Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty halkymyzyň maşgala däplerini nesilleriň mynasyp dowam etdirmeklerine gönükdirilendir. Türkmen maşgalasynyň öz aýratynlyklary bar. Türkmen maşgalasy barada gürrüň edilende, türkmen zenanyny, gyz-gelinlerini wasp etmezlik mümkin däl. Sebäbi türkmen ojagynyň agzybirliginiň, maşgala mukaddesliginiň esasy goragçylary bolan türkmen zenanlaryna aýratyn uly hormat degişlidir.
Zenan — edep hazynasy. Zenan mukaddesliginiň iň ýokary derejesi ene mukaddesligidir. Maşgalanyň çaga terbiýesinde enäniň orny uly. Olar öýüň hojalyk işleri bilen bir hatarda, ýaş gyzlara milli hünärleri öwredip, nesilden-nesle geçirip, biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Bu gün biziň milletimiziň kalby, buýsanjy hasaplanýan halylarymyz, hiç bir döwürde-de ýitmejek beýik sungat hökmünde dünýä ýüzüne äşgärdir. Her bir gölünde milletimiziň taryhy ussatlyk bilen beýan edilýän türkmen halysy — uly sungat.