Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, ak bazarlarymyzda we söwda nokatlarynda milli önümlerimiziň agdyklyk etmeginde türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bardyr. Olar döwlet Baştutanymyzyň hususy ulgamy ösdürmek baradaky belent başlangyçlaryndan ruhlanyp, täze önümçilikleri açmakda, halkyň gündelik sarp edýän azyklyk we senagat önümlerini öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Şeýle hususyýetçileriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Samandar Mustafakulowyň alyp barýan işleri hem aýratyn bellärliklidir.
Hususyýetçi Kerki etrabynyň Kerki şäherindäki kärhanasynda indi 10 ýyldan bäri «Awaza», «Hazar», «Daşrabat» ýaly haryt nyşanly gaýnadylan, kakadylan we ýarym kakadylan şöhlat önümlerini öndürip gelýär. Şöhlat önümçiligi et kabul ediji, sowadyjy, taýýarlaýjydyr gaplaýjy we barlamhana bölümlerinden ybaratdyr. Bu bölümlerde Russiýa Federasiýasynda öndürilen ýokary hilli et dograýjy, garyjy, üweýji, mal süňküni kesiji we beýleki zerur enjamlar bökdençsiz işledilýär. Önümçilik doly awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Onda işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär.