"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ynam, yhlas ýeňşe alyp barýar

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Hal­ky­my­za sow­gat be­ren il­kin­ji ki­ta­by­ny «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» di­ýip at­lan­dyr­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly ösü­şi­ni we ýag­ty gel­je­gi­ni ýaş ne­sil­ler­de gör­ýän­di­gi­niň we ola­ra bo­lan uly yna­my­nyň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Bu uly ynam­dan ruh­lan­ýan we spor­ty aý­ryl­maz hem­ra­sy­na öwür­ýän ýaş tür­gen­le­ri­miz ab­raý­ly hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýe­ňiş mün­be­rin­de ýa­şyl Tu­gu­my­zy be­lent­de par­lad­ýar­lar.

Olim­pia­da­nyň ala­wy Olim­pi­ýa oba­syn­da

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 2024-nji ýy­lyň 26-njy iýu­lyn­da XXXIII to­mus­ky Olim­pia­da­nyň açyl­jak gü­nün­de Pa­ri­žiň Sen-De­ni et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Olim­pi­ýa oba­sy­na ge­ti­ril­di. Se­na we Sen-De­ni ug­ry bo­ýun­ça ge­çip, Fran­si­ýa­da­ky iň soň­ky — 68-nji du­ral­ga­sy­ny ama­la aşy­ran ala­wy­ny Olim­pi­ýa oba­syn­da­ky tür­gen­ler we tä­lim­çi­ler gyz­gyn gar­şy­la­dy­lar.

Olim­pi­ýa oba­sy

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Olim­pi­ýa oba­sy is­len­dik Oýun­la­ryň mö­hüm bir no­ka­dy. Eý­sem «Pa­riž — 2024» Oýun­la­ry­na gat­naş­ýan tür­gen­le­ri bu ýer­de bi­na edi­len Olim­pi­ýa oba­sy nä­me­ler bi­len gar­şy­la­dy?! Şu çykyşymyzda Olimpiýa obasy barada gürrüň bereris.

Leb­ron Jeýms Olim­pia­da gat­naş­ýan il­kin­ji mil­li­ar­der

«7/24.tm» №32 (219) 05.08.2024 Amerikaly basketbolçy Lebron Jeýms taryhda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ilkinji milliarder bolar. Muny 39 ýaşly türgeniň baýlygyny 1 milliard dollar bilen bahalandyrýan «Forbes»neşiriniň maglumatlary delillendirýär.

Beýik ösüşleriň döwri

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyz beýik ösüşler gazanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy gülledip ösdürmek hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda täze wezipeler, belent maksatlar goýulýar. Baş baýramymyzyň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem geçen döwürde gazanylan üstünliklere baha bermek we röwşen geljege uzaýan ýolumyzdaky täze maksatlarymyzy kesgitlemekde uly ähmiýetli waka bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň eşretli, asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Bu üstünlikler amala aşyrylan çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.

Ruhubelentligiň gözbaşy

Parahatçylygyň, dostlugyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň meşhurlygy bütin dünýäde artýar. Eziz Diýarymyzda hem ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, türgenlerimiziň abraýly ýaryşlara gatnaşyp, Watanymyzyň abraýyny artdyrmagy üçin zerur şertler döredilýär. Şu günler Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmenistanly türgenleriň hem gatnaşýandygy kalbymyzy buýsanja besleýär. Bu gün ýurdumyzda bedenterbiýe we sport jemgyýeti jebisleşdirýän gymmatlyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek ugrundaky ýadawsyz tagallalaryndan ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem dürli sport bäsleşiklerine, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Gullugyň edara binasynyň çäginde döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik otaglarynyň bolmagy harby gullukçylaryň boş wagtlary sport bilen meşgullanmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir bedeni berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, harby gullukçylaryň alyp barýan işlerini ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmegine ýardam edýär.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Aşgabat şäher bölümi, Türkmenistanyň Mekdep sport federasiýasynyň jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Gökdere jülgesinde ýerleşýän Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde bäsleşik geçirdi. «Sagdyn nesil — kuwwatly Watan» diýen şygar bilen guralan bäsleşikde çagalar küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi we ýeňil atletika boýunça bäsleşdiler. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny gyzykly geçirmegi, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda ähli şertler döredilýär. Dynç alyş merkezinde guralan dabara hem aýdylanlaryň aýdyň güwäsi boldy. Bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe bolup, çagalar wagtlaryny gyzykly we ruhubelentlikde geçirdiler. Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, sagdyn, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän, bu ugurda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

