Telekeçi. Bary-ýogy ýekeje jümleden ybarat bu sözi eşideniňde, ilki bilen, gursagy hyjuwdan doly, dogumly, işbaşarjaň, döwletimizde döredilýän amatly mümkinçiliklerden we şertlerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmak üçin ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrman, döredijilikli zähmet çekýän adam göz öňüňe gelýär. Şeýle adamlar bolsa, bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde näçe diýseň bar. Olaryň bir toparynyň Mary welaýatynda ýaşap, işläp, haryt bolçulygynyň has-da pugtalanmagy ugrunda yhlasyny görkezýändikleri bolsa bellärliklidir. Şeýle hususyýetçileriň ýüzlerçesiniň obasenagat pudagynyň işiniň ilerlemegine, oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine ýardam edýändiklerini guwanç bilen aýdasymyz gelýär. Elbetde, öz öndürýän ýokary hilli önümleri bilen köpçüligiň uly hormatyna mynasyp bolanlar hakynda aýdara-diýere zat kän. Ýöne olaryň ählisi barada bir makalanyň çäginde giňişleýin gürrüň etmegiň mümkin däldigi hemmelere mälim hakykat. Emma «Dile geldi — bile geldi» diýlişi ýaly, sözümiziň guraksy bolmazlygy üçin önüm bolçulygyny döretmekde nusga alarlyk iş bitirýän hususy kärhanalaryň käbiriniň atlaryny agzap geçmek hem artykmaçlyk etmese gerek.
«Täze Aý» haryt nyşanly önümçilik birleşigi. Eti, süýdi gaýtadan işleýän hem-de köke-süýji önümlerini öndürýän kärhanalardan ybarat bu birleşik öz öndürýän önümleri bilen diňe Mary welaýatynda däl, eýsem, döwletimizde-de iň adyganlaryň biri. 4 müňden gowrak ýaş ýigitleri we gyz-gelinleri özünde jemläp, her günde azyk önümleriniň dürli görnüşiniň 100 tonnadan gowragyny öndürip, müňlerçe söwda nokatlaryna ugradýan bu birleşigiň düzümindäki kärhanalaryň işleri döwrebap amala aşyrylýar. Önümçilikler giňeldilip, öndürilýän azyk önümleriniň görnüşleri artdyrylýar, hili ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, eksportyň mukdaryny köpeltmek hakyndaky tabşyryklaryny özüne ýörelge edip, yzygiderli döredijilikli iş alyp barýan birleşik «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basmak bilen, häzir öňküdenem hyjuwly işleýär. Täze ýylda täze-täze üstünlikleri gazanyp, önümleri köpeldip, mukdaryny artdyryp, alyjylary begendirýär.