"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport dünýäsini özgerdýän sanly tehnologiýalar

Sport we sanlylaşdyrmak häzirki zaman dünýäsinde aýrylmaz baglanyşykly ugurlardyr. Tehnologiýanyň çalt ösmegi netijesinde sport diňe bir tomaşaçylar üçin has elýeterli we tolgundyryjy häsiýete eýe bolman, eýsem, türgenleriň durmuşyna hem öz oňyn täsirini ýetirdi. Bu gün sanlylaşdyrmak sportuň ähli ugurlaryna giňden aralaşýar. Sportda sanlylaşdyrmagyň esasy taraplarynyň biri maglumatlary we seljermäni ulanmakdyr. Häzirki zaman sport toparlary we türgenler netijeleri seljermek, okuw proseslerini gowulandyrmak üçin maglumatlary işjeň ulanýarlar. Gözegçilik tehnologiýalary türgenleriň fiziki ýagdaýyny, türgenleşikdäki we ýaryşdaky çykyşlaryny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa okuw prosesiniň hilini ýokarlandyrmaga we şikesleriň öňüni almaga kömek edýär.

Transfer täzelikleri

«Ko­mo» hem «Bar­se­lo­na­dan», hem-de «Re­al Mad­rid­den» oýun­çy al­dy

Ger­ma­ni­ýa EURO 2024-den ep-es­li gir­de­ji ga­zan­dy

Fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty ýa­ry­şy gu­raý­jy Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne uly go­şant goş­dy. EURO 2024-iň Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 7,4 mil­liard ýew­ro­lyk gir­de­ji ga­zan­dy­ran­dy­gy UEFA ta­ra­pyn­dan ha­bar be­ril­di. «Ni­el­sen Sports»-yň ha­sa­ba­tyn­da çem­pio­na­tyň 10 şä­her üçin 7, 4 mil­liard ýew­ro­lyk yk­dy­sa­dy go­şan­dy­nyň 90 gö­te­ri­miniň pe­tek­le­riň sa­tu­wyn­dan, şol san­da gu­ra­ma­çy­la­ryň we akk­re­di­ta­si­ýa bo­lan­la­ryň eden çyk­da­jy­la­ryn­dan ge­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Je­mi 2,7 mil­li­on pe­tek sa­ty­lyp, onuň 44 gö­te­ri­mi da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len jan­kö­ýer­le­re de­giş­li­dir. Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­len çem­pio­na­tyň çä­gin­de oý­na­lan 51 du­şu­şy­ga 2,7 mil­li­on jan­kö­ýer to­ma­şa edip, şo­la­ryň 1,7 mil­lio­ny azyn­dan bir du­şu­şy­ga gat­na­şan ýe­ke-täk pe­te­gi bo­lan adam­lar­dy. Sa­ty­lan pe­tek­le­riň 23 gö­te­ri­mi du­şu­şy­gyň ge­çi­ril­ýän şä­her­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry, 33 gö­te­ri­mi Ger­ma­ni­ýa­nyň beý­le­ki şä­her­le­ri­niň ra­ýat­la­ryn­dan yba­rat bo­lup, 44 gö­te­ri­mi-de baş­ga ýurt­lar­dan ge­len jan­kö­ýer­ler­dir. Şeý­le-de, myh­man­ha­na­lar, şä­heriçi we şä­he­ra­ra ge­ze­lenç, sta­dio­nyň da­şyn­da­ky iý­mit sa­tuw­la­ry-da ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­şu­lan 7,4 mil­liard ýew­ro­lyk gir­de­ji­niň bel­li bir bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Ga­ly­ber­se-

