Türkmen samboçylary Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden türgenleriň altysy hormat münberinden orun almagy başardy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary dünýä birinjiliginde 1 sany altyn, 2 sany kümüş we 3 sany bürünç medala eýe boldular.
Altyn medala söweş sambosy boýunça 71 kilogram agram derejesinde ýaryşa gatnaşan Muminjan Arzykulow eýe çykdy. Şeýle-de söweş sambosy boýunça 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Bägül Nuryýewa we şol görnüş boýunça 80 kilogramdan ýokary agramda güýjüni synan Sabina Agajanowa kümüş medala mynasyp boldular. Şol bir wagtyň özünde Kambar Umarow sport sambosy boýunça 71 kilograma çenli agram derejesinde, Zarina Abdurahmanowa söweş sambosy boýunça 54 kilograma çenli agram derejesinde we Gülzada Jorakulyýewa söweş sambosy boýunça 72 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandylar.