Dertden saplanmagyň esasy çeşmesi
Hemme adamyň gylygy deň bolmaýar. Durmuşda dürli häsiýetdäki adamlara gabat gelinýär. Olaryň hersi durmuşa özleriçe seredýärler. Birisi aladaçyl, gaýgyçyl, ýene biri sähelçe zady hem göwnüne alýar. Beýlekisi bolsa, bigam, hiç bir zady göwnüne-de getirmeýär. Meniň gürrüňini etjek bolýanym aladaçyl adamlar hakynda. Biziň iş tejribämizden görnüşi ýaly, aladaçyl adamlar durmuşyň sähelçe kynçylygyna-da bäs gelip bilmän, was-wasa düşüp, agyr derde sataşýarlar.