"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport syýasaty dabaralanýar

Gahryman Arkadagymyzyň sport syýasaty bu gün türkmen türgenlerini ajaýyp netijelere ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň ähmiýetli başlangyçlary bolsa bu syýasatyň täze many-mazmuna eýe bolmagyny üpjün etdi. Şunlukda, halkara giňişliginde sport ýurdy hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Watanymyz tutuş dünýäniň üns merkezindedir. Iň uly sport baýramçylyklarynyň – dünýä we yklym çempionatlarynyň, halkara ýaryşlaryň ençemesini geçirmegiň ýurdumyza ynanylmagy şu buýsandyryjy hakykatyň aýdyň beýanydyr.

Tennis baýramçylygy: dostluk, tejribe, ýeňiş

Mälim bolşy ýaly, 11-nji noýabrda paýtagtymyzda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa badalga berlip, Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap Tennis toplumynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklaryň ençemesi guraldy. Tapgyrma-tapgyr geçirilen duşuşyklarda ökdeler öňe saýlandy. Şunda türkmen türgenleriniň aýratyn tapawutlanandygyny bellemek buýsançlydyr. Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giň gerimli çäreleriň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňeltmekde gazanan üstünliklerine dünýä bileleşiginiň berýän ýokary bahasynyň aýdyň güwäsidir. Öz gezeginde, tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň geçirilmegi hem halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim bolar.

Taryhda şu gün

2017-nji ýylyň 11-nji noýabrynda geçirilen birinji duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. 16-njy noýabrda geçirilen jogap oýnunda bolsa 2:0 hasabynda Peruwyň milli ýygyndysy üstün çykdy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren toplary 27-nji minutda Jefferson Farfan bilen 65-nji minutda Kristian Ramos geçirdiler. Peruwyň ýygyndysynyň 1982-nji ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatynyň final tapgyryna çykandygyny bellemek gerek.

«Çel­si» gol ba­ry­ny ýag­dyr­dy

UEFA-nyň 3-nji de­re­je­li ýa­ry­şy Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da 3-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Tap­gy­ryň iň uly ha­sap­ly ýeň­şi Lon­don­da ha­sa­ba alyn­dy. «Çel­si» klu­by Er­me­nis­ta­nyň «Noa» to­pa­ryn­dan 8-0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. 1-nji ýa­rym­da 6 gol ge­çi­ren «Çel­si­niň» gol­la­ry­ny Ada­ra­bio­ýo (12), Giu (13), Di­sa­si (18), Žoao Fe­liks (21), Mud­ryk (39) hem-de Nkun­ku (69, 76 p) ge­çir­di. Bu ne­ti­je «Çel­si» klu­bu­nyň ta­ry­hyn­da iň uly ha­sap­ly 2-nji ýe­ňiş bo­lup, lon­don­ly­lar 1971-nji ýyl­da Lýuk­sem­bur­gyň «Že­ness Eş» to­pa­ry­ny şol wagt­ky Ku­bok­çy­la­ryň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da 13–0 ýe­ňip­di­ler. «Çel­si» to­pa­ry Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da 3 du­şu­şy­gyn­da-da ýe­ňiş ga­za­nan 6 to­pa­ryň bi­ri bo­lup, olar sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. Pol­ýak klub­la­ry «Le­gia War­şa­wa» hem-de «Ýa­gel­lo­ni­ýa Be­los­tok» to­par­la­ry bu tap­gyr­da-da gar­şy­daş­la­ry­ny ýe­ňip, 2-3-nji orun­la­ry paý­laş­ýar­lar. We­na­nyň «Ra­pid» to­pa­ry, Por­tu­ga­li­ýa­nyň «Wi­to­ria de Gi­ma­raýnş» to­pa­ry, şeý­le-de, Ger­ma­ni­ýa­nyň «Haý­den­haým» klu­by «Çel­si­dir», «Le­gia» hem-de «Ýa­gel­lo­ni­ýa» ýa­ly 3-nji du­şu­şy­gyn­da-da ýe­ňiş ga­za­nan beý­le­ki to­par­lar­dyr. «Fio­ren­ti­na­nyň» myh­man­çy­lyk­da APOEL-den utul­ma­gy tap­gy­ryň iň ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je­si bol­dy.