Bedenterbiýe we sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ruhy hem beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolup durýar. Ýaşlarymyz sportda belent sepgitleri, uly ösüşleri gazanýarlar. Şunda bedenterbiýe we sport ýaryşlarynyň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde sport bäsleşiklerini gurady. Gyzykly häsiýete eýe bolan ýaryşlar çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.

Kämillik ýolunda

«Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Men dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, mähriban Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza pugta ynanýaryn» diýip, merdana türgenlerimize ýüzlenýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu belent ynamyny ödemegi sportuň ak ýoluna düşen her bir ýaş nesil öz ilkinji nobatdaky borjy saýýar. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Orazgül Babanyýazowany hem şeýle ýaşlaryň hatarynda görkezmek bolar.

Welosiped – sagdyn durmuşa çagyryş

Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesi we göreldesi esasynda welosiped sürmek sporty täze öwüşgine eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sporty ösdürmekde, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde möhüm işleri alyp barýar. Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesi we daşky gurşawy goramak babatda asylly işler ýola goýulýar. Eziz Diýarymyzda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenip geçilýär. Her ýylda däp bolan welosiped ýörişlerine ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary agzybirlikde gatnaşýarlar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosipedli gezelenjiň hem ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekýändiklerine häli-şindi şaýat bolýarys. Bütindünýä welosiped gününde geçirilýän baýramçylyk ýörişidir beýleki çäreler eziz Watanymyzda sagdyn durmuşyň wagyz edilýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Aň-paýhas oýnunyň taryhyndan

Geçen asyryň üçünji onýyllygy Türkmenistanda küşt oýnuna aýratyn üns berlip ugralan döwrüdir. 1927-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda ýurdumyzyň küşt seksiýasynyň ilkinji maslahaty geçirilip, onda küşt çärelerini guramagyň meýilnamasy işlenip düzülýär we birinji bütintürkmen küşt ýaryşyny geçirmek kararyna gelinýär. Ýaryşyň guramaçylyk topary döredilýär. Şeýlelikde, şol ýylyň aprelinde birinji bütintürkmen küşt ýaryşy guralýar. Şol wagtky Magaryf işgärleriniň klubunda geçirilen ýaryşa paýtagtymyzdan we onuň töweregindäki obalardan köp sanly küştçüler gatnaşýarlar. Täçmämmet Amanow, Babaly, Eýeberdi ýaly şol döwrüň tanymal küştçüleriniň oýunlary üns merkezinde bolýar. Ýaryşda birinji orny, garaşylyşy ýaly, aşgabatly W. Şerbakow eýeleýär. Türkmen küştçüleriniň öz mümkinçiliklerinden pes çykyş etmeklerini ýaryşyň garaşylmadyk aýratynlygy hökmünde agzamak bolar.

Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň al­tyn me­da­ly

16 – 24-nji iýul aralygynda Tailand Patyşalygynyň Siraça şäherinde erkin we grek-rim göreşi boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşa 16 döwletden 119 türgen gatnaşdy.

Taryhda şu gün

Bu Oýunlara 69 döwlete wekilçilik eden türgenleriň 4925-siniň (4407 erkek we 518 zenan türgen) gatnaşandygyny bellemek gerek. 19-njy iýul – 3-nji awgust aralygynda dowam eden Oýunlarda türgenler sportuň 17 görnüşinde medal sanawynyň 149-sy ugrunda bäsleşdiler.

Türkmen gyzy, ýeňiş seniňki bolsun!

Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň nyşany bolan sport äleminde öz mynasyp ornuna eýe bolup, at-abraýyny barha berkidip gelýän ýurdumyzyň ezber türgenleri bu gün nobatdaky dünýä möçberli halkara sport ýaryşyna gatnaşýar. Bu buýsançly waka mynasybetli paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda geçirilen 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada gatnaşýan türkmen türgenlerine iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyz türgenleri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň öňde boljak dünýäniň iri sport baýramçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parlatjakdyklaryna ynam bildirdi. Şeýle belent ynama mynasyp bolan türgenleriň deň ýarysynyň gyzlar bolmagy, türkmen zenanynyň dogumly hem edenli keşbi bolup aňymyza müdimi siňen Altynjan hatyn, Zarina, Nurça perreň, Güljemal han ýaly taryhda uly yz goýan zenan şahsyýetlerimizi hyýalymyzda gaýtadan janlandyrdy. Pariž Olimpiadasyna sportuň dzýudo görnüşi boýunça gatnaşýan 19 ýaşly Maýsa Pardaýewa, suwda ýüzmek boýunça güýjüni synajak 17 ýaşly Aýnura Primowa sport äleminde ýaş türgendiklerine garamazdan, öň milli

Iki ýa­ryş­da-da is­pan­lar çem­pi­onlyk gazandy

Fut­bol bo­ýun­ça 19 ýa­şa çen­li­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa­nyň 2 çem­pio­na­tyn­da-da, og­lan­la­ryň ara­syn­da-da, gyz­la­ryň ara­syn­da-da Is­pa­ni­ýa­nyň U19 ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­da ge­çi­ri­len er­kek­le­riň ara­syn­da­ky ýa­ryş­da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy fi­nal­da Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny Bra­wo (41) hem-de Diao­nyň (69) gol­la­ry esa­syn­da 2–0 hasabynda ýeň­di. Bu ola­ryň 5 ýyl­dan soň ga­za­nan 12-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bu ugur­da 11 çem­pi­on­ly­gy bo­lan Ang­li­ýa­dan öňe geç­di.

Ras­sell ýe­ňiş ga­zan­sa-da, Ha­mil­ton ýe­ňi­ji diý­lip yg­lan edil­di

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 14-nji ýa­ry­şy Bel­gi­ýa­nyň Sta­wo­le şä­he­rin­dä­ki «Spa-Fran­kor­çamps» tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 7,004 ki­lo­metr­lik tras­sa­da 44 aý­la­wy il­kin­ji bo­lup, «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell ta­mam­la­dy. Ýö­ne baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­syn­dan soň onuň ula­gy­nyň ag­ra­my düz­gü­ne ga­bat gel­me­ýän­di­gi üçin Ras­sel­liň ýeň­şi ha­sa­ba alyn­ma­dy. Ne­ti­je­de, «Mercedes» to­pa­ry­nyň beý­le­ki sü­rü­ji­si, ýa­ry­şy 2-nji orun­da ta­mam­lan Lýu­wis Ha­mil­ton ýe­ňi­ji diý­lip yg­lan edil­di. Onuň gör­ke­zen ne­ti­je­si 1 sa­gat 19 mi­nut 57,566 se­kun­da deň bol­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 105-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. «McLa­ren» to­pa­ry­nyň awst­ra­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Os­kar Piast­ri ýe­ňi­ji­den 0,647 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji ýe­re my­na­syp bol­dy. Ýa­ry­şa il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly pi­lo­ty Şarl Lek­ler 3-nji or­ny eýe­le­di. Soň­ky 3 ýy­lyň çem­pio­ny, «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land pi­lo­ty Maks Wers­tap­pen bu ýa­ryş­da-da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. 4-nji ýe­ri eýe­län Wers­tap­pe­ne 4 ýa­ryş­dan bä­ri ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şar­da­nok. Ol çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3 möw­sü­min­de yz­ly-yzy­na 4 ýa­ry­şy ýe­ňiş­siz ta­mam­la­man­dy.

