Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz milli baýramçylyklary uly şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Nowruz baýramy halkara hukuk derejesine eýe boldy. 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Şeýlelikde, Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan baýram hökmünde uly şatlyk-şowhun, aýdym-saz bilen giňden bellenilýär.
Nowruz baýramynyň Horezm patyşalarynyň köşgünde bellenilişi barada Abu Reýhan al-Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Biruny milady ýyl hasabynyň 1000-nji ýylynda bu kitaby ýazyp gutarypdyr. Onda «Nowruz ýaşaýşyň başlangyjy we dünýäniň ýaradylan günüdir» diýip nygtapdyr. Nowruz 21-nji martdan başlap, alty günläp bellenilipdir. Baýramçylygyň altynjy gününe «Uly Nowruz» diýipdirler. Birunynyň ýazmagyna görä, Nowruz gününiň ir säheri iň bagtly, şowly pursatlar hasaplanypdyr.