«Brest» topary geň galdyrmagyny dowam edýär

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň li­ga gör­nüş­dä­ki il­kin­ji möw­sü­min­de du­şu­şyk­la­ryň deň ýa­ry­sy ta­mam­lan­dy. Sa­na­wa se­re­de­ni­miz­de, 4 oý­nuň ne­ti­je­sin­de ga­ra­şy­ly­şyn­dan üýt­ge­şig­räk klub­la­ry gör­mek bol­ýar. Sa­na­wyň ba­şy­ny ýe­ke utuk hem ýi­tir­me­dik «Li­wer­pul» çek­ýän hem bol­sa, 2-3-4-nji ýer­ler­de de­giş­li­lik­de, «Spor­ting», «Mo­na­ko» hem-de «Brest» to­par­la­ry­nyň bol­jak­dy­gyn­dan ýa­ryş baş­la­maz­dan ozal, hiç kim gü­man et­me­dik bol­sa ge­rek. Esa­sa­nam «Bres­tiň» bol­ma­gy hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. 4 du­şu­şyk­da ýe­ňil­män 10 utuk top­lan «Brest» to­pa­ry ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek UEFA-nyň ýa­ryş­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýär. As­lyn­da Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­ty diý­len­de, ir­ki ýyl­lar­da «Reýms», «Sent-Etien», «Bor­do», «Mar­sel», 2000-nji ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da «Li­on», soň­ky 10-15 ýyl­lyk­da bol­sa PSŽ, «Mo­na­ko», wag­tal-wag­tal «Lill» klub­la­ry ýa­dy­ňa düş­ýär. Ýö­ne we­lin, hiç ha­çan «Brest» to­pa­ry ýa­da dü­şe­nok­dy. Se­bä­bi «Brest» to­pa­ry­nyň bar­dy­gyn­da­nam köp­ler bi­ha­bar diý­sek, öte geç­di­gi­miz bol­maz. Ýur­duň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da ýer­leş­ýän Brit­ta­ni se­bi­ti­niň Brest şä­he­ri­niň ady­bir klu­by bo­lan bu to­par 1903-nji ýyl­da «Ar­mo­ricaine de Brest» ady bi­len esas­lan­dy­ryl­ýar. 1950-nji ýyl­da şä­her­dä­ki 5 ka­to­lik klu­buň bir­leş­me­

«Barselona» 2-nji gezek ýeňildi

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Re­al So­sie­dad» bi­len du­şu­şyp, 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Bu ola­ryň çem­pio­nat­da­ky 2-nji ýeň­li­şi bo­lup, du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk go­ly 33-nji mi­nut­da san-se­bas­ti­an­ly­la­ryň su­ri­nam­ly hü­jüm­çi­si Şe­ral­do Bek­ker ge­çir­di. «Re­al Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da «Osa­su­na­ny» ka­bul edip, gar­şy­da­şy­nyň der­we­ze­sin­den jo­gap­syz 4 pök­gi ge­çir­di. Gol­la­ryň 3-si­ni Wi­ni­si­us Ju­ni­or, beý­le­ki­si­ni-de Jud Bel­lin­gam öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy. Du­şu­şyk­da agyr şi­kes alan Eder Mi­li­tao­nyň möw­sü­miň ga­la­nyn­da meý­dan­ça çyk­ma­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. «At­le­ti­ko Mad­rid» hem myh­man­çy­lyk­da «Mal­ýor­ka­dan» Hu­li­an Al­wa­re­siň 61-nji mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly bi­len üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky 2 möw­sü­miň çem­pi­on­la­ry «In­ter» bi­len «Na­po­li­niň» ara­syn­da­ky du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. «Na­po­li­den» Mak­To­mi­ne­ýiň 23-nji mi­nut­da­ky go­lu­na «In­ter» Ha­kan Çal­ha­nog­lu­nyň aja­ýyp go­ly bi­len jo­gap ber­di. Çal­ha­nog­lunyň 74-nji mi­nu­t­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren pe­nal­ti­si sü­tün­den yzy­na gaý­dyp, ol «In­terde» il­kin­ji ge­zek pe­nal­ti­ni dürs urup bil­me­di. «Ata­lan­ta­nyň» «Udi­ne­ze­ni» 2–1 ýe­ňen tap­gy­ryn­da «Fio­ren­ti­na» öz meý­dan­ça­syn­da «We­ro­na­dan» M

Ge­çen möw­sü­miň ter­si­ne

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­da» «Ba­ýe­re» ge­çen möw­süm­dä­ki ýa­ly ýe­ňiş ga­zan­mak ýe­ňil dü­şe­nok. Ça­bi Alon­so­nyň şä­girt­le­ri ge­çen möw­süm­de soň­ky mi­nut­lar­da bol­sa-da, ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­ýar­dy. To­par 15-den köp du­şu­şyk­da soň­ky mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry esa­syn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy ýa-da ýeň­liş­den ha­las bo­lup­dy. Ýö­ne bu möw­süm­de bu ýag­da­ý ter­sine do­wam ed­ýär. Myh­man­çy­lyk­da «Bo­hum» bi­len du­şu­şan «Ba­ýer» 18-nji mi­nut­da Pat­rik Şi­kiň go­ly bi­len öňe geç­di. Ýö­ne le­wer­ku­zen­li­ler du­şu­şy­gyň 89-njy mi­nu­tyn­da ýeň­şi el­den gi­der­di. Şu möw­süm­de ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik «Bo­hum» to­pa­ry­nyň adyn­dan ha­sa­by deň­län go­ly Mi­ýo­şi ge­çir­di. «Ba­ýer» to­pa­ry şu möw­süm­de eý­ýäm 3-nji ge­zek soň­ky mi­nut­lar­da gol ge­çir­dip, ýeň­şi el­den gi­der­di. Bu deň­lik le­wer­ku­zen­li­le­riň çem­pio­na­tyň çä­gin­de soň­ky 6 du­şu­şyk­da­ky 5-nji deň­me-deň­li­gi­dir. Sa­na­wyň li­de­ri «Ba­wa­ri­ýa» bol­sa Ja­mal Mu­sia­la­nyň aja­ýyp go­ly bi­len «Sankt-Pau­li­ni» 1-0 ha­sa­byn­da ut­dy. Şu möw­süm­de öz meý­dan­ça­syn­da ýe­ke utuk hem ýi­tir­män gel­ýän «Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dyň» myh­man­çy­lyk­da­ky şow­suz­ly­gy do­wam ed­ýär. «Maýns­dan» 3-1 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» myh­man­çy­lyk­da bas­syr 4-nji du­şu­şy­gyn­da ýe­ňil­di. 2-nji ýer­dä­ki «Le­ip­sig»

To­par­la­ryň tä­ze tä­lim­çi­le­ri

Ita­li­ýa­nyň «Ro­ma» to­pa­ry möw­süm­de eý­ýäm tä­lim­çi­si­ni 2-nji ge­zek çalyşýar. Öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­lon­ýa­dan» 3–2 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len paý­tagt­ly­la­ryň tä­lim­çi­si Iwan Ýu­riç we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy. To­par onuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da 12 oýun­da 4 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp, 5 sa­par utul­dy. «Ro­ma» to­pa­ry Ýu­ri­çiň or­nu­na 73 ýa­şyn­da­ky ha­ly­pa tä­lim­çi Klau­dio Ra­nie­ri­ni we­zi­pä bel­le­di. Ol ge­çen ýylyň maýyn­da tä­lim­çi­li­gi taş­lap­dy. Ra­nie­ri 3-nji ge­zek «Ro­ma» toparyna tä­lim be­rer. Ol 2009-2011-nji ýyl­lar­da, şol san­da 2019-njy ýyl­da gys­ga wagt­lyk «Ro­ma» to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­si bo­lup­dy. Ar­gen­ti­na­ly meş­hur tä­lim­çi Hor­he Sam­pao­li ýe­ne-de Ýew­ro­pa do­lan­dy. 64 ýa­şyn­da­ky tä­lim­çi Fran­si­ýa­nyň «Renn» to­pa­ry­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­len­di. Ol Žýu­len Ste­fa­nyň or­nu­na geç­di. Sam­pao­li fran­suz klu­by bi­len 2026-njy ýy­lyň tom­su­na çen­li şert­na­ma bag­laş­dy. Soň­ky sa­par «Fla­men­go» to­pa­ry­na tä­lim be­ren Sam­pao­li 2023-nji ýyl­da bra­zil klu­bun­da­ky işi­ni taş­lap­dy. «Se­wil­ýa», «Mar­sel», «San­tos» klub­la­ry­na tä­lim be­ren Sam­pao­li Ar­gen­ti­na­nyň we Çi­li­niň mil­li ýy­gyn­dy­la­ry­nyň tä­lim­çi­si hem bo­lup iş­läp­di.