«Ýu­wen­tu­syň» tä­ze trans­fer­le­ri

Tä­lim­çi­li­ge Tia­go Mot­ta­ny we­zi­pä bel­län we möw­sü­me şow­suz baş­lan «Ýu­wen­tus» to­pa­ry trans­fer möw­sü­mi­niň iň iş­jeň klub­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, soň­ky 1 hep­dä­niň do­wa­myn­da 4 fut­bol­çy­ny dü­zü­mi­ne goş­dy. Go­ja Sin­ýo­ra la­kam­ly klub il­ki bi­len «Mi­la­nyň» fran­si­ýa­ly go­rag­çy­sy Pi­er Ka­lu­lu­ny 1 ýyl­lyk şert­na­ma bi­len kä­ren­de­si­ne dü­zü­mi­ne goş­dy. Tu­rin­li­ler şol bir ýyl­lyk kä­ren­de üçin «Mi­la­na» 3,3 mil­li­on ýew­ro be­rer. Möw­sü­miň ahy­ryn­da bol­sa «Ýu­wen­tus» Ka­lu­lu­ny 14+3 mil­li­on ýew­ro tö­läp, ymyk­ly trans­fer hem edip bi­ler. 24 ýa­şyn­da­ky Ka­lu­lu «Mi­lan­da» 3 möw­süm­de «Se­rie A»-da 84 oýun­da 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.

Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­na gat­naş­ýan 36 klu­buň äh­li­si hem bel­li bol­dy

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­jak to­par­la­ryň äh­li­si bel­li bol­dy. Du­şu­şyk­lar diý­seň çe­ke­le­şik­li, al­dym-ber­dim­li ýag­daý­da geç­di. Bir klub il­kin­ji ge­zek gat­naş­sa, baş­ga bir klub 19 ýyl­dan soň yk­ly­myň iň uly klub ýa­ry­şyn­da çy­kyş eder. Bir hep­de öň Şweý­sa­ri­ýa­da «Ýang Boýz­dan» 3-2 ha­sa­byn­da utu­lan «Ga­la­ta­sa­raý» Stam­bul­da-da gar­şy­da­şyn­dan as­gyn gel­di. 1-0 ha­sa­byn­da utu­lan türk klu­bu­nyň der­we­ze­sin­den ýe­ke-täk go­ly 87-nji mi­nut­da Wir­ji­ni­us ge­çir­di. Şol pur­sat­da «Ga­la­ta­sa­ra­ýyň» der­we­ze­çi­si Mus­le­ra gy­zyl kart al­dy. «Ga­la­ta­sa­raý» ýo­lu­ny Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da do­wam et­di­rer. Şweý­sar klu­by yz­ly-yzy­na 2-nji, umu­my­lyk­da-da 4-nji sa­par bu ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ry­na ady­ny ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, ýa­ryş­da bu möw­süm türk klu­by çy­kyş et­mez.

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda

Holann hem-de Madueke het-trik etdi Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky çem­pi­on «Man­çes­ter Si­ti» öz meý­dan­ça­syn­da «Ips­wiç Tawn» bi­len du­şuş­dy. Du­şu­şyk­da myh­man­lar Şmo­dik­siň 7-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len öňe geç­se-de, ýer eýe­le­ri Ho­lan­nyň het-trik (12 p, 16, 88) eden oý­nun­da 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ho­lann «Pre­mi­er Li­ga­da» 7-nji ge­zek het-trik et­me­gi ba­şar­dy. «Ar­se­nal» ge­çen möw­süm­de özü­ne çem­pi­on­lyk ýo­lun­da uly päs­gel­çi­lik dö­re­den «As­ton Wil­la­ny» bu ge­zek myh­man­çy­lyk­da Tros­sar hem-de Par­ti­niň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Şol ne­ti­je «Li­wer­pul» bi­len «Brent­for­dyň» ara­syn­da­ky oýun­da-da ha­sa­ba al­nyp, ýer eýe­le­ri Lu­iz Di­az we Mo­ha­med Sa­la­hyň gol­la­ry esa­syn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Myh­man­çy­lyk­da «Braý­ton» bi­len du­şu­şan «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» 90+5-nji mi­nut­da ge­çir­den go­ly esa­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy (Wel­bek 32, Žoao Ped­ro 90+5 — Di­al­lo 60). Tap­gy­ryň iň köp gol­ly du­şu­şy­gyn­da «Çel­si» myh­man­çy­lyk­da «Wul­wer­hemp­ton» to­pa­ryn­dan 6–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. «Çel­si» 1-nji ýa­rym­da 2 ge­zek öňe saý­lan­sa-da, her sa­pa­ryn­da ýer eýe­le­ri jo­gap ber­me­gi ba­şar­dy. Ýö­ne 2-nji ýa­rym­da baş­ga­ça oýun gör­ke­zen «Çel­si­de» Ma­due­ke 14 mi­nut­da 3 gol ge­çi­rip, uly ha­sap­ly ýeň­şe sal­dam­ly go­şant goş­dy. Onuň gol­la­

