Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesilleriň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, olaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzda sporty we bedenterbiýäni goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, dünýäniň dürli döwletleriniň sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurduň sport ulgamyna ornaşdyrmak, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatda ylmy ösdürmek hem-de beýleki wajyp çäreler esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki ajaýyp döwrümizde üstünlikli amala aşyrylýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebit we dünýä derejesindäki iri halkara sport ýaryşlaryny guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä hem-de giň mümkinçiliklere eýedir. Halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýan ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijeliliginiň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tyllaýy güýzünde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen