Ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän sport ýaryşlary uly ähmiýete eýedir. Munuň özi eziz Diýarymyzy sport ýurdy hökmünde dünýä tanatmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde, sportda ýokary netijeleri gazanmakda nobatdaky ädime öwrülýär. Çünki sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr, kämilligiň ýoludyr. Paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy hem ýaş türgenlerimiziň özüne bolan ynamyny artdyrýar, olaryň kämilleşmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli ugurlaryny ösdürmek, şonuň bilen bir hatarda, halkyň saglygyny berkitmek esasy ugurlaryň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde uly işler edilýär. Şu günki güne çenli sport boýunça türgenlerimiz dürli derejede geçirilýän ýaryşlarda abraýly orunlara mynasyp bolup gelýärler. Bu bolsa ýaşlaryň sagdyn durmuşda ýaşaýandyklaryny, kämilligi ýörelge edinýändiklerini aýdyň beýan edýär.