Garaşylýan toparlar 3-nji tapgyra çykdy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da 2-nji saý­la­ma tap­gy­ryň jo­gap du­şu­şyk­la­ry hem oý­na­lyp, 3-nji saý­la­ma tap­gy­ra çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. 1-nji oýun­lar­da ýe­ňiş ga­za­nan to­par­la­ryň hem­me­si di­ýen ýa­ly no­bat­da­ky tap­gy­ra çyk­ma­gy ba­şar­dy. Çem­pi­on to­par­la­ryň du­şu­şyk­la­ryn­da Weng­ri­ýa­nyň «Fe­rens­wa­roş» to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da Uel­siň «Nýu Seýnts» to­pa­ry­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Azer­baý­ja­nyň «Ga­ra­bag» to­pa­ry-da Gib­ral­ta­ryň çem­pio­ny «Lin­koln Red Imps» to­pa­ry­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 5 gol gi­riz­di. Gol­la­ryň 3-si­ni Ju­ni­nio öz ady­na ýaz­dyr­dy. Nor­we­gi­ýa­nyň «Bu­de-Glimt», Pol­şa­nyň «Ýa­gel­lo­ni­ýa Be­los­tok», Çe­hi­ýa­nyň «Spar­ta Pra­ga», Şwe­si­ýa­nyň «Mal­mö» klub­la­ry­na jo­gap oý­nun­da-da ýe­ňiş ga­zan­mak kyn düş­me­di. Pol­ýak klu­by «Ýa­gel­lo­ni­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Pa­ne­wy­ža­sy» 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Dart­gyn­ly ge­çen oýun­da pol­ýak to­pa­ry­nyň gol­la­ry­nyň iki­si­ni pe­nal­ti­den Pu­lu­lu, beý­le­ki­si­ni-de Be­ne­ta ýal­ňyş­lyk bi­len öz der­we­ze­sin­den ge­çir­di. Mins­kiň «Di­na­mo­sy» öz meý­dan­ça­syn­da Bol­ga­ri­ýa­nyň «Lu­do­go­res» to­pa­ry­ny Iwan Bak­ha­ryň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýö­ne bu ýe­ňiş myh­man­çy­lyk­da 2–0 ha­sa­byn­da utu­lan minsk­li­le­re ýe­ter­lik bol­ma­dy.

10-njy ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şan il­kin­ji ze­nan türgen

Pa­riž 2024-iň çä­gin­de ny­şa­na ok at­mak bo­ýun­ça 10 metr tü­peň gör­nü­şin­de bäs­le­şen gru­zi­ýa­ly Ni­no Sa­luk­wad­ze ta­ry­hy re­kord goý­dy. 55 ýa­şyn­da­ky tür­gen 10-njy ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şan il­kin­ji ze­nan, umu­my­lyk­da 2-nji tür­gen bol­dy. On­dan öň ka­na­da­ly at­çy­lyk spor­tu­nyň we­ki­li Iýn Mil­lar 1972-2012-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da je­mi 10 ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şyp­dy (1980-nji ýyl­da­ka gat­naş­man­dy). Sa­luk­wad­ze bu ge­zek­ki ýa­ryş­da 38-nji or­ny eýe­le­di. Ol il­kin­ji Olim­pia­da­syn­da, ýag­ny 1988-nji ýyl­da SSSR-iň adyn­dan we­kil­çi­lik edip­di we 25 metr tü­peň ýa­ry­şyn­da al­tyn, 10 metr tü­peň bäs­le­şigin­de bol­sa kü­müş me­dal ga­za­nyp­dy. Ol bu me­dal­lar­dan 20 ýyl soň Pe­kin­de 10 metr tü­peň bäs­le­şi­gin­de bü­rünç me­da­la my­na­syp bo­lup­dy. Sa­luk­wad­ze 36 ýyl­lyk dö­wür­de 3 dür­li to­par bi­len çy­kyş et­di. Il­ki SSSR-iň adyn­dan we­kil­çi­lik eden Sa­luk­wad­ze, 1992-nji ýyl­da Bir­le­şen to­par bi­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­na­şyp­dy. 1996-njy ýyl­dan bä­ri bol­sa ol Gru­zi­ýa­nyň adyn­dan çy­kyş edip gel­ýär. Sa­luk­wad­ze Pa­riž 2024-de 25 metr tü­peň ýa­ry­şy­na-da gat­na­şar.