28 ýyl­lyk re­kor­dy täzeledi

Er­kek­le­riň ara­syn­da 3000 met­re yl­ga­mak­da nor­we­gi­ýa­ly Ýa­kob In­geb­rigt­sen dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ol 7 mi­nut 17,55 se­kunt­da pel­le­ha­na gel­me­gi ba­şar­dy. Bu gör­ke­zi­ji re­kor­da deň bo­lup, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny In­geb­rigt­sen 28 ýyl­lyk dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Bu ugur­da ozal­ky re­kord ke­ni­ýa­ly Da­ni­el Ko­me­ne de­giş­li bo­lup, ol 1996-njy ýyl­da Ita­li­ýa­nyň Rie­ti şä­her­çe­sin­de 3000 metr ara­ly­gy 7 mi­nut 20,67 se­kunt­da ge­çip­di.

Pa­riž­de go­ýan re­kor­dy­ny 1 santimetr ösdürdi

Pol­şa­nyň Ho­žuw şä­he­rin­de (Si­le­ziýa re­gio­ny) ge­çi­ri­len ýe­ňil at­le­ti­ka bäs­le­şi­gi bo­lan Göw­her Li­ga­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ryn­da 2 dün­ýä re­kor­dy go­ýul­dy. Şwe­si­ýa­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Ar­mand Dup­lan­ti­se re­kord çy­da­nok. Sy­ryk­ly bök­me­giň ägir­di, 24 ýa­şyn­da­ky tür­gen Göw­her Li­ga­nyň çä­gin­de Pol­şa­nyň Ho­žuw şä­he­rin­de ge­çi­ri­len tap­gy­ryn­da 20 günden soň Pariž 2024 Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da go­ýan re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ol 6,26 metr be­ýi­ge bö­küp, re­kor­dy­ny 1 san­ti­metr ös­dür­di. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 10-njy Dün­ýä re­kor­dy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Çem­pi­on ýeň­şi ýat­dan çy­kar­dy

Ni­der­land­la­ryň Zand­woort şä­he­rin­de ge­çi­ri­len For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 15-nji ýa­ry­şyn­da «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­ta­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol şä­he­riň ady­bir tras­sa­syn­da gu­ra­lan 72 aý­law­dan yba­rat bo­lan ýa­ry­şy 1 sa­gat 30 mi­nut 45,19 se­kunt­da ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 2-nji ýeň­şi­dir. Nor­ris­den 22,896 se­kunt yza ga­lan «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Ol 2021-nji ýyl­dan soň gaý­ta­dan sa­na­wa gi­ri­zi­len bu «Gran Pri­de», ýag­ny öz ýur­dun­da il­kin­ji ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­di. Şol bir wag­tyň özün­de-de Wers­tap­pe­ne 5 ýa­ryş­dan bä­ri bi­rin­ji bol­mak ba­şar­da­nok. Ýa­ryş­da 3-nji or­na «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň mo­na­ko­ly sü­rü­ji­si Şarl Lek­ler my­na­syp bo­lup, ol ýe­ňi­ji­den 25,439 se­kunt soň pel­le­ha­na gel­di.

