Säher bilen penjiräni açyp, töwerege seredersiň welin, köçe ugrundaky başy Gök direýän, ak mermere beslenen binalary, ajaýyp gözellikleri görmek bolýar. Ynha, ümmülmez sährasyndan başlap, çeşmelidir dereli daglary, ýaşyl begres atynan düzleri, joşup-joşup akýan bol suwly derýalary diýjekmi... juda kän. Olar adamzadyň barmak büküp sanaýjaklaryndan örän köpdür. Jenneti mekan diýleni-dä. Onsoň bu mekanda ýaşaýan halkyň taryhy şöhratly, şu güni buýsançly, geljegi röwşendir.
Taryh — syrly dünýä. Onuň sahaplarynda ata Watanymyz hakynda hakykata öwrülen niçeme hakydalar bar. Öz topragyň, Diýaryň hakyndaky gürrüňler, takyk maglumatlar her bir ynsan üçin buýsanç hem-de köp mertebe bolsa gerek. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň taryhynyň, arheologiýasynyň we etnologiýasynyň meselelerini täze esasda düýpli hem-de çuňňur öwrenmek maksady bilen köp işler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky giň gerimli başlangyçlary häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilip, halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Gadymy ýadygärliklerimizde giňişleýin arheologik barlaglar geçirilip, taryhymyzyň heniz açylmadyk gatlaryny täze maglumatlar bilen doldurmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär.