Saglygymyz öz elimizde!
Howanyň gyzmagy bilen, içege keselleriniň döremek ähtimallygy ýokarlanýar. Bu döwürde mikroblaryň köpelmegi üçin amatly şertler döreýär. Tomusda gök önümler, ir-iýmişler ýetişýär, miweler bişýär. Çagalar olary baglaryň şahasyndan ýa-da bakjalardan ýolup iýmegi gowy görýärler. Şol wagt olar önümi we ellerini ýuwmalydygyna üns bermeýärler ýa-da ýadyndan çykarýarlar. Bu ýagdaý bolsa içege ýokanç keselleriniň döremegine sebäp bolýar. Bu kesel, esasan, çagalaryň arasynda köp duş gelýär. Içgeçme (diareýa) içegäniň hereketiniň çaltlaşmagy sebäpli onuň içiniň çalt boşamagy ýa-da suwuň ýogyn içegede sorulma hadysasynyň bozulmagy, içegeleriň diwarlarynda köp mukdarda gaýnaglama suwuklygynyň emele gelmegi netijesinde, suwuk täretiň ýygy-ýygydan (gije-gündiziň dowamynda 3 we ondan hem köp gezek) çykmagy bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýdyr. Keseliň döremegine hapa eller bilen iýmit iýilmegi, hajathanadan çykylandan soň, naharlanmazdan öň we soň çagalaryň elleriniň ýuwulmazlygy, gap-gaçlaryň hapa saklanylmagy, ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleriniň, bişmedik gök we miwe önümleriniň iýilmegi ýa-da çig önümler iýlip, dessine suw içilmegi sebäp bolýar. Lukmançylyk ylmynda bu kesele «hapa elleriň» keseli hem diýilýär. Içege ýokanç keselleriniň esasy alamatlary — gaýtarma, içgeçme, ysgynsyzlyk, kellagyry, garnyň agyrmagy, bedeniň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagy bilen ýüze çykyp bilýär.