Meşhur tälimçiler aradan çykdy

Ger­ma­ni­ýa­ly meş­hur tä­lim­çi Kris­tof Da­um 70 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. 1953-nji ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­da dün­ýä inen Da­um fut­bol­çy­lyk kar­ýe­ra­sy­ny «Aýnt­raht Du­is­burg» hem-de «Köln II» klub­la­ryn­da ge­çir­di. 1986-njy ýyl­da tä­lim­çi­li­ge baş­lan Da­um «Köln» (1986–90, 2006–09), «Ştut­gart» (1990–93), «Be­şik­taş» (1994–96, 2001–02), «Ba­ýer» (1996–2000), «Aust­ria» (2002–03), «Fe­ner­bah­çe» (2003–06, 2009–10), «Aýnt­raht Frank­furt» (2011), «Klub Brýug­ge» (2011–12), «Bur­sas­por» (2013–14) klub­la­ry­na, şol san­da Ru­my­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na tä­lim ber­di. Ol 1992-nji ýyl­da «Ştut­gart» bi­len «Bun­des­li­ga­da», 1995-nji ýyl­da «Be­şik­taş», 2004-nji we 2005-nji ýyl­lar­da «Fe­ner­bah­çe» bi­len «Sü­per Li­g­de», 2003-nji ýyl­da «Aust­ria» bi­len Awst­ri­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­da» çem­pi­on­lyk­lar ga­zan­dy. Şol san­da ku­bok hem-de Su­per Ku­bok ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan Da­um «Köln» bi­len 2, «Ba­ýer» bi­len 3, «Fe­ner­bah­çe» bi­len 1, «Klub Brýug­ge» bi­le­nem 1 ge­zek mil­li çem­pio­nat­lar­da kü­müş me­da­la my­na­syp bol­dy. Soň­ky ýyl­lar­da düw­nük ke­se­lin­den ejir çe­ken Da­um tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­syn­da 1005 du­şu­şy­gyň 530-syn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Da­um 2000-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne-de bel­len­mä­ge go­laý ge­lip­di. Ýö­ne ýü­ze

Hepdäniň esasy duşuşyklary

30-njy awgust (anna) Inter – Atalanta (23:45)

XVII to­mus­ky Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di

Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­de XVII to­mus­ky Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Şä­her­dä­ki Kon­kord meý­da­nyn­da gat­naş­ýan ýurt­la­ryň pa­ra­lim­pi­ýa tür­gen­le­ri­niň uly şow­hun bi­len ge­çi­ri­len açy­lyş da­ba­ra­sy tä­sir­li wa­ka­la­ra baý bol­dy. 8-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam et­jek Pa­ra­lim­pi­ýa oýun­la­ry­na 169 ýurt­dan 4400 tür­gen we­kil­çi­lik eder. Olar Pa­ra­lim­pi­ýa spor­tu­nyň umu­my­lyk­da 22 gör­nü­şi bo­ýun­ça öza­ra bäs­le­şer­ler. Ola­ra me­dal­lar top­lu­my­nyň 549-sy gow­şu­ry­lar. Paralimpiýa oýun­la­ra iň köp hy­taý­ly tür­gen­ler gat­naş­ýar. Bu ýurt­dan 284 pa­ra­lim­pi­ýa­çy we­kil­çi­lik eder. Bra­zi­li­ýa 256, ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa 239, ABŞ 220, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa 201 tür­gen bi­len öň­dä­ki bäş­li­gi eýe­le­ýär­ler.

«Arkadag» toparynyň bäsdeşleri belli boldy

Azi­ýa Fut­bol Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ady üýt­ge­di­lip tä­ze­den di­kel­di­len ozal­ky AFK-nyň Pre­zi­den­ti­niň Ku­bo­gy, hä­zir­ki AFK Ça­gy­ryş Ku­bo­gy ýa­ry­şy­na we­kil­çi­lik ed­ýän ýur­du­my­zyň çem­pio­ny «Ar­ka­dag» to­pa­ry­nyň bäs­deş­le­ri bel­li bol­dy. «Ar­ka­dag» to­pa­ry Gün­ba­tar se­bi­tin­de «B» to­par­ça­da çy­kyş eder. Il­deş­le­ri­miz «B» to­par­ça­da Ku­weý­tiň «Al-Ara­bi», Mal­diw ada­la­ry­nyň «Ma­zi­ýa» hem-de Gyr­gy­zys­ta­nyň «Ab­dyş-Ata Kant» to­par­la­ry bi­len du­şu­şar. Umu­my­lyk­da ýa­ry­şyň to­par­ça­la­ýyn tap­gy­ry mer­ke­z­leş­di­ri­len gör­nüş­de, ýag­ny her to­par­ça­nyň du­şu­şyk­la­ry 1 ýurt­da ge­çi­ri­ler. «B» to­par­ça­nyň du­şu­şyk­la­ry-da Ku­weý­tiň paý­tag­ty Ku­weýt Si­ti­dä­ki «Al Ku­wa­it Sports Club» sta­dio­nyn­da oý­na­lar. «Ar­ka­dag» to­pa­ry 1-nji du­şu­şy­gy­ny 26-njy okt­ýabr­da Mal­diw­le­riň «Ma­zi­ýa» to­pa­ry bi­len ge­çir­se, 29-njy okt­ýabr­da 2-nji du­şu­şy­gyn­da «Ab­dyş-Ata» to­pa­ry bi­len güýç sy­na­ny­şar. Ýur­du­my­zyň we­ki­li­niň 3-nji du­şu­şy­gy 1-nji no­ýabr­da ýer eýe­le­ri «Al-Ara­bi» to­pa­ry bi­len bo­lar. Ýa­ry­şa je­mi 18 klub gat­naş­ýar. Klub­lar Gün­ba­tar se­bi­tin­de 4 to­par­ly 3 to­par­ça, Gün­do­gar se­bi­tin­de-de 3 to­par­ly 2 to­par­ça paý­lan­dy. Gün­ba­tar se­bi­tin­dä­ki to­par­ça­lar­da 1-nji or­ny eýe­län­ler (3 klub), Gün­do­gar se­bi­tin­den bol­sa her to­par­ça

Uly hasaply ýeňişler

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li li­ga­syn­da 20-nji tap­gy­ryň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di. Sa­na­wyň li­de­ri «Ar­ka­dag» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Al­tyn asyr» to­pa­ry­ny ka­bul edip, gar­şy­da­şy­ny 5–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ýer eýe­le­ri­ne ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew (27 p, 59), Il­ýa Ta­mur­kin (36), Şa­na­zar Tir­ki­şow (58) hem-de Re­sul Röw­şen­my­ra­dow (86 ö.d.) ge­çir­di. «Al­tyn asyr» to­pa­ry­nyň ýe­ke-täk go­lu­ny bol­sa 78-nji mi­nut­da Röw­şen­gel­di Hal­mäm­me­dow öz ady­na ýaz­dyr­dy.

Ýa­şa­jyk küşt­çü­le­ri­miz ýe­ňiş­li do­lan­dy­lar

Gyr­gyzysta­nyň Ys­syk-köl et­ra­byn­da 8 — 16 ýaş ara­ly­gyn­da­ky og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da nus­ga­wy küşt bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­da türk­men küşt­çü­le­ri bir al­tyn we bir kü­müş me­dal ga­zan­dy­lar. Çem­pio­na­ta Türk­me­nis­tan­dan, Gyr­gy­zys­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan we Öz­be­gis­tan­dan 300-den gow­rak küşt­çi gat­naş­dy. 8 ýa­şa çen­li gyz­la­ryň ara­syn­da Ma­ry we­la­ýa­tyn­dan müm­kin bo­lan 9 utuk­dan 7,5 utuk ga­za­nan mek­dep okuw­çy­sy Aý­lar Hem­ra­ýe­wa 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Aý­lar aý­gyt­laý­jy oýun­lar­da ga­za­gys­tan­ly bäs­de­şi Ame­li­ýa Ame­to­wa­ny

