Merw ýüpekleriniň tarypy

4 Aprel 2023
1561

Orta asyrlarda Merwiň täjirleri öz harytlary bilen giňden tanalypdyr. Olaryň arasyndan gyrmyzy reňkli ýüpek matalar uly islege eýe bolupdyr. Şol döwürde dokmaçylyk diňe bir Horasanda däl, eýsem, Horezmde we Mawerennahrda hem ýörgünli kärleriň biri bolupdyr. Daşarky bazarlarda ýüpek matalar bilen bilelikde ýüňe, kagyza, pagta, atyrlar, kümüş we keramika gap-gaçlaryna uly isleg bildirilipdir.

Gündogarda diňe Merw ýüpek matalaryna däl-de, Şanhaý (Hytaý), Gilýan (Eýran) ýüpegine hem uly baha berlipdir. Gaýry ýurtlardan gelýän täjirler bu önümleri höwes bilen satyn alypdyrlar. Çeşmelerde italýan täjirleriniň ýüpek matalary Ýewropa ýurtlaryna ugradandygy baradaky maglumatlar bar. Şol döwürde italýan bazarlarynda Merwiň bir kişilik ýüpek matasynyň bahasy 1,10 şilinga (iňlis teňňesi bolup, onuň agramy 9.33  grama deň), Şanhaýyňky 1,36 şilinga, Gilýanyňky 2,18 şilinga barabar ekeni. Olara baha kesgitlenende ýüpegiň hili we getirilen harytlaryň uzaklygy hem göz öňüne tutulýar. Italiýanyň Lukka, Piza şäherindäki bazarlarda ýüpegiň söwdasy has uly bolupdyr. Bu şäheriň bazarlaryndaky ammarlara 1335 — 1341-nji ýyllar aralygynda 125 müň funt möçberinde ýüpegiň ýerleşdirilendigi maglumatlarda bellenilýär. 1342 — 1363-nji ýyllarda bolsa ol 50 müň funt möçberinde bolupdyr.

Serdar ATAÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty.