Kanunlar ynsan saglygynyň goragynda

24 Iýul 2024
566

Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Zyýanly endikler diňe bir saglyga zyýan ýetirmän, olar ösen döwletiň medeniýetine gabat gelmeýän närselerdir. Zyýanly endiklerden daşda durmak ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý bolmaklygyny gazanmaga mümkinçilik döredýär. Bu endiklere çilim çekmek, nas atmak, alkogolly içgileri içmek, az hereket etmek, nädogry iýmitlenmek, şahsy arassaçylygy berjaý etmezlik ýaly häsiýetler degişli bolup durýar. Çilim çekmegiň ynsan bedenine edýän ýaramaz täsirlerini hem-de onuň ilatymyzyň saglygyna howp salmagyny aradan aýyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan çäreler toplumlaýyn häsiýete eýedir.

Rejepgeldi TAGANDAŞOW,
welaýat kazyýetiniň bölüm müdiri.