Pa­riž­de sport baý­ram­çy­ly­gy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär

100 ýyl­dan soň 3-nji ge­zek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny gu­ra­ýan Pa­riž­de il­kin­ji­lik­le­re, tä­ze­lik­le­re, tä­sin­lik­le­re, me­de­ni­ýet-sun­gat eser­le­ri­ne baý bo­lan öz­bo­luş­ly açy­lyş da­ba­ra­syn­dan soň il­kin­ji 5 gü­nüň ne­ti­je­sin­de, me­dal sa­na­wyn­da hy­taý­ly­lar öň­de bar­ýar. Olar me­dal­la­ryň gow­şu­ry­lyp baş­la­nan gü­nün­den, ýag­ny 27-nji aw­gust­dan 31-nji aw­gus­ta çen­li ara­lyk­da 9 al­tyn, 7 kü­müş, 3 bü­rünç, je­mi 19 me­dal ga­zan­dy­lar. Ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa bol­sa 3-si­ni Le­on Mar­şa­nyň ga­za­nan al­tyn me­dal­lar­dan 8-si­ni alyp, 8 al­ty­ny bo­lan Ýa­po­ni­ýa­dan kü­müş me­dal­la­ry­nyň sa­ny bi­len öňe ge­çip, 2-nji ýer­de bar­ýar. Ola­ryň umu­my­lyk­da 26 me­da­ly bar. 3-nji ýer­dä­ki Ýa­po­ni­ýa­dan soň 7 al­tyn me­dal­ly Awst­ra­li­ýa 4-nji or­ny eýe­le­ýär. Ýe­ňil at­le­ti­ka ýa­ryş­la­ry­nyň hem baş­lan­ma­gy bi­len XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da ýe­ňiş ug­run­da­ky gö­re­şiň mun­dan soň ha­sam ýo­kar­lan­ma­gy­na, tä­ze-tä­ze re­kord­la­ryň go­ýul­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Esa­san hem, ýüz­mek ýa­ryş­la­ryn­da Olim­pi­ýa re­kord­la­ry­nyň tä­ze­len­ýän Pa­riž 2024 to­mus­ky Olim­pia­da­sy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. PARIŽDE 3 ALTYN MEDALA ÝETEN ILKINJI TÜRGEN

Gyzgalaňly häsiýete eýe boldy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Türkmenistanyň körler küşt merkezi bilen bilelikde guramagynda görüş taýdan şikesli türgenleriň arasynda ýurdumyzyň şahsy çempionaty geçirildi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň güýçli türgenleri özara güýç synanyşdylar. Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebinde geçen ýaryş gyzgalaňly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşyň netijesine görä, erkek türgenleriň arasynda Aşgabat şäherinden Aýdogdy Atabaýew birinji, Mary welaýatyndan Şageldi Şalyýew ikinji hem-de welaýatymyzdan Mergen Muhaýew üçünji orunlary eýelediler. Zenanlaryň arasynda geçen küşt ýaryşynda Mary welaýatyndan Mahym Gurdowa birinji, welaýatymyzyň maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgeni Mahym Taganowa ikinji, Aşgabat şäherinden Gurbangül Esenowa bolsa üçünji orunlary eýeläp, akyl-paýhas oýnunda has tapawutlanmagy başardylar. Ýeňijiler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.