Tennis boýunça zenanlaryň arasynda möwsümiň jemleýji ýaryşy «WTA Finals» tamamlandy. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen ýaryşa WTA-nyň sanawynda öňde barýan 8 tennisçi gatnaşdy. Olar 2 toparçada bäsleşip, netijede finala amerikaly Koko Gauff bilen hytaýly Çžen Sinwen çykdy. Çekeleşikli geçen finalda ýeňiji 3 setde belli boldy. 1-nji setde Sinwen 6:3 hasabynda üstün çykdy. 2-nji setde bolsa ýeňiş Koko Gauffyň tarapynda boldy (6:4). Final set hasam çekeleşikli geçip (7:6), taý-bregiň netijesinde amerikaly tennisçi ýeňşini baýram etdi. Şunlukda, 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan Koko Gauff birnäçe statistikalaryň hem eýesi boldy. Ol Serena Williamsdan soň (2014) bu ýaryşda çempionlyk gazanan ilkinji amerikaly, şol sanda soňky 20 ýylda çempion bolan iň ýaş tennisçisi hökmünde hasaba alyndy (Mariýa Şarapowa, 2004). Ol şol bir wagtyň özünde soňky 18 ýylda bir ýaryşda sanawyň 1-nji hem-de 2-nji belgili tennisçilerini ýeňen ilkinji tennisçi diýlip bellige alyndy. Soňky gezek 2006-njy ýylda «Amerika Açykda» Mariýa Şarapowa sanawyň 1-2-nji basgançaklaryndaky tennisçileri ýeňipdi.
Bu ýaryşda Li Nadan soň finala çykan 2-nji hytaýly tennisçi bolan Çžen Sinwen bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşdy. Ýaryşyň dowamynda belarusly Aryna Sabalenka, italiýaly Jasmin Paolini, gazagystanly Ýelena Rybakina, hytaýly Çžen Sinwen gülgün toparçada, polşaly Iga Şwentek, amerikaly Koko Gauff, russiýaly Dariýa Kasatkina hem-de çehiýaly Barbora Kreýçikowa mämişi toparçada çykyş etdiler.