Ko­ko Gauff möw­sü­mi jem­le­di

Ten­nis bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da möw­sü­miň jem­leý­ji ýa­ry­şy «WTA Fi­nals» ta­mam­lan­dy. Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ry­şa WTA-nyň sa­na­wyn­da öň­de bar­ýan 8 ten­nis­çi gat­naş­dy. Olar 2 to­par­ça­da bäs­le­şip, ne­ti­je­de fi­na­la ame­ri­ka­ly Ko­ko Gauff bi­len hy­taý­ly Çžen Sin­wen çyk­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen fi­nal­da ýe­ňi­ji 3 set­de bel­li bol­dy. 1-nji set­de Sin­wen 6:3 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. 2-nji set­de bol­sa ýe­ňiş Ko­ko Ga­uf­fyň ta­ra­pyn­da bol­dy (6:4). Fi­nal set ha­sam çe­ke­le­şik­li ge­çip (7:6), taý-bre­giň ne­ti­je­sin­de ame­ri­ka­ly ten­nis­çi ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Şun­luk­da, 2:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Ko­ko Gauff bir­nä­çe sta­tis­ti­ka­la­ryň hem eýe­si bol­dy. Ol Se­re­na Wil­liams­dan soň (2014) bu ýa­ryş­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji ame­ri­ka­ly, şol san­da soň­ky 20 ýyl­da çem­pi­on bo­lan iň ýaş ten­nis­çi­si hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy (Ma­ri­ýa Şa­ra­po­wa, 2004). Ol şol bir wag­tyň özün­de soň­ky 18 ýyl­da bir ýa­ryş­da sa­na­wyň 1-nji hem-de 2-nji bel­gi­li ten­nis­çi­le­ri­ni ýe­ňen il­kin­ji ten­nis­çi diý­lip bel­li­ge alyn­dy. Soň­ky ge­zek 2006-njy ýyl­da «Ame­ri­ka Açyk­da» Ma­ri­ýa Şa­ra­po­wa sa­na­wyň 1-2-nji bas­gan­çak­la­ryn­daky ten­nis­çi­leri ýe­ňip­di. Bu ýa­ryş­da Li Na­dan soň fi­na­la çy­kan 2-nji hy­taý­ly ten­nis­çi bo­lan Çžen Sin

«Ashgabat Open 2024»: finala bir ädim galdy

Paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşynda düýn ýarym finalçylar belli boldy. Onda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýekelikde hem-de jübütleýin görnüşde ýarym finalçylar kesgitlenildi. Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda türkmen ýygyndysyndan Süleýman Hudaýberdiýewiň ýeňişli ýoluny dowam etdirip, ýarym finala çykandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol çärýek final duşuşygynda Birleşen Arap Emirliklerinden gelen Mohamed Saleh Al Alini 2:0 hasabynda utup, adyny ýarym finala ýazdyrmagy başaran ilkinji türgen boldy. Onuň bu tapgyrdaky garşydaşy malaýziýaly tennisçi Garet Lim Hao Zhe bolar.

Türkmenistanda «Ash­ga­bat Open 2024» hal­ka­ra ten­nis ýa­ry­şy ge­çi­ril­ýär

Şu gün­ler ýur­du­myz­da 14 ýa­şa çen­li ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça «Ash­ga­bat Open 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ryş ge­çi­ril­ýär. 11-nji no­ýabr­da bu sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň res­mi açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Ýa­ry­şa Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň 12 ýur­dun­dan tür­gen­ler gat­naş­ýar. «Ash­ga­bat Open 2024» hal­ka­ra ýa­ry­şy­na Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Hin­dis­tan­dan, Eý­ran­dan, Ior­da­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­den, Pa­kis­tan­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan we Türk­me­nis­tan­dan tür­gen­ler gat­naş­ýar­lar.

Sport diplomatiýasy rowaçlanýar

Gözel paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap Tennis toplumynda «Aşgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşy gyzykly, çekeleşikli hem-de ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýçdür. Türgenler agzybirlik bilen güýç synanyşýarlar, bäsleşýärler. Olardan ukyplylar, erjeller ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, gazanylýan netijeler sportuň diňe bir türgenleriň arasyndaky medallar ugrundaky ýaryşlar däldigini görkezmek bilen, asudalygy we agzybirligi kepillendirýän gatnaşyklaryň binýady hasaplanylýar. Halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň bedenlerini berkitmegi, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler öz ajaýyp netijelerini berýär. Halkara, sebitara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanýan ýeňişleriniň barha artýandygy ýurdumyzda sporta döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Buýsandyryjy üstünlikleri bilen watandaşlarymyzyň guwanjyna eýe bolýan türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigini 25-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleý

Kiçi futbolda ýaryşdylar

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikdäki meýilnamalary esasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlary çekeleşikli häsiýete eýe bolýar. Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda geçen kiçi futbol ýaryşynyň etrap tapgyry babatynda hem şeýle diýmek bolar. Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden gelen toparlar öz aralarynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklary geçirdiler. Futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma döreden ýaryşda 17-nji orta mekdebiň topary garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar edip, ýeňiji boldy hem-de ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji orna 15-nji orta mekdebiň, üçünji orna bolsa 19-njy orta mekdebiň okuwçylary mynasyp boldular.

Erjeller öňe saýlandy

Ýaşlarda sporta höwesiň ýokarydygyny, futbolyň meşhurlygynyň barha artýandygyny Tejen etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda geçirilen kiçi futbol ýaryşy anyk subut etdi. «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde geçirilen etrap derejesindäki ýaryşa etrabyň mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçen ýaryşyň netijesinde ýer eýeleri bolan 42-nji orta mekdebiň okuwçylary ýeňiş gazandylar. Olar aýgytlaýjy duşuşykda 27-nji orta mekdebiň toparyndan üstün çykmagy başardylar. Şeýlelikde kiçi futbol ýaryşynyň etrap tapgyrynda 27-nji orta mekdebiň topary ikinji, 35-nji orta mekdebiň topary bolsa, üçünji orna mynasyp boldy.

Watanyň zehinli ýaşlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edilýär. Muňa ýaşlaryň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär. Ynha, golaýda hem ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «MEMORIAD 2024» atly bütindünýä mental sport olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. 7 — 9-njy noýabr aralygynda geçirilen «MEMORIAD» olimpiadasy 4 ýyldan bir gezek geçirilip, onda ýatkeşlik, mental hasaplama, mental arifmetika, çalt okamak boýunça ýaryşlar guralýar. Bu zehin bäsleşigine türkmen ýaşlary ilkinji gezek gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik aldylar. Ýeňijileriň hatarynda lebaply okuwçylaryň bardygy bolsa diýseň guwandyryjydyr. Ýagny, ildeşimiz, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew 23 döwletiň 150-den gowrak okuwçysynyň arasyndan saýlanyp, altyn medaly gazandy. Has takygy, fleş-anzan marafon ugry boýunça 13 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Mekana taý tapylmady. Ol 1825,13 sekuntda 43988,89 utuk toplap, dünýä çempiony bolmagy başardy. Şeýle-de Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Ýusupowa bolsa bu olimpiadanyň kümüş med

Paýtagtymyzda halkara tennis ýaryşy dowam edýär

11-nji noýabrda Aziýanyň we Ýewropanyň 12 ýurdundan türgenleri paýtagtymyza jemlän 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa badalga berildi. Bu waka Aşgabadyň halkara sport merkezi hökmünde ykrar edilýändiginiň, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge gönükdirilen işleriň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa türkmen türgenleri bilen birlikde, Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan ýaş tennisçiler gatnaşýar. Halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, onuň ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy tassyklanyldy. Myhmanlara ýardam etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat meýletinçiler topary döredildi.

