Şöhratly geçmişiň şu günki şuglasy
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan Türkmenistan Watanymyzyň hem-de türkmen halkymyzyň şöhratly taryhynyň bolandygyna, şol taryhyň dowamynda hem adamzadyň ösüşine gönüden-göni dahylly wakalaryň, açyşlaryň bolup geçendigine şaýatlyk edýän maglumatlar az däl. Margiana, Bak- triýa, Horezm, Parfiýa, Seljuk türkmen medeniýetleri, Merwiň, Nusaýyň, Ürgenjiň, Abiwerdiň, Dehistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri umumadamzadyň medeni ösüşine ägirt uly täsirini ýetiren künjekler hökmünde bu günki gün bütin dünýäde bellidir. Gadymy döwürlerden bäri şäher medeniýetiniň gülläp ösen mekany hökmünde tanalýan türkmen topragynda dörän Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs, Amul, Zemm, Şähryslam ýaly uly şäherleriň durmuşyň gülläp ösen ýerleri, iri ylym-bilim merkezleri bolandygy, dünýä ylmynyň, edebiýatynyň, medeniýetiniň hem-de sungatynyň öňe gitmeginde we baýlaşmagynda aýratyn hyzmatlary bitirendigi, elbetde, şol döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň nesli hökmünde biziň üçin örän buýsandyryjydyr. Häzirki ajaýyp zamanamyzda şöhratly geçmiş taryhymyzy öwrenmekde, maddy hem ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halkynyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimiz, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz