Sportuň rowaçlanýan ýurdy
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sport ýurdy hökmünde şan-şöhrata eýe bolýar. Berkarar Watanymyzda halkara ähmiýetli iri sport ýaryşlarynyň yzygiderli guralmagy we olaryň üstünlikli geçirilmegi buýsanç bilen şeýle diýmäge esas berýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel we taryhy ýerinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň özi hem soňky sanlyja ýylyň dowamynda iri ýaryşlaryň birnäçesini kabul etdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň noýabr aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi buýsançly wakalaryň birine öwrüldi. Oňa Ýewropanyň we Aziýanyň ondan gowragyndan, şol sanda Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan we Türkmenistandan türgenleriň gatnaşandygyny bellemek juda ýakymly. Ýaş türgenlerimiziň abraýly ýaryşdaky üstünligi bolsa ulus-ilimizi buýsandyrdy.