«Ashgabat Open 2024»: dostlugyň we tejribäniň ýeňşi

Tennis sportunyň geljegine uly ynam bildirilýän ýaş ýyldyzlarynyň türkmen paýtagtynyň açyk birinjiligindäki duşuşyklary gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumyna müňlerçe tomaşaçyny ýygnan düýnki duşuşyklar hem garaşylan we garaşylmadyk netijelere baý boldy. «Ashgabat Open 2024» ýaryşynyň ilkinji iki gününe mahsus bolşy ýaly, üçünji tapgyryň duşuşyklarynda hem türkmen tennisçileriniň görnetin öňe saýlanandygyny, olaryň güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykandygyny turuwbaşdan nygtamak gerek. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda tennis sportunyň geljegi üçin iňňän uly ähmiýete eýe bolan ýaryşyň duşuşyklary meýdançalaryň birbada bäşisinde alnyp barylýar. Düýn tapgyryň çäginde ir sagat 09:00-dan 14:00-a çenli aralykda ýekelikdäki duşuşyklaryň 28-si geçirildi. Ir sagat 09:00-da başlanan duşuşyklarda Birleşen Arap Emirliklerinden gelen Mohamed Saleh Al Ali, ildeşlerimizden Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony Ilima Guseýnowa, Sapar Gylyjow, Begençgeldi Hummetow we Ýunus Annamyradow dagy nobatdaky ýeňşini gazanan bolsa, sagat 10:00-da başlan duşuşyklarda Süleýman Hudaýberdiýew, Aly Geldiýew, Nazar Amangeldiýew, Gowşut Söýünow (Türkmenistan) we Garet Lim Hao Ze (Malaýziýa) dagy ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin mümkinçilik gazandylar.

«Ashgabat Open 2024»: ýaş tennisçileriň halkara ýaryşy

Oňa Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenler gatnaşýarlar. 11-nji noýabrda badalga berlen halkara ýaryşyň açylyş dabarasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan 4 müň orunlyk Tennis toplumynda ýaýbaňlandyrylmagy mynasybetli köp sanly tomaşaçylar ýygnandy. Halkara ýaryşyň resmi açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Dabarada Halkara Tennis federasiýasynyň wekili, tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň baş emini Mahdi Malekzade çykyş edip, türkmen tarapynyň ýaryşlary geçirmek üçin iň amatly şertleri döredendigini, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny gurandygyny belläp, myhman tennisi ösdürmäge berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine HTF-niň adyndan çuňňur hoşallyk bildirdi.

Sport

Spartakiadanyň welaýat tapgyry Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäklerinde ýeňil atletika boýunça ýaryşlaryň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplaryndan hem-de Daşoguz şäherinden oglan-gyzlardan düzülen 8 topar, jemi 130-a golaý türgen gatnaşdy. Ýaryşda türgenler ýeňil atletikanyň üç görnüşi — uzynlygyna bökmek, oglanlar 100 metr aralyga, gyzlar 60 metr aralyga ylgamak hem-de oglanlar estafetanyň 4x100 metr aralyga, gyzlar bolsa 4x60 metr aralyga ylgamak görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Ýaryşlarda Daşoguz şäheriniň topary iň köp — 42 utuk toplap, birinji orny eýeledi, ikinji orny 32 utuk bilen Akdepe etrabynyň, üçünji orny bolsa 27 utuk bilen Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň toparlary eýelediler.

Tennisde şowly çykyşlar

11-nji noýabrda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşa Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenler gatnaşýarlar. Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda guraldy.