandy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly milli strategiýa, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnama, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça Milli strategiýa, «Türkmenistan

Lukmanyň maslahaty

Saglygymyz öz elimizde! Howanyň gyzmagy bilen, içege keselleriniň döremek ähtimallygy ýokarlanýar. Bu döwürde mikroblaryň köpelmegi üçin amatly şertler döreýär. Tomusda gök önümler, ir-iýmişler ýetişýär, miweler bişýär. Çagalar olary baglaryň şahasyndan ýa-da bakjalardan ýolup iýmegi gowy görýärler. Şol wagt olar önümi we ellerini ýuwmalydygyna üns bermeýärler ýa-da ýadyndan çykarýarlar. Bu ýagdaý bolsa içege ýokanç keselleriniň döremegine sebäp bolýar. Bu kesel, esasan, çagalaryň arasynda köp duş gelýär. Içgeçme (diareýa) içegäniň hereketiniň çaltlaşmagy sebäpli onuň içiniň çalt boşamagy ýa-da suwuň ýogyn içegede sorulma hadysasynyň bozulmagy, içegeleriň diwarlarynda köp mukdarda gaýnaglama suwuklygynyň emele gelmegi netijesinde, suwuk täretiň ýygy-ýygydan (gije-gündiziň dowamynda 3 we ondan hem köp gezek) çykmagy bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýdyr. Keseliň döremegine hapa eller bilen iýmit iýilmegi, hajathanadan çykylandan soň, naharlanmazdan öň we soň çagalaryň elleriniň ýuwulmazlygy, gap-gaçlaryň hapa saklanylmagy, ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleriniň, bişmedik gök we miwe önümleriniň iýilmegi ýa-da çig önümler iýlip, dessine suw içilmegi sebäp bolýar. Lukmançylyk ylmynda bu kesele «hapa elleriň» keseli hem diýilýär. Içege ýokanç keselleriniň esasy alamatlary — gaýtarma, içgeçme, ysgynsyzlyk, kellagyry, garnyň agyrmagy, bedeniň gyzgynlyk derejesiniň ýokar

Ýandagyň dermanlyk häsiýeti

Ýandak ynsanyň jan saglygy üçin örän peýdalydyr. Ol köpýyllyk ösümlik bolup, dermanlyk häsiýeti örän uludyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin beýan edilýär. Halk tebipçiliginde ýandagyň 15 — 20 gram owradylan baldagy 0,5 litr gaýnag suw bilen 10 minut gaýnadylyp, gyzgynlygyna süzülýär. Şol melhemlik bilen dowamly (hroniki) we ýiti içagyry, sanjy, aşgazandaky ýara keselleri, onki barmak içegäniň keselleri, babasyl bejerilýär. Melhemi güýçli içgeçmede 4 — 10 günläp 100 — 200 millilitrden günde 3 gezek, nahardan öň içmeli, çagalara az möçberde hem-de ýygyrak bermeli. Enterkolit, sanjy ýüze çykanda hem ýokardaky möçberdäki melhemlik ulanylýar. Ýiti hem-de hemişelik gastritde bejeriş 5 — 10 gün bolup, ýiti görnüşli bolsa ýandagyň melhemini 1-2 aýlap 100 millilitrden günde 3 gezek nahardan öň içmeli. Örän ýiti gastritde ýandakdan alnan melhemlik ilki-ilkiler ýiti agyry döretmezlik üçin az-azdan, ýagny 2-3 nahar çemçesi möçberinde içilse, has peýdaly. Garyn-içegedäki ýaralary bejermekde ilki ýandak güllemänkä ýa-da ýaňy gülleýän döwri ýygylan ýandagyň suwy bolmaly. Bu melhemi ilki 20 — 30 gün içmeli. Soňra bolsa ýandagyň tohumlanandan soňky ýygylan baldaklaryndan taýýarlanylan melhemi içmeli, ýandak baldagy ýaşka C witaminine baý bolýar. Babasyl keselinde ýandak suwuny günde nahardan öň üç wa

Kanunlar ynsan saglygynyň goragynda

Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Zyýanly endikler diňe bir saglyga zyýan ýetirmän, olar ösen döwletiň medeniýetine gabat gelmeýän närselerdir. Zyýanly endiklerden daşda durmak ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý bolmaklygyny gazanmaga mümkinçilik döredýär. Bu endiklere çilim çekmek, nas atmak, alkogolly içgileri içmek, az hereket etmek, nädogry iýmitlenmek, şahsy arassaçylygy berjaý etmezlik ýaly häsiýetler degişli bolup durýar. Çilim çekmegiň ynsan bedenine edýän ýaramaz täsirlerini hem-de onuň ilatymyzyň saglygyna howp salmagyny aradan aýyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan çäreler toplumlaýyn häsiýete eýedir.

Halkymyzyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Güneşli Diýarymyzda ynsan saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Sporty ösdürmekde, ony durmuşa giňden ornaşdyrmakda amala aşyrylýan işleriň netijesinde sagdyn nesliň kemala gelip, olaryň sport äleminde öz orunlaryny tapýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle bolansoň, köpçülikleýin sporty ösdürmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde wajyp orny eýeleýän sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek, sagdyn, edep-terbiýeli nesli kemala getirmek maşgalanyň hem jemgyýetiň baş maksady bolup durýar. Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň abadan durmuşy baradaky alada ata Watanymyzda bu ugurda alnyp barylýan syýasatda bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.

Suwda ýüzmegiň ähmiýeti

Aslynda sport hemmeler üçin zerur. Onuň islendik görnüşi bilen meşgullansaň-da saglygyň üçin örän peýdalydyr. Sportuň suwda ýüzmek görnüşi ynsan saglygyna has-da oňyn täsirini ýetirýär. Sebäbi sportuň bu görnüşi ähli beden agzalarynyň işini kadalaşdyrýar. Umuman, biziň hemmämiz akar suwy — deňzi, derýalary, çeşmeleri synlamagyň ynsanyň nerw dartgynlylygyny aýyrýandygyny bilýäris. Olarda suwa düşmegiň özi adamy has-da rahatlandyrýar. Şeýle-de, artykmaç agramyňy aýyrmaga kömek edýär. Käbir kesellerde lukmanlar näsaga suwda ýüzmegi maslahat berýär. Sebäbi suw saglygyňy berkidýär. Suwda ýüzmegiň ýüregiň kadaly işlemegine täsir edýändigini aýratyn bellemek gerek. Sportuň bu görnüşi bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň ýürek urşy hemişe kadaly bolýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Dertden saplanmagyň esasy çeşmesi Hemme adamyň gylygy deň bolmaýar. Durmuşda dürli häsiýetdäki adamlara gabat gelinýär. Olaryň hersi durmuşa özleriçe seredýärler. Birisi aladaçyl, gaýgyçyl, ýene biri sähelçe zady hem göwnüne alýar. Beýlekisi bolsa, bigam, hiç bir zady göwnüne-de getirmeýär. Meniň gürrüňini etjek bolýanym aladaçyl adamlar hakynda. Biziň iş tejribämizden görnüşi ýaly, aladaçyl adamlar durmuşyň sähelçe kynçylygyna-da bäs gelip bilmän, was-wasa düşüp, agyr derde sataşýarlar.

Halk lukmançylygy

Garry mollanyň emleri Akyldar şahyrymyz Magtymgyly Pyragynyň atasy, XVIII asyr türkmen akyldary Döwletmämmet Azady — Garry molla diňe alym pedagog, şahyr, filosof däl-de, eýsem, halk lukmançylygyny öwreniji, ynsan saglygyny goramakda göreşiji hökmünde hem giňden tanalýar.

Gün şöhlesinden goranmak üçin maslahatlar

Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň! Tomus aýlarynda Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň!

Tomusda berjaý edilmeli talaplar

♦Ýiti Gün şöhlesinden başgap geýmek, saýawan ulanmak bilen goranmaly. ♦Tomus paslynda gezelenje çykylanda, kiçi ýaşly çagalar uly adamlaryň gözegçiliginde bolmaly. Gezelençler ir säher sagat 06-00-dan 09-00-a çenli, agşamlyk bolsa 18-00-dan soň bolmaly.

Arassa suw — sagdynlygyň çeşmesi

Tomus paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde howa öňkülerden has gyzýar. Bu günlerde arassa agyz suwuny düzgüne laýyk, dogry içýän adamlar özlerini şähdaçyk, ruhubelent we sagdyn duýýarlar. Munuň hem lukmançylyk ylmy tarapyndan ykrar edilen sebäpleri bar. Suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar, ol ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suw içmegiň düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Suw içmegiň hem örän möhüm düzgünleri bar. Şolaryň birinjisi, içiljek suwuň arassa agyz suwy bolmagydyr. Arassa agyz suwy talabalaýyk kabul edilende, bedeniň immun işjeňligi ýokarlanyp, yssy howa zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goranyp bolýar. Tomsuna adam bedeni suwy köp ýitirýär, suwa talaby ýokarlanýar. Suw ýeterlik içilende, bedeniň çyglylyk derejesi saklanýar. Lukmançylyk tejribämiz suwy nahar iýmezden ýarym sagat öň içmegiň talabalaýykdygyny görkezýär. Tomusda günüň dowamynda 1,5-3 litre golaý arassa suw içmeli. Beýleki tarapdan, suwuň gereginden artykmaç kabul edilmegi hem zyýanly. Sebäbi ol be

Tomus pasly we onuň saglyga täsiri

Tomus paslynda ildeşlerimiziň köp sanlysy zähmet rugsadyna çykyp, şypahanalara dynç almaga, saglyklaryny berkitmäge gidýärler. Howanyň has gyzan wagtynda zerurlyk ýüze çykmasa, öýden çykmak ýa-da gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Ylaýta-da, bu gartaşan adamlara we kiçi ýaşly çagalara degişlidir. Öýden çykylanda, saýawan, ak ýaglyklar, baş gaplar bilen ýiti Gün şöhlesinden goranmaly. Gezelenje howanyň salkyn mahalynda irden sagat 06:00-dan 09:00-a çenli, günüň ikinji ýarymynda bolsa 18:00 – 21:00 aralykda çykmak maslahat berilýär. Ýiti Gün şöhlesiniň aşagynda ýa-da açyk meýdanda işleýän raýatlar ýanlarynda hökman arassa agyz suwuny götermeli we ondan wagtal-wagtal içip durmaly, işiň arasynda kölegede dynç almaly. Şeýle hem möwsüme görä geýinmeli we içilýän suwuň mukdaryny bedeniň talabyna görä, teşneligiň ganýança kabul etmeli. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gidýän raýatlar suwa düşmegiň kadalaryny dogry berjaý etmelidirler. Hazar deňziniň kenarynda çägesöw ýerde ýöräp, tolkunlaryň sesini diňläp gezelenç etmegiň nerw ulgamyny rahatlandyryjy, ýakymly täsiri bar. Deňziň ýodly howasyndan dem almak kesele garşy durnuklylygyňy ýokarlandyrýar, ýod ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan keselleriň, osteoparozyň öňüni almaga oňaýly täsir edýär. Deňze suwa düşmegiň hem öz kadasy bar. Bir sagat ýaly suwa düşeniňden soň kenara çykyp, kölegede 15 – 20 minut dynç almaly we üstü

Tomus paslynyň aýratynlyklary

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň gyzmagy netijesinde, Gün şöhlesiniň ýaramaz täsirleri bildirip başlaýar. Gün urma howpy ýokary bolup, ol islendik ýaşdaky adamlarda, ýagny çagalarda, dowamly keselleri bar bolan garry adamlarda ýüze çykyp bilýär. Howanyň gyzgyn mahaly uzak wagtlap gezilende kellagyry, gyzgynyň ýokarlanmagy, ýürek bulanma, gaýtarma we gan basyşynyň beýgelme alamatlary ýüze çykýar. Eger-de şular ýaly ýagdaý ýüze çyksa, haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Çagalarda Gün urmasy ýaş aýratynlygyna görä üýtgeýär, ýagny ýüzi gyzarýar, bedeniň gyzgyny çalt ýokarlanýar, ýürek bulanma, ukusyzlyk, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar peýda bolýar.

Çilim — saglyga zulum

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin milli maksatnama hereketde Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri, kadaly iýmitlenmekleri, zyýanly endiklerden gaça durmaklary, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmaklary, şeýle hem ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa ilatyň ömrüniň dowamlylygynyň artmagyna, hassaçylygyň azalmagyna, howply ýokanç keselleriň öňüniň alynmagyna uly ýardam edýär.

Gün urmasyndan goranyň!

Gün urmasy — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaý. Ol daşarda, deňizde, açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz Günüň aşagynda uzak wagtlap bolnanda ýüze çykyp biler. Gyzgyn howada beden suwuklygy aşa köp bölüp çykarmak arkaly derlemek bilen goralýar. Ýöne derlemek bilen bedenden gerekli maddalar we suwuklyk çykarylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şol sebäpden, tomsuna pasla görä açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri, başgaplary geýmek we ýanyňda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmek maslahat berilýär. Gün urmasynyň alamatlaryna ýürek bulanma, kellagyry, baş aýlanma, umumy gowşaklyk, aşa ukuçyllyk, ysgynsyzlyk, ýüzüň gyzarmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, gulak şaňlamasy, gözüň garaňkyramagy, dem alşyň we ýürek urşunyň çaltlaşmagy, deriniň Güne ýanmagy, çaşmak we tutgaý alamatlary degişlidir. Deňze gidýänlere Günüň şöhlesiniň ýere göni düşýän wagty, ýagny günortan howanyň aşa gyzýan wagty deňizde suwa düşmezlik, baş örtüksiz daşary çykmazlyk maslahat berilýär. Deňze suwa düşmäge gideniňizde, egniňize pagta eşikleri geýmeli, daşary başgaply çykmaly, daşarda bolan wagtyň arassa suwdan köpräk içmelidir.

«Nebitçi» nebitçileriň hyzmatynda

Döwletiň berkararlygynyň binýadynyň pugtalygy, döwrebaplygy, ilkinji nobatda, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesine bagly bolup durýar. Ata Watanymyzyň her bir ýaşaýjysynyň sagdyn, şähdaçyk hem-de ruhubelent ýaşamagy, işlemegi we sapaly dynç almagy üçin döredilýän şertler, sözüň doly manysynda, dünýä nusgalykdyr. Bu babatda diňe bir Balkan welaýatynda amala aşyrylan hem-de täze badalga berlen işlere nazar salanyňda hem ruhuň täzelenip, kalbyňa röwşenlik nury çaýylýar. Türkmen gudratynyň ýene bir jedelsiz güwäsine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Balkan welaýatynyň çägindäki «Mollagara» we «Awaza» şypahanalaryny hem bu buýsançly hakykatyň sanawyna gypynç etmän goşsa bolar.