Parahatçylygyň, dostlugyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň meşhurlygy bütin dünýäde artýar. Eziz Diýarymyzda hem ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, türgenlerimiziň abraýly ýaryşlara gatnaşyp, Watanymyzyň abraýyny artdyrmagy üçin zerur şertler döredilýär. Şu günler Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmenistanly türgenleriň hem gatnaşýandygy kalbymyzy buýsanja besleýär.
Bu gün ýurdumyzda bedenterbiýe we sport jemgyýeti jebisleşdirýän gymmatlyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek ugrundaky ýadawsyz tagallalaryndan ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem dürli sport bäsleşiklerine, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Gullugyň edara binasynyň çäginde döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik otaglarynyň bolmagy harby gullukçylaryň boş wagtlary sport bilen meşgullanmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir bedeni berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, harby gullukçylaryň alyp barýan işlerini ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmegine ýardam edýär.