Tennis baýramçylygy: dostluk, tejribe, ýeňiş

15 Noýabr 2024
234

Mälim bolşy ýaly, 11-nji noýabrda paýtagtymyzda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa badalga berlip, Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap Tennis toplumynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklaryň ençemesi guraldy. Tapgyrma-tapgyr geçirilen duşuşyklarda ökdeler öňe saýlandy. Şunda türkmen türgenleriniň aýratyn tapawutlanandygyny bellemek buýsançlydyr.

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giň gerimli çäreleriň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňeltmekde gazanan üstünliklerine dünýä bileleşiginiň berýän ýokary bahasynyň aýdyň güwäsidir. Öz gezeginde, tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň geçirilmegi hem halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim bolar.

«Nesil».