Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa diýseň uludyr. Myhmansöýer halkymyz hemişe dost-doganlygyň, agzybir gatnaşygyň ýarany bolupdyr. Her bir ýurduň, sebitiň ählitaraplaýyn ösmegi üçin beýleki yklymlar bilen gatnaşyk hökmany şertleriň biri bolup durupdyr. Halkara gatnaşyklary, şonuň bilen birlikde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde häzirki döwürde myhmanhanalar nähili orun eýeleýän bolsa, gadym döwürlerde olaryň wezipesini kerwensaraýlar ýerine ýetiripdir.
Müňýyllyklaryň taryhyny özünde jemleýän bu toprak ençeme ruhy-medeni, syýasy we ykdysady ösüşleriň merkezi bolup gelýär. Diýarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, ähli kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi hem bu ösüşe esasy oňyn täsir eden ýagdaýlaryň biridir. Gadymy Ürgenjiň, Amulyň, Merwiň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Dehistanyň ady tutulanda ösen medeni öwüşginleriň ählisi aňymyzda janlanýar.