Ras­sell ýe­ňiş ga­zan­sa-da, Ha­mil­ton ýe­ňi­ji diý­lip yg­lan edil­di

2 Awgust 2024
422

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 14-nji ýa­ry­şy Bel­gi­ýa­nyň Sta­wo­le şä­he­rin­dä­ki «Spa-Fran­kor­çamps» tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 7,004 ki­lo­metr­lik tras­sa­da 44 aý­la­wy il­kin­ji bo­lup, «Mercedes» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Jorj Ras­sell ta­mam­la­dy. Ýö­ne baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­syn­dan soň onuň ula­gy­nyň ag­ra­my düz­gü­ne ga­bat gel­me­ýän­di­gi üçin Ras­sel­liň ýeň­şi ha­sa­ba alyn­ma­dy. Ne­ti­je­de, «Mercedes» to­pa­ry­nyň beý­le­ki sü­rü­ji­si, ýa­ry­şy 2-nji orun­da ta­mam­lan Lýu­wis Ha­mil­ton ýe­ňi­ji diý­lip yg­lan edil­di. Onuň gör­ke­zen ne­ti­je­si 1 sa­gat 19 mi­nut 57,566 se­kun­da deň bol­dy. Bu onuň şu möw­süm­dä­ki 2-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 105-nji ýeň­şi hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

«McLa­ren» to­pa­ry­nyň awst­ra­li­ýa­ly sü­rü­ji­si Os­kar Piast­ri ýe­ňi­ji­den 0,647 se­kunt yza ga­lyp, 2-nji ýe­re my­na­syp bol­dy. Ýa­ry­şa il­kin­ji ha­tar­dan baş­lan «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly pi­lo­ty Şarl Lek­ler 3-nji or­ny eýe­le­di. Soň­ky 3 ýy­lyň çem­pio­ny, «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land pi­lo­ty Maks Wers­tap­pen bu ýa­ryş­da-da ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. 4-nji ýe­ri eýe­län Wers­tap­pe­ne 4 ýa­ryş­dan bä­ri ýe­ňiş ga­zan­mak ba­şar­da­nok. Ol çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3 möw­sü­min­de yz­ly-yzy­na 4 ýa­ry­şy ýe­ňiş­siz ta­mam­la­man­dy.