Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ruhy hem beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek döwletimiziň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolup durýar. Ýaşlarymyz sportda belent sepgitleri, uly ösüşleri gazanýarlar. Şunda bedenterbiýe we sport ýaryşlarynyň, wagyz-nesihat duşuşyklarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde sport bäsleşiklerini gurady. Gyzykly häsiýete eýe bolan ýaryşlar çagalarda ýakymly täsir galdyrdy.