Soner SAGLAM,
dosent, doktor (Türkiýe)
Özüniň ylmy işleriniň hemmesini diýen ýaly türkmen şahyrlarydyr ýazyjylary bilen, olaryň döreden eserleriniň kämil nusgalary bilen türk okyjylaryny tanyşdyrmaga bagyşlan, Türkiýäniň Pamukkale uniwersitetiniň dosenti, ylymlaryň doktory Soner Saglam beýik Magtymgulynyň eserleriniň tankydy teksti hakynda 2013-nji ýylda çap edilen makalasyndan başlap, tä golaýda okyjylara gowşan «Garaşsyzlyk döwrüniň türkmen edebiýaty» atly türk dilindäki kitaba girizilen makalalaryna çenli başda saýlap alan ylym ugruna wepaly bolup gelýär. Onuň 2020-nji ýylda neşir edilen «Türkmenistan Çocuk Edebiyatı (Dönemler-Temsilcileri-Türler)» atly möçberi 474 sahypalyk kitaby bolsa tutuşlygyna türkmen çagalar edebiýaty baradadyr. Türk alymy, dosent, doktor Soner Saglamyň türkmen alymyna, şahyryna we onuň terjimesine bagyşlan bir makalasyny türkçeden türkmençä geçirip, hormatly okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.