Niderlandlaryň Zandwoort şäherinde geçirilen Formula 1 boýunça möwsümiň 15-nji ýaryşynda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazandy. Ol şäheriň adybir trassasynda guralan 72 aýlawdan ybarat bolan ýaryşy 1 sagat 30 minut 45,19 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň karýerasyndaky 2-nji ýeňşidir. Norrisden 22,896 sekunt yza galan «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen 2-nji ýeri eýeledi. Ol 2021-nji ýyldan soň gaýtadan sanawa girizilen bu «Gran Pride», ýagny öz ýurdunda ilkinji gezek ýeňiş gazanyp bilmedi. Şol bir wagtyň özünde-de Werstappene 5 ýaryşdan bäri birinji bolmak başardanok.
Ýaryşda 3-nji orna «Ferrari» toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler mynasyp bolup, ol ýeňijiden 25,439 sekunt soň pellehana geldi.