Sam­bo­çy­la­ryň üs­tün­li­gi

Gyr­gy­zys­ta­nyň Çol­pan-Ata şä­he­rin­de sam­bo bo­ýun­ça Dün­ýä ku­bo­gy ge­çi­rildi. Oňa Türk­me­nis­tan­dan 29 tür­gen gat­naş­dy. Ýa­ryş ze­nan­la­ryň we er­kek­le­riň arasyn­da sport hem-de sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­lar­da il­deş­le­ri­miz üs­tünlik­li çy­kyş et­me­gi ba­şar­dy­lar. Olar öz ag­ram de­re­je­le­rin­de ne­ti­je­li çy­kyş edip, 1 al­tyn, 2 kü­müş we 7 bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar. Has ta­ky­gy, Ny­ýaz­my­rat Ba­be­kow al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Ol bu üstün­li­gi sport sam­bo­sy bo­ýun­ça 64 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de ga­zan­dy. Şeý­le hem sport sam­bo­sy bo­ýun­ça Ba­ba­my­rat Baý­ra­mow, Kam­bar Uma­row we Azi­za Naza­ro­wa, sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça Ke­rim Ke­ri­mow bi­len Aga­sa­par Mu­ha­dow da­gy hor­mat mün­be­ri­niň üçün­ji bas­gan­ça­gy­na çyk­dy­lar. Sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça Ýu­sup Taň­ry­ber­di­ýew bi­len Za­ri­na Ab­dy­rah­ma­no­wa kü­müş, Mak­sat An­na­gy­ly­jow we Gülza­da Jo­ra­ku­ly­ýe­wa bol­sa bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar.

Mer­ke­zi Azi­ýa çem­pio­na­tyn­dan 17 me­dal!

Ga­za­gys­ta­nyň Şym­kent şä­he­rin­de jiu-jit­su bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çempio­na­ty ge­çi­ril­di. Ýa­ry­şa 6 ýurt­dan — Gyr­gy­zys­tan­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Tä­ji­gis­tandan, Öz­be­gis­tan­dan, Ita­li­ýa­dan we Türk­me­nis­tan­dan 570 tür­gen gat­naş­dy. Ýa­ryş­da türk­me­nis­tan­ly tür­gen Je­lil­mu­ham­met Ho­ja­my­ra­dow çem­pion bolma­gy ba­şar­dy. 77 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de çy­kyş eden Je­lil­mu­ham­met fi­nal tut­lu­şy­gyn­da ga­za­gys­tan­ly Žar­ma­han Ba­ki­ro­wy ýeň­di. Şeý­le hem Hur­ma Ab­dy­ýe­wa 48 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy.

Boks boýunça birinjilik

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde 2009–2011-­nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda boks boýunça etrabyň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda halypa tälimçi Orazgeldi Çaryýarowyň tälimçilik edýän toparynyň türgenleri birinji orna, Ýusup Şyhymgulyýewiň şägirtleri iki­nji orna, Rejepmuhammet Hojamgulyýewiň tälim berýän türgenlerinden düzülen topar bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan türgenlere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Uly hasap bilen ümzügi öňe

Golaýda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 20-nji tapgyrynda «Arkadag» bilen «Altyn Asyr» futbol toparlary duşuşdy. «Nusaý» stadionynda geçen duşuşykda «Arkadag» topary 5:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşyk örän çekeleşikli dowam edip, oýnuň 27-nji minutynda «Arkadagdan» Altymyrat Annadurdyýew 11 metrlik jerime urgusy bilen hasaby açmagy başardy. Oýnuň 36-njy minutynda Ilýa Tamurkin hasaby artdyrdy. 58-nji minutda Şanazar Tirkişow tapawutlansa, bir minut geçip geçmänkä, Altymyrat Annadurdyýew özüniň şu oýundaky ikinji, toparynyň bolsa dördünji goluny geçirdi. Şondan soňra «Altyn Asyrdan» Röwşengeldi Halmämmedowyň geçiren goly aragatnaşykçylara teselli bolsa-da, bu hasap hem goratmady. Oýnuň 86-njy minutynda Resul Röwşenmyradowyň öz derwezesine geçiren goly ahyrky hasaby kesgitledi: 5-1. * * *

Sport — sagdyn durmuşyň özeni

Türkmenistanda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Bu döwlet syýasaty milletiň saglygynyň berkidilmegine, düýpli özgertmeler ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň geljegi bolan berk bedenli, ruhy taýdan kämil ýaş nesliň terbiýelenmegine gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrundaky taýsyz tagallalarynyň esasynda, ilaty, şol sanda ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni höweslendirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Muňa yzygiderli geçirilýän bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri aýdyň şaýatlyk edýär.