Ger­ma­ni­ýa EURO 2024-den ep-es­li gir­de­ji ga­zan­dy

30 Awgust 2024
327

Fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty ýa­ry­şy gu­raý­jy Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne uly go­şant goş­dy. EURO 2024-iň Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 7,4 mil­liard ýew­ro­lyk gir­de­ji ga­zan­dy­ran­dy­gy UEFA ta­ra­pyn­dan ha­bar be­ril­di. «Ni­el­sen Sports»-yň ha­sa­ba­tyn­da çem­pio­na­tyň 10 şä­her üçin 7, 4 mil­liard ýew­ro­lyk yk­dy­sa­dy go­şan­dy­nyň 90 gö­te­ri­miniň pe­tek­le­riň sa­tu­wyn­dan, şol san­da gu­ra­ma­çy­la­ryň we akk­re­di­ta­si­ýa bo­lan­la­ryň eden çyk­da­jy­la­ryn­dan ge­len­di­gi bel­le­nil­ýär. Je­mi 2,7 mil­li­on pe­tek sa­ty­lyp, onuň 44 gö­te­ri­mi da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­len jan­kö­ýer­le­re de­giş­li­dir. Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­len çem­pio­na­tyň çä­gin­de oý­na­lan 51 du­şu­şy­ga 2,7 mil­li­on jan­kö­ýer to­ma­şa edip, şo­la­ryň 1,7 mil­lio­ny azyn­dan bir du­şu­şy­ga gat­na­şan ýe­ke-täk pe­te­gi bo­lan adam­lar­dy. Sa­ty­lan pe­tek­le­riň 23 gö­te­ri­mi du­şu­şy­gyň ge­çi­ril­ýän şä­her­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry, 33 gö­te­ri­mi Ger­ma­ni­ýa­nyň beý­le­ki şä­her­le­ri­niň ra­ýat­la­ryn­dan yba­rat bo­lup, 44 gö­te­ri­mi-de baş­ga ýurt­lar­dan ge­len jan­kö­ýer­ler­dir.

Şeý­le-de, myh­man­ha­na­lar, şä­heriçi we şä­he­ra­ra ge­ze­lenç, sta­dio­nyň da­şyn­da­ky iý­mit sa­tuw­la­ry-da ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­şu­lan 7,4 mil­liard ýew­ro­lyk gir­de­ji­niň bel­li bir bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Ga­ly­ber­se-de, umu­my­lyk­da me­dia ul­ga­myn­da-da 571 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de ma­ha­bat­lar gör­ke­zil­di.