...Adam söýülsin

31 Mart 2023
1178

Beýik söz ussady Gurbannazar Ezizowyň şygyrlarynda barlyga aşyklyk bilen birlikde adamy söýmek ündelýär. Ynsan mertebesiniň mukaddesligi, ömrüniň gymmatlygy, ýaşaýyş pelsepesi we bakylyk baradaky düşünjeler şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Adamyň pikirlenmek bilen adatylykdan kämillik derejesine göterilmäge ukyplydygyny düşündirýär. Şonuň üçin belent mertebeli adam ömrüni — beýik ýaşaýşy halas etmegiň zerurlygyny öwran-öwran gaýtalaýar. Şahyryň baş maksady dünýäniň derdini ýeňletmek, pelsepeçiniň pikir-garaýyşlarynyň özenini adam we onuň durmuşy dogrusyndaky düşünjeler düzýär. Külli ynsanyň we tutuş barlygyň biri-biri bilen baglanyşygy, bitewüligi barada çeper aňlatmalar arkaly çuňňur pikir ýöredilýär. Goşgulardaky indiwidual meňzetmeler we metaforalar şahyryň ussatlygyny görkezýär.

Ene tebigat ýazyna ýaşyl öwsen baglary, gyşyna ala garly daglary bilen tämizdir. Saryja tomsy, zerbap donly güýzi bilen kämildir. Dünýä dört pasylda diýseň gözel görünýär. Pikir kylsaň, bu gözelligiň bary adam üçin. Ýaşaýyş gözel, durmuş ajaýyp, emma bu owadan barlyga ýöne guwanmak ýeterlik däldir. Işiň iň haýyrlysy, kyn hem bolsa, adamy söýmekdir. Bu babatda pelsepeçi şahyr şeýle pikir ýöredýär:

Sülgünjemal HANGELDIÝEWA,